Gadym zamanlarda Eýran şasynyň bir Ahmet atly akyldary bolup,şa ony diýseň ýagşy görýän eken.Halk arasynda oňa bilgiçlikden başy çykýan,öňdengörüji adam diýip,uly hormat goýýar ekenler.şa hem onuň şeýledigini subut etjek bolup,onuň garşysyna her-hili pirimler gurar eken.Emma Ahmet hiç özüniň öňdengörüji däldigini,ähli zady Allandan başga hiç kimiň bilip bilmejekdigini gaýtalar eken.Emma şa öz pikirinden dänmän,ýene-de bir hile gurnapdyr. Günlerde bir gün olar iki bolup,tokaýa seýle çykypdyrlar.Görseler tokaýda bir adam agaç çapýarmyş.şa Ahmede ýüzlenip: -Bu adam kimkä? -Agaç ussasy bolmaly. -Be,ol ýaňy näme iýdikä? -Bal iýen bolsa gerek. -Onuň ýaly bolsa onuň ady nämekä? -Edil meniňki ýaly Ahmet bolmaly,diýen.O barmana şa ol adamyny ýanyna çagyryp,dogrudanam onuň agaç ussasydygyny, ýaňy bolsa bal iýendigini,adynyň Ahmetdigi anyklaýar we akly haýran bolup: -Aýtmadymmy sen öňdengörüji diýip,indi boýnuňa alaý.Eger sen öňdengörüji bolmasaň, eýsem sen bu zatlary nirden bilýärsiň?diýen.Onda Ahmet: -şahym men dogrudanam, öňdengörüji däl.Men onuň agaç ussasydygyny onuň öz işine gerek,oňadyrak agaçlary saýlaýşyndan bildim, ýaňy bal iýenini agzynyň töweregindäki arylary sögünjiräp,kowşundan bildim.Adynyň Ahmetdigini bolsa haçanda siz meniň adymy tutup ýüzleneniňide özüni çagyrýandyrlar öýdüp,bize gaňrylyp serdişinden bildim,diýen.

Köneler, Servi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir