hudayyn bize haram we guna kylan ishlerinden bizin dashda durmagymyz oran wajyp meseledir. hudayyn kanunlaryny asgermani, nebsimize gora hereket eden yagdayymyzda o dunyade bizin halas bolmany dowzaha gitmegimiz uly ahtimal. ine hudayyn gownune yaramayan uly gunalerden kabirleri: 1. huday yok diyip, ona ynanmazlyk 2. enen atana hormat goymany, olara azar bermek 3. yalan sozlemek hem oz yalanyn bilen birinin zyyan gormegine sebap bolmak 4. jadygoylik bilen meshgullanmak 5. adam oldurmek 6. zyna etmek 7. ichgi ichmek 8. ogurlyk etmek 9. ozuni oldurmek 10. haram kylynan haywanlaryn etini iymek hemde haywan soyanda doly ganyny akdyrmany iymite ulanmak bugunki gun dash toweregimizdaki adamlaryn kopusi, esasanam yash yetginjekler bu uly gunalerden dash durmaklygyn nahili wajypdygyna dushunip bilenok. eysemde her adimimizde biz zyna edyan, ichgi ichip haram ish edyan, haram etlerden iyyan adamlara dush gelip bileris. emma bizin ozumiz bu yagdaya bash goshmany gyn bolsada sheytanyn sherrinden goranyp bu uly gunalerden duybunden dashda durmaly, sebabi hudayyn sozi yekedir we bizin uchin kanundyr. hudayy sozuni asgermesek onda biz hudayyn ozuni asgermedigimiz bolar. egerde biz hudayyn sozuni asgermani edenimizi edip yorsek, onda elbetde munun jogabyny bir gun bermeli bolarys, sebabi bu dunyade jogapsyz galyan hich zat yok, gachyp gutuljak yerimizem yok. o dunyade hemme eden etmishlerimiz uchin doly jogabyny bermelidiris. dowzah ody hem dowzahda yanjaklar barada sheyle ayatlar bilen mysal getireli: “ol gun kimi yuzler agarar, kimi yuzlerem gararar. yuzleri gararanlara: “siz iman edenden son yene kapyr boldunyzmy? onda kapyr bolanynyz uchin shu azabyn tagamyny alyn” diyiler” al-imran suresinin 106-njy ayaty “shubhaniz bolmasyn, ayatlarymyzy asgermedikleri geljekde oda zynarys. derileri gowurulandan son azabyn agrysyny duysunlar diyip taze deri geydireris. shubhaniz bolmasyn, alla yokary mertebelidir” nisa suresinin 56-njy ayaty “dowzahyn onunde duran wagtlary bolsa olar: “wah, dunya tazeden iyberilsek, allanyn ayatlaryny yalanlamany, mominlerden bolardyk” diyenlerini bir gorsen” en’am suresi 27-nji ayat “olaryn herbirinin onunde dowzah bardyr, o tayda olara irinli suw ichiriler” ybrayym suresinin 16-njy ayaty “dowzah ody yuzlerini yalar, dodaklary yanany uchin dishleri syrtaryp goruner” mumimun suresinin104-nji ayaty

Köneler, cyborg tarapyndan 13 years ago
    muzazzi 13 years ago
  • CYBORG ALLA SIZDEN RAZY BOLSUN.KOP-KOP SAGBOL
    Yolotenli 13 years ago
  • Köp köp sag boluñ. :-)
    moonguse2 13 years ago
  • ay sagja bola ine tema diyip su aydaysan. gowy we manyly yazgy.
    Ayjagash 13 years ago
  • Kok sag bolun dogan yazan zatlarynyza.
    moonguse2 13 years ago
  • ayjagash kok dalde kop bilmaly.
    Ayjagash 13 years ago
  • Bagyshlan yalnyshypdyrn. Sag bolun duzedeninize.
    zumerchi 13 years ago
  • moonguse2 bilmeli dal-de bolmaly! Hihi
    ashkim 13 years ago
  • Kop kop sagbolun achan temanyza.
    berdihan 13 years ago
  • bizin yaslarymyza sunun yaly zatlaryny koprak yazmaly
    ynsan 13 years ago
  • nisa suresinin 56-njy ayaty
    “dowzahyn onunde duran
    wagtlary bolsa olar: “wah,
    dunya tazeden iyberilsek,
    allanyn ayatlaryny yalanlamany,
    mominlerden bolardyk ”
    diyenlerini bir gorsen”

    son gic bolar! Alla razy bolsyn temana, ellerine saglyk!
    berdihan 13 years ago
  • MEN PIKIRIMCE GATRY6N DOGRY AYDYLANLAR YONE GYNANSAKDA EDIP BOLAYSA SU AYDYLANLARY JAHYL BOLYASMY NAME MENA GYNANSAKDA ICGI ICYAN ARADA SYRADA WE ZYNADA ERKEK BOLSAN ETMELI BORDA HOTYABY OYLENYANCEK
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri