Hormatly agzalar! Meñ bir klasda$ym-dostum bar. Ady-atageldi. Häzir ol hem minskide okap ýör. Oñ bilen $eýleräk bir waka boldy. Obada ýa$aýanlaryñyz bolsa bilýänsiñiz. pagta ýygym döwri $eýle bir gyzgalañly döwür bolýar. Hasam ýa$ oglan-gyzlar üçin. Eger goñ$y-golamlardan biri ýa-da dostlarmyzdan biri pagtasyny ýygdyrsa, hökman kömekle$ilýär. Pagta-da ýygylýar welin, esasanam, günüñ a$agynda pagta ýygyp ýören gyz-gelinlere suw eltip bermeli bolýar. Umuman, gyzykly-da... Ine,$eýle günleñ birinde menem dostum bilen pagta meýdanynda ýeti$ibilmän daýhanlara hyzmat etýärdik. Pagtaçylañ arasynda-da her hilisi bolýar: alçaklygy bilen içiñe-da$yña geçip derrew özüni aldyrýanlary-da bar, zordan agzyndan ýekeje söz alyp bolýanlary-da. Ynha, dostuman $eýle alçak gyzlañ birini söýdi-de oturyberdi. Ýöne bir söýmegem däl, $ol gyzyñ ugrunda me£nuna dönäýdi. Sypynsa, $ol gyzyñ ýanyna baraýanyny kem görenokdy. Öz aýdy$yndan çen tutsañ-a, $em$adyñam dostumda göwni ýok däl bolmaly. Edil biri-birine "söýýän" diýmeselerem, gatna$yklary söýgi derejesine barypdyr. Ine, bir günem özümizden 2-3 ýa$ uly bir sähet atly obada$ oglan gelip, gaýdyp $em$adyñ ýanyna barmaly däldigini, ol gyz bilen özüniñ söýü$ip ýörendigini, basym toýlarynyñ boljakdygyny biraz haýbat atybrak aýtýar. $ol gürrüñden soñ atageldi $em$atyñ ýanyna barmasyny, umuman, gatna$ygyny düýbünden kesdi. Pikir edäýmäñ, $ol sähetden gorkup $eýdendir öýdäýmäñ! Ýok, ol $em$adyñ özüni $u wagta çenli aldadyp ýöreni üçin $eýtdi. $em$at bilen dü$üni$jek hem bolmady. Ine, $eýdibem ikimizem sag-aman döwlet ekzamenlerinden geçip, belarussiýa okuwa gaýtdyk. Atageldi $em$ady hiç hili agzamasa-da, men henizem onuñ ýüreginde umyt bardygyny añýardym. "durnañ üstüne urna" diýil$i ýaly,ine bir günem obadan "sähet öýlenýär" diýen habar gelip gowu$dy. $ondan soñ-a, atageldi halys dünýeden doýan adama meñzäp ugrady. Biz-ä, dogrusy, gorkubam ugradyk. Okuwna-da barmady, komnata-da ýarygije gelmäni çykardy. Ozalam kän gepläp baranokdy welin, $ondan soñ-a halys güñ ýaly dymyp gezmäni çykardy. Bir günem öý bilen gürle$emde, $eýle bir $atlykly habar aldym. Asyl sähetiñ öýleneni çyn eken, ýöne ba$ga bir gyza öýlenipdir. (ýeri gelende aýtsam, sähet içegendi. Dostumyñ esasy ýanýan zady hem $udy.) bu habary basymrak aýtmaga howlukdym. Bardym,derrewem bu$ladym. Dostum nädendir öýtýäñiz?! Bu ýagdaýdaky adamyñ bol$uny özüñiz göz öñüne getiriberiñ! Ykbal öwrümleri-dä..!
"ykbal öwrümleri..."
-
Jereen
13 years ago
- Hawa In$allah soygusine gow$ursun Allam. egerde nesibesinde bolsa gitjek yeri bolmaz In$Allah :) Gowy yazylypdyr, ellerinize saglyk.
-
guljagas
13 years ago
- soygi hemme zatdan guyclidir, hasam biri birine bolan soygisi. allajan nesip bolsa dusurar olan ikisinem.
-
Camry
13 years ago
- Dostuña bu habary bushlap gaty gowy kömek edipsiñ Friendship! Eger sen alada etmedik bolsañ ol entegem näçe wagt dünýeden doýgun gezjek eken, arasynda biri-biriñ aladasyny edip göwnüni götermekden, kömek etmekden uly bagt ýok bolaýmasa!
-
berdihan
13 years ago
- men goldayan ahlinizi
-
ozik
13 years ago
- Allajan ozi yardam etsin dostyn soygulsine gowshmagy. friendship gyzyklyja edip yazypsyn oza. Menem bir bashdan gechen we gechip duran wakany gurun beresim gelya yone gaty kop gurrun bermeli welin yaltanyan. Belkem bir gun yazaryn.
-
berdihan
13 years ago
- ozik garasyan sunu yaly mowzukda gurunleri has uns bn okayan we dinleyan yylayta su meselede soygide
-
Gurbangul
13 years ago
- Dostun yaman 4altlyk b.n el chekip bilyan eken soygusinden,sebabi diyeninde ol sahedin aydan gurrunlerine ynanypdyr,baryp shemshat b.n du6uni6man deregine ondan yuz owrupdir.name sahedin gurruni soygusinden ustun 4ykaydymy!bagy6lan welin dostunyz beydip yorese durmu6dan kyn4ylykdan ba6ga zat gormez!huday ona 2nji shansy bag6 edipdir,shona begensinde indi durmu6yna azajygam bolsa berkrak yapy6syn!
-
milayatm
13 years ago
- oran gowy waka.
Goy ykbalyn owrumleri dine gowy taraplara bolsun!
-
Friendship
13 years ago
- Ol $u wagt iki dünýe owarrasy ýaly bolup ýör. $em$at bilen näler gürle$ip dü$üni$esi gelýär. Ýöne, mtc ýapylaly bäri oba bilen, dogrusy, klasda$lar bilen aragatna$yk ýitdi diýen ýaly.
-
zagajkis
13 years ago
- bolayjak zat
-
Yazlale
13 years ago
- Hawa durmushda her durli yagdaylar bolyar.
-
gozelay
13 years ago
- oran gowy yazylypdyr sag bol
-
pokkis
13 years ago
- gaty gowy
-
Bibisara
13 years ago
- soyan adamlar size bir maslahatjyk soyan adamynyz bilen dusunisman basga adamlara ynanman how! eger friendship estmedik bolsa name? iki adamyn durmusy yalnys dusunsmekden bagtsyz bolmalymy.
-
Friendship
13 years ago
- Dogry aýtýañ, bibisara!
ashkim 13 years ago- Allajan Hudayjanyn ishidir. Belki dostunyzy oz soygusine gowshursynda.