Mylly aga bagyşlaýaryn“ Ölüm ýassygynda ýatyrdy Ene. Gapynyň agzynda otyrdy ajal. Ene balasyna ýüzlendi ýene: » Getir dutaryňy, Çal, köşegim çal! Gözlem ýümulsa-da çalyber oglym, Belki ol ýumulan gözlerimi açar« Çaldy ogly, çaldy, ýene-de çaldy, Bir aýlap yzyna serpikdi ajal, Ýene erbetleşdi enäniň haly. Ene ýene didy: çal, köşegim çal! Çaldy ogly, çaldy¸ ýene-de çaldy. Ýene-de bir aýlap serpikdi ajal Ýene agyrlaşdy enäniň haly. Ýene Gaýtalady:» çal, batlyrak çal! « Çaldy ogly, hasam batlyrak çaldy. Bu gezek üç aýlap serpikdi ajal. Ýokmyşyn diýärler gudrat diýen zat, Bu gudraty görse gudratam gaçar. Dünýäde hemmeler saz çalýan bolsa, Meger, başyn alyp gaçardy ajal. Ýene-de hayýalap başlady Ene. Ene didi: demim bolmanka tamam, Gyrk ýylap içimde berç tutup giden Bir syrymy saňa açayýn, balam. Saza senden beter aşykdym menem. Çalýana-da aşyk, saza-da aşyk. Bir gezek on alty ýaşlyja gyzkam, On alty depäniň üstünden aşyp, Gitdim goňşy oba saz diňlemäge, Çalýardy dutary bir gerçek ýigit. Palçykdan adamyň şekilini ýasasaň, Şoň-da saz bilen jan berjek ýigit Ýetende küküräp iň belent perdä, Näme bolanyna özümem haỳran Ýigidiň gujagyna okladym..... Şol ýigit hem seniň ataňdy balam Dünýäden bimyrat ötüpdi ataň. Indi şol myrada sen ýetdiň balam Tä ömrüň ötýänçä ýöret bu käri, Ýedi kowmuňa-da öwretgin balam... Gürrüňini zordan tamamlan Ene, Didi balasyna» çal, ýene bir, çal...« Çaldy ogly, çaldy, ýöne bu sapar Gaty çyny bilen gelipdy ajal. Şonda-da tamasin üzmedi Ene. Ýene pyşyrdady: çal, ýene bir çal!... Ýöne doňup galdy oglunyň eli Dutar ýere gaçdy... ýogsam-de weli Şu gezek baş alyp gitjekdi ajal. Goşgy: Kerim Gurbannepesow
Dutar bilen ajal
-
Camry
13 years ago
- Gunjagaz sag bol! Kerim agañ Mylly aga bagyshlan goshgusy, men bu goshgyñ audio ýazgysyny hem diñläpdim! Gynançly goshgy, ýenede Kerim agañ goshgularyndan ýazyp dur!
-
Camry
13 years ago
- Gunjagaz sag bol! Kerim agañ Mylly aga bagyshlan goshgusy, men bu goshgyñ audio ýazgysyny hem diñläpdim! Gynançly goshgy, ýenede Kerim agañ goshgularyndan ýazyp dur!
-
Ayjagash
13 years ago
- Gunjagaz yazyan goshgularyna sag bol.
-
gozelay
13 years ago
- gunjagash sag bol
-
gunjagaz
13 years ago
- siz halasanyz bolya, yene goshgy kan yazyp durarn okan!!!
Adgjmptw 13 years ago- Kerim agañ goshgularyny näçe okasañ-da, shonça-da ýene okasyñ gelýär. Elleriñe güller!