bir çopan aşgabada gitmek üçin samolýota münjek bolýamyş. elinde-de bir semiz goýun diýýä. aeroportda: -ýaşuly, bu goýny nirä alyp barýaň? samolýota goýun salmak bolanok. -aý, inim! bu goýun däl, bu para-peşgeş. „goýun“ bolsa aşgabatda institutda okaýar. özüne göwni ýetýän bir çopan, beýik daga çykýamyş. görse, ol ýerde-de özüne göwni ýetýän bürgüt otyrmyş. çopan bürgütden soraýar: -eý, bürgüt! hany, maňa aýt. sen nädip uçup bilýäň? bürgüt asmanda uçmagyň kyn iş däldigini düşündirýär: -ine, şeýle. özüňi bu gaýadan aşak göýberýäň we uçmaga başlaýaň. men şeýdip uçýan. meniň kakamam, kakamyň kakasam, kakamyň kakasynyň kakasam şeýdip uçýadylar – diýip, özüni gaýadan göýberýär we bir salymda howada gözden ýitip gidýär. çopanyň hem bürgüt ýaly uçasy gelýär we gaýadan özüni göýberýär. bir salymdan soň howada aşakdaky sesler ýaňlanmaga başlaýar: -wa-a-a-a-ah, seniň özüňem, kakaňam, kakaň kakasynam, kakaň kakasynyň kakasynam……. 2 köpeltmek 2 – näçe bolar.? nagt bolsa – 4 bolar, bir ýerden alsalar – 3-den bolar, bank üsti bilen hasaplaşsalar 5-den bolar. ýokary okuw jaýyna girmek üçin ekzamende sorag soraýarlar: -siz puşkini tanaýaňyzmy? -ýok. -magtymguly, zelili, kemine bilen tanyşlygyňyz nähili? -bularam tanamok. -berdi kerbabaýew, kerim gurbannepesow dagylary bir tanaýaňyzmy? -bular bilenem tanyş däl. -gidip bilersiňiz. indiki ýyl geliň. ekzamen tabşyryp bilmedik dostumyz keýpiz gapydan çykýar. daşardakylar ondan soraýar: -nätdiň? geçdiňmi? -ýok-laý, tanyşyň bolmasa geçirenoklar-laý. meniň bolsa tanaýanym ýok… mugallym okuwçylara diýýar: -kim özüni samsyk hasaplaýan bolsa ýerinden tursun. hiç kim ýerinden gozgananok. bir salymdan soň ependiň ogly ýerinden turýar. mugallym: -näme ependiýew, sen özüňi dogrudanam samsyk hasaplaýaňmy? -ýok. -onda name ýeriňden turduň? -ýeke özüňiz dik duraňyzsoň, size ýoldaş bolaýyn diýdim-laý… iki serhoş duşuşýalar we irden giç agşama çenli “bellemäge başlaýalar”. biri beýlekisine diýýär: -dos-s-s! ýene-de az-za-jyk içelimi? -häzir, men barlap göreýin. eger men ýerimden turup iki ädim adip bilsem, onda hokman iç-çeris. eger ýykylaýsam……, onda men öýe gaýtjak. ýigit bilen gyz kinoteatrda hindi kinosyny görüp oturlar. gyz oglandan soraýar: -nähili pikir edýäň, iň soňunda olar öýlenerlermik-ä? -dagy näme! şular ýaly kinolaň soňy gynançly gutarýar ahyryn. bir amerikan bir orsdan soraýar: -bagyşlaň, orslar köp arak içýä diýýäler, şol dogrumy? siz bir stakan arak içermisiňiz? -elbetde! duza basylan hyýarjagaz bilen içsem hemmesi gül ýaly bolar. -a üç stakan içermisiňiz? -elbetde! üç stakany uç sany hyýar bilen içerin, gürrüňi bolmaz. -a ýüz stakan içermiň? -gulagyň galýamy? onça hyýary men nadip iýeýin!? iki dostyň gürrüňi: -bilýäňmi, düýn agşam şeýle bir zat boldy! gidip barýadym welin, bir oglany üç bolup urup duran ekenler. aý, menem onsaň, kömek edeýin diýdim. -berekella! gör sen nähili batyr! ýeri onsaň kömek etdiňmi? -elbetde. sen bir görsediň biziň dört bolup ony ýenjişimizi…. -seniň eliň meniň jübimde name işleýär? -otlyçöp gözleýän, agam. -adam ýaly sorasaň bolmaýamy? -soramaga utandym-da...
Degishmeler
-
Satmak
13 years ago
- Ekzamen tabshyrmaga gelen talypdan mugallymy sorayar: yurdumuzyn chig mal bazalary diyip nama dushunyan. Talyp: goyunyn bishmedik eti bolaymasa.
-
Ayazdayy
13 years ago
- bir oglan bilen bir gyz dost eken olar say sebaplere gora bir kwartirada bolupdurlar ertesi bular tiyatra girmek uchun bilet gozleyarler yone birje bilet taypyarlar onso oglan gyza bileti berip sen gir men divardan ashayarynda diyipdir. Gyz oglana sen birje yassykdan ashyp bilmedin diwardan nadip ashjak diyipdir.
-
yhlasgok
13 years ago
- ayazdayy name un shol oglan gyz bn bir kwartirada bolubam oglan yassykdan ashyp bilmedika
-
idealman
13 years ago
- hehe.nejis dal shutkalar))))
-
nokia5800
13 years ago
- malades
-
Adgjmptw
13 years ago
ýokary okuw jaýyna
girmek üçin ekzamende
sorag soraýarlar:
-siz puşkini tanaýaňyzmy?
-ýok.
-magtymguly, zelili,
kemine bilen tanyşlygyňyz
nähili?
-bularam tanamok.
-berdi kerbabaýew, kerim
gurbannepesow dagylary
bir tanaýaňyzmy?
-bular bilenem tanyş däl.
-gidip bilersiňiz. indiki ýyl
geliň.
ekzamen tabşyryp
bilmedik dostumyz keýpiz
gapydan çykýar.
daşardakylar ondan
soraýar:
- nätdiň? geçdiňmi?
-ýok-laý, tanyşyň bolmasa
geçirenoklar-laý. meniň
bolsa tanaýanym ýok…
hahahahahahahahahahahahahahahahahaha
-
alo
13 years ago
- balaga girmaney kan!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!
Satmak 13 years ago- Mugallym okuwcylarna : hazir bize barlag geljek eger barlag gelen wagty kici meydan edesiniz gelse 1 barmagnyzy, uly meydan edesiniz gelse 2 barmagnyzy galdyryn diyyar. Barlagcy gelya yza gecip oturya. Mug.bir okuwcyny one gecirip 10-y 5-e bolsen nace bolya diyya. Barlagcy okuwca komek etmek u.n eli b.n 2 diyip gorkezya. Onda okuwcy: mug.barlagcymyzyn uly meydan edesi gelya.