1991-nji ýylda Alp daglarynda buzluklaryň arasynda doňan erkek kişiniň jesedi tapylýar. Bu ýerde haýran galdyrýan esasy zat, ol kişiniň mundan 5200 ýyl öň ýaşap geçendigi we jesediniň buzluklaryň arasynda häzirki güne çenli hiç hili zaýalanman saklanyp galandygydyr. “Alp Çopany” ady berlen bu jesetde ünsi çekýän ýene bir zat bar. Ol hem ýüzünde sakgalynyň ýoklugydyr. Arheologlaryň aýtmaklaryna görä erkekler gadym wagtlarda hem sakgallaryny syrýan ekenler. Gowaklaryň diwarlaryndaky ol döwürden galan suratlar sakgal syrmak üçin gabyklaryň, akula balygynyň dişleriniň, iň köp hem ýitileşdirilen çakmak daşynyň ulanylandygyny görkezýär. Müsürde açylan mazarlarda gadymy müsürlileriň b. e. ö. 4-nji asyrlarda sakgal syrmak üçin ulanan altyndan we misden gurallary tapylypdyr.
Gadym wagtlarda erkekler sakgallaryny nähili syrýardylar?
-
ozik
13 years ago
- adgjmptw gyzykly eken dost minnetdar!
-
Ayazdayy
13 years ago
- Gyzykly sheyle maglumatlary kopirak yazyp dur.
-
Yegen
12 years ago
- Gyzykly maglumatlar.
-
tankytchy
12 years ago
- boljak
-
aldarkose12
12 years ago
- saol dost!
menbet 13 years ago- Gyzykly ekenay nireden tapyangay munung yaly maglumatlary?