ÝEDI TOPAR ADAM Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýdýar: „Ýedi topar adamy Allah Tagala Kyýamat gününde Öz Arşynyň kölegesinde gorar (saýalar). Sebäbi şol gün şondan başga kölege boljak däldir.. 1)Adyl (adalatly) hökümdar. 2)Beýik we Kadyr Allahyň razylygyny gazanmak üçin öz ýaşlygyny ybadata bagyşlan ýaş ýigit (gyz). 3)Kalby mesjidler (ýagny jemagat bilen) bilen bagly bolan adam. 4)Bir-birini diňe Allahyň razylygy üçin söýýän we diňe şonuň üçin birleşýän we aýrylyşýan iki adamy. 5)Abraýly we owadan aýal maşgala tarapyndan zyna etmeklige çagyrylan wagtynda „Men Allahdan gorkýaryn“ diýip ýüz öwüren adam. 6)Sag eli bilen beren sadakasyny çep eli bilmejek şekilde gizlin berýän adam. 7)Ýekelikde Allahy ýatlanda gözleri ýaş bilen dolan adam. (Buhary we Müslim).
HADIS 13 (onuchunji)
-
yslam
13 years ago
- 4)Bir-birini Allah (jelle jelaluhu) üçin söýmek we Allah (jelle jelaluhu) üçin ýigrenmek imanyň iň ýokary alamatlaryndan biridir. Şol häsiýete eýe bolmak üçin uly täsir gerek, hidaýet we kämil iman gerek. Adamlary söýmäniň esasy sütüni Yslamda takwalykdyr. Bir ynsany Allah (jelle jelaluhu) näçe söýýän bolsa, musulman bende hem şol adamy şol mukdarda söýmeli, ýagny ölçeg şoldyr. Bir adamy näçe gowy görýän bolsaň hem ol adam takwalykdan daşlaşsa, Allahyň buýruklaryna ters ýörese ony musulman bende söýip bilmez. Sebäbi onuň söýgüsi diňe Allaha baglydyr we ölçeg şoldyr. Mu'min öz arzuw isleglerini doly Allahyň (jelle jelaluhu) isleýşine boýun egdirmäni başarýan adam bolmalydyr. Şonuň üçin Allah Tagala Özüniň razylygy üçin bir-birini söýýän, aralaryndaky söýgini diňe Beýik Allaha (jelle jelaluhu) bolan söýgi üstinde guran adamlary diýseň gowy görýär. Ol hemişe şolary Öz penasynda saklar. 5)Bir adam Allahdan gorkup zyna ýaly özüne diýseň çekuwjy zatdan saklanyp bilýän bolsa, bu amaly onuň iman güýji, erada, özüne bolan güýçli erk we yhlasyna delildir. Has hem şol günäden saklanmagyň şertleri özüne çekuwjy we gizlin bolsa, sogabam şonçada artýar. Bu hadysda şonuň aňry başy beýan edilýär. Size özüni binika teklip edýän hem baý, hem asylly, hem owadan we üstesine özi razy bolup sizi çagyrýar. Hiç kim görenok we eşidenok, siziň diňe „hawa“ diýmegiňiz ýeterlik. Ana şonda kalbyňyzdaky Allahdan bolan gorky bilen saklanmany başarmak gaty uly derejede sogapdyr. Bu hemmelere başartmaýan amaldyr. Şu günki şohwetden kellelerini, edep-haýa, ar-namys, erkeklik derejesini we musulman agraslygyny ýitiren adamlara seredip göriň. Aýal-gyzlaryň razylygyny gazanmak üçin, zyna iş üçin özleri it ýaly ylgaşyp ýörler. Şöhwet musulmanlaryň iň gowşak ýeridir, oňa garşy diýseň seresap bolmak gerek. Onuň üçin imanyňy berkitmek we öz erkiňi güýçlendirmek gerek. Ýogsa bu kesele garşy duryp bilmek diýseň kyn bolar, has hem şu bozgak eýýamda we zynanyň adaty zat bolup galan zamanynda kyn bolar.. 6)Sadakany sag eli bilen berenini çep eli hem duýmaýan derejede bolmak diýmek, sadakany diňe Allah (jelle jelaluhu) üçin berýär we hasaplap durmaýar, gowulyk edensoň derrew unudýar. Muzduny we sogabyny diňe Allahdan (jelle jelaluhu) garaşýar. Onuň amalynda birjik hem riýa ýada başga bir bähbitli pikir ýokdyr. Ol gysgançlyk näme, riýa näme we abraýa kowalaşmak näme... ol zatlary bilmez. Onuň kalby päkdir we bütin amallary halys Allah (jelle jelaluhu) üçindir.. 7)Ýedi sany halas boljak toparyň iň soňkysy, ýekelikde Allaha (jelle jelaluhu) ybadat edýän bendedir. Ol Allah (jelle jelaluhu) gorkusyndan gözýaş döker, sebäbi onuň diýseň inçe, duýgyr, edep-haýaly we iman doly näzik kalby bardyr. Onuň ýekelikde ybadat etmeginiň sebäbi bolsa iň howply kesel bolan riýadan goranmak we öz Robby bilen ýekelikde muhabbet etmek, Oňa içini dökmek, syr we dertlerini paýlaşmak, dileg we sejdeler etmekdir. Bu bolsa şu adamyň Allah Tagala bilen dost bolup bilendigini aňladýar. Siz Allah (jelle jelaluhu) üçin iň soňky sapar haçan gözýaş dökdiňiz? Eý musulman dogan, Kyýamat güninde masgara bolmazlyk üçin, bolmanda Allah Tagalanyň söýýän şu 7 waspyndan birini bir edin ahyryn. Belki Allahyň rahmeti bilen bagyşlanarsyňyz inşallahu tagala.
-
menbet
13 years ago
- yslam sag bol oran manyly eken.
-
ozik
13 years ago
- yslam aga paylashan maglumatlarynyz u.n Tanry yalkasyn!
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bolun yslam aga. Ellerinize guller bitsin, alla sizden razy bolsun. Howes b.n indiki hadysa garashyas.
-
muzazzi
13 years ago
- alla senden razy bolsun.kop-kop sagbol
-
Diamond
13 years ago
- Sag bol Yslam! Tañryýalkasyn!
-
Diamond
13 years ago
- Sag bol Yslam! Tañryýalkasyn!
-
Adgjmptw
13 years ago
- .
yslam 13 years ago- Allah Tagalanyň Kyýamat gününde şu adamlary öz arşynyň kölegesinde kölegelendirmesi olary ýalkajagynyň alamatydyr. Olaryň ýalkanmagy Allahyň razy boljak amallary etmeklikleridir. Şol ýedi häsiýetiň haýsy hem bolsa Allah Tagala şol adamy söýýär. Allah Tagala şol häsiýetleriň adamlarda döremegini isleýär we höweslendirýär. Her bir häsiýet şol adamyň kalbyndaky imany we päkligi görkezýär, çuňňur takwalygyny we giň hikmetini aňladýar. Şolaryň birinjisi Adyl hökümdar. Adalat diýmek-Şerigat diýmekdir. Hikmetli bolmak, giň garaýyşa beýgelmek, nebisden päklenmek bilen bolýär. Hökümdar bütin ýurtdaky ilatyň her birine aýratynlykda jogap berýär. Ol hemme adamlaryň hak-hukugyna jogap berýär, olary gorap alada etmek onuň borjudyr. Bu bolsa diýseň kyndyr we köp yhlas edip, köp işlemäni talap edýär. Şonuň üçin şeýle adamyň sogaby şonuň ýaly ulydyr. Onuň Allahdan gorkusy uly bolmasa, ol şu işleri edip bilmeýär. 2)Ýaşlygynyň güýjini,zehinini, saglygyny Allah (jelle jelaluhu) ýolunda sarp eden ýaş ýigit. Ol ýaşlygynyň bütin lezzetli we özüne çekuwjy zatlaryndan saklanyp, (Allahyň razylygy üçin) özüni diňe Allaha ybadata we ytagata berýär. Garrylykda adamy şeýlede köp günä işler we lezzetler özüne çekmeýär, sebäbi şolara islegi ýitýär we ýaramaýar. Elbetde bir zady isläp durkaň saklanmagyň sogaby, islemäňde we şoňa ýaramaňda saklanmagyň sogaby ýaly däldir. Elbetde Allah (jelle jelaluhu) bagyşlaýjy we geçirimlidir, rahmetiniň çägi ýokdur. Ýöne Allah (jelle jelaluhu) adalatlydyr we elbetde ýaşlygyny Allaha bagş eden adam garrylykda toba gelen adam bilen deň bolmaz. 3)Kalby mesjidlere bagly bolan adam (umumy jemagat bilen bagly bolan adam) diýmek-5 wagtyna mesjide namaza gatnaýan adam, hemişe mesjidiň hyzmatynda bolan musulman. Onuň kalby mesjide bagly, hemişe şol mesjidiň işleri bilendir. Mesjid-Allahyň öýidir we elbetde onuň adamyň iman we takwalygyna uly täsiri bardyr. Resulullahyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) şony aňladýan birnäçe hadyslary bardyr. Mysal üçin : „Jemagatda okalan namaz öýde okalan namazdan 27 esse sogaby köpdir“ ýada „Mesjide (jemagada) gatnaýan adamyň her äden ädimine bir sogap ýazylyp bir günäsi öçüriler“ we ş. m.. Bu hadyslaryň hemmesi mesjidiň (ýagny jemagadyň) musulmanyň ýaşaýşyndaky roluny görkezýär. Gynansak hem şu döwürde musulmanlar jemagatlardan diýseň daşlaşyp, onuň ajap täsirinden, agzybirligi sazlaýjy häsiýetinden, jemagat duýgusyndan, ytagat düşünjesinden daşlaşýarlar (mahrum galýarlar).