PÄKIZE KALP Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem)-den soradylar: „Adamlaryň içinde iň haýyrlysy kimdir? “. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şeýle jogap beripdir: „Kimde dogruçyl dil bilen päkize kalp bar bolsa, iň haýyrlysydyr“. Sahabalar sorapdyrlar: „Dogruçyl dil diýýäniňe düşündik welin, päkize kalp diýýäniňe düşünmedikle? “. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şeýle jogap beripdir: „Şol adamyň kalbynda arassalyk we ýagşylyk (agraslyk) bardyr. Şol kalp bütin günälerden azatdyr we şonda ýigrenç, adalatsyzlyk we görüplik ýokdyr“. (Ibn Mäje) ŞERHI: Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) haýyrly adamda iki sany esasy häsiýetiň bolmalydygyny aýdýar: 1)Dogruçyl (häsiýet) dil. Ýagny ýalan geplemezlik, diliňi gybat, töhmet, ýamanlyk, paýyş sözlerden saklap goramak, diliň bilen Yslama zyýan getirmezlik, musulmanlara ezýet bermezlik, musulmanlary ýamanlamazlyk, syr we amanatlary paş etmezlik, diňe haýyr geplemeklik, ýagşylygy buýurmak we ýamanlykdan gaýtarmaklyk, Allahy zikir etmeklik we ş. m... Hakykatdan hem diliňi goramak barada Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) köp hadyslar aýdyp geçipdir: „Adam bir söz aýdar we bilmez (üns) hem bermez, emma welin şol söz sebäpli 70 ýyllyk Dowzaha uçrar..“ ýa-da „Kim iki budunyň arasyndakyny we iki dodagynyň arasyndakyny dogry saklasa, men şoňa Jennete girjegine kepil boljakdyryn“.. Şu we şuňa meňzeş hadyslar diýseň köp. Sebäbi dili saklamak diýseň kyn amallaryň biridir. Şeýtan hemişe adama günä söz we bilmeýän zadyny gepletmek isleýär.. 2)Indi bolsa kalp päkligi barada aýdaly. Adamda iň esasy häsiýet bolsa-Kalp päkligidir. Sebäbi dildäki sözler hem adamyň kalbyndan gelýär we şoňa baglydyr. Bu häsiýetiň manysy has kyn (çylşyrymly) we has agyrdyr. Şonuň üçin sahabalar Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem)-dan has giňişleýin düşündirmegini isleýärler. Yslam alymlaryna görä adamyň akly kalpda we iň esasy beden we ruh agzasy hem kalpdadyr. Şonuň üçin Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) kalp barada birnäçe hadyslary bardyr. Mysal üçin: „Adamyň bedeninde bir et bölegi bardyr. Şol et bölegi gowy bolsa bütin bedeni salamat bolar. Şol bölek et zaýa bolsa, bütin bedeni zaýa bolar. Şol et bölegi Kalp dälmidir? “. Iň haýyrly adamyň kalbynda diňe ýagşylyk, gowy niýet, päklik we agraslyk bardyr. Şol häsiýetleri Allahyň Resuly (sallaLlahu aleýhi we sellem) dört maddada jemleýär: 1)Kalbyň günälerden arassa bolmagy, azat bolmagy. Ýagny kalbyň hiç bir günä işe bagly bolmazlygy, hiç bir günäni söýmezligi, şoňa ýesir bolmazlygy. Ynsanyň kalbynda diňe Allaha we Allahyň söýýän zadyna söýgi bolmaly. Kalp günä we günäniň täsirinden, isleginden azat bolmaly. 2)Ýigrenç, kine musulmanyň kalbynda ýokdyr. Musulman diňe Allah üçin söýmeli we Allah üçin ýigrenmeli. Ol hiç bir adamy öz nebsi üçin ýigrenmez. Musulman doganyndan bolsa hiç wagt öýke-kine saklamaz. Şol barada Resulullahyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) birnäçe hadyslary bardyr. Mysal üçin: „Musulmanyň musulmana üç günden köp öýkeli bolmagy dürs däldir“. Musulman hiç kimi nähak ýere ýigrenmez, ol öz kalbyny şeýle biderek we haýyrsyz zatlar bilen meşgul etmez we arassa kalbyny hapalamaz. 3)Musulmanyň päk kalbynda adalatsyzlyk bolmaz. Ol kalp hemme zada adalat bilen çemeleşer. Adalat bolsa her adamyň ýada belli bir toparyň bähbidi we nebsi islegi däldir. Adalat öz hereket we duýgularyňy, garaýyş we düşünjäňi Allahyň şerigatyna (buýruklaryna) boýun egdirmekdir. Şol seniň arzuw we islegleriňe ters bolsa hem, halamasaň hem boýun etmekdir. 4)Musulmanyň kalbynda göriplik hem bolup bilmez. Ýagny görübilmezçilik, sygdyrmazlyk, gysganmaklyk ýokdur. Şol kalp hiç wagt başga musulmanlaryň üstünligini gabanmaz, gaýta şoňa begener. Hiç wagt başga adamyň baýlygyna göz gyzdyrmaz. Başga bir adamyň özünden üstin bolmagy sebäpli oňa ýigrenç döremez. Ol kalbyň başga aladalary bardyr we şolaryň içinde iň esasysy öz nebsini düzeltmek we Allahyň razylygyny gazanmakdyr. Musulman şahsyýet hemişe öz kalbyna soraglar sorap, şol häsiýetler özünde bar-ýoklugyny barlap durýandyr. Bar bolsa derrew terk etmek bilen bolmaly we kalbyny päklemek bilen bolmalydyr. Şeýle häsiýetleriň kalbynda öz-özünden döremegi mümkin däl. Kalbyň şeýle derejede kämilleşmegi diňe Yslama berk ýapyşmak bilen mümkin bolar.
HADYS 11 (onbirinji)
-
Bibisara
13 years ago
- zerre yaly hayry hasapsyz goymayan rebbim su hadyslar bilen yaslan kalbyny nurlandyryanyn ucin sanada gerek sogabyny bersinda Yslam aga
-
Bibisara
13 years ago
- Yslam aga diyyan gaty gormersinda yashyny bilemok. Iller diyya diyip diyaydim:-)
-
best
13 years ago
- salam. Bibisara sana goshulyan bu hadyslary halka yetirmek men pikirimce uly sogap. Yslam aga alla razy bolsun senden.
-
Ayjagash
13 years ago
- Sizden alla razy bolsun yslam aga. Tanry yalkasyn.
-
yslam
13 years ago
- Alla hemmamizden razy bolsun!
-
Rain
13 years ago
- Tanryyalkasyn Yslam.
-
Rain
13 years ago
- Tanryyalkasyn Yslam.
-
Rain
13 years ago
- Tanryyalkasyn Yslam.
-
Rain
13 years ago
- Mumkin bolsa bir soragym bar.
-
Adgjmptw
13 years ago
- .
-
muzazzi
13 years ago
- sagbol
-
enesh91
13 years ago
- Sagbol islam aga!
men buny dine ozum dal yanymdaky gyzlarada okap berdim.
olarynam size sagboly bar.
-
asiya
13 years ago
- sagbol yslam agza menem pygamberimiz (s.a.w) aydan sozlerinden çykmajak bolarn enshalla....
hemmamize allatagallañ jemalyny gormek pygamberimiz (s.a.w) bn bir saçakda oturmak onuñ ellerinden opmek nesip etsin (amin enshalla)
-
asiya
13 years ago
- sagbol yslam agza menem pygamberimiz (s.a.w) aydan sozlerinden çykmajak bolarn enshalla....
hemmamize allatagallañ jemalyny gormek pygamberimiz (s.a.w) bn bir saçakda oturmak onuñ ellerinden opmek nesip etsin (amin enshalla)
Melike86 13 years ago- Sag bol minnetdar, shular yaly hadyslaryn howru kop bolsun!