Salam, hormatly agzalar! Men $u temany açmak bilen durmu$da uly rola eýe bolan "söýgi" barada öz pikirimi hemem siziñ pikirleriñizi aýdyñla$dyrmak. Pikir edýänsiñiz, "bu nähili adam-aý?! Iki gepiniñ biri söýgi. Ba$garak gürrüñ tapyp bilmeýärmikä?!" diýip. Ýöne maña dogry dü$üniñ! Köpler söýgüni geldi-geçer, wagtlaýyn salgyma kowala$mak diýip dü$ünýärler. Bagy$larsyñyz, siziñ arañyzda-da $eýle pikir edýäniñiz bar bolmagy mümkin. Men $u söýgi bilen bagly bolan her bir wakalara, eserlere, filmlere gowuja üns berýän welin, $eýle zatlaryñ hakykatdan-da bolaýmagynyñ, matematiki dilde aýtsak, ähtimallygynyñ gaty uludygyna dü$ünýän. Ýa bu diñe biziñ ýa$ymyzda $eýlemikä? Beýle diýseñ köp $ahyrlaryñ, ýazyjylaryñ eserleri bu pikirimizi hem puja çykarýar oturyberýär. Men-ä nähili dü$ündirjegimi hem bilemmok. Asla söýgüsiz durmu$y göz öñüme getirip bilemmok. Hut $unuñ üçinem söýgi hakdaky her bir eser, waka meniñ dünýäme ýakyn ýaly bolup dur. Sözüm gury gitmez ýaly, $u ýerde A.Kekilowyñ "söýgi" romanyndan bir bölek getiräýeýin:---"söýgüdir,dostlarym,durmu$yñ täji,/tapy$mak süýjüdir,aýralyk ajy./ajysyz süýji ýok,tikensiz gül ýok,/gül y$kynda saýramadyk bilbil ýok.

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir