MUFLIS KIMDIR. Ebu Hureýra (radyýAllahu anhu) rowaýat edýär: Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) bir gün: Bilýäňizmi muflis kimdir? -diýip sorady. Sahabalar - Biziň pikirimizçe muflis - puly we maly bolmaýan adamdyr - diýdiler. Şonda Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şeýle diýýär: „Meniň ymmatymyň muflisi şeýle adamlardyr-Kyýamat gününde namaz, roza we zekat bilen gelerler. Emma birine sögüpdir, birine töhmet atypdyr, biriniň hakyny (malyny) iýipdir, biriniň ganyny döküpdir ýa-da ynjydypdyr. Şonuň üçin, üstünde bolan haklar alynyp gutarylýança onuň ýagşylygyndan (sogabyndan) şol adamlaryň her birine beriler. Onuň sogaplary gutaraýsa, onda şol hakyna zulum eden adamlarynyň günäleri şol adama ýüklener we şol adam Dowzaha taşlanar“. (Müslim rowaýaty) ŞERHI: Sogap gazanmak üçin uly yhlas we gaýrat gerek. Ýöne Yslam dini bize şonuň bilen bilelikde günä we haramlardan saklanmany ündeýär. Sebäbi akyl taýdan alyp göremizde bir tarapdan sogap gazanyp ýörseň, bir tarapdan günä gazanyp dursaň näme haýry bar? Ruhy (dini) tarapdan alyp görseň, eger edýän sogap işleriň seni günä we haram işlerden alyp galmaýan bolsa şol amallar yhlas bilen edilmändir diýmekdir. „Namaz sizi ýamanlykdan alyp galmaýan bolsa, ol gaýta sizi dinden daşlaşdyrar“ hadysy şoňa anyk delil bolup durýar. Şonuň üçin günä we haramlardan saklanmagyň uly ybadatdygyny bilmelidir. Eger üns berip görseňiz hadysda aýdylan ýaman häsiýetleriň hemmesi ýenede adam gatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr. Başga birine sögmek-ýagny agzyňy hapalamak, gybat etmek sogaplarymyzy ýakyp gutarar. Şu amallary (günäleri) etmekligimiziň sebäbi kalp keselleridir. Kalbymyzda tekepbirlik, başgalara göwniýetmezçilik, ýamanlyk, ýigrenç diýmekdir. Bu bolsa, imanyň päk däldigini görkezýär we edýän sogap ybadatlarymyzyň kalba peýda ýetirmeýändigini görkezýär. Gybat edesiň gelip durkaň, saklanmany başarmak hem uly sogap işdir we Allaha golaýlaşmakdyr. Töhmet hem kalbyň hapasyny görkezýär. Sogap etmeklik kyndyr, ýöne ol sogaby saklamak hem gerek, goramak hem zerur. Sogap baryny gazanyp şony puç edýän adam-pul baryny gazanyp olary tygşytly saklap bilmeýän söwdegäre meňzeýär. Musulman bende şoňa berk düşünmeli. Sogaplary zaýa edýän amallardan özüni gorajak bolmaly. Esasan hem gul hakyna diýseň uly üns bermeli: Gybat, töhmet, musulman doganyňy hor (pes) görmek,peseltmek, aýbyny açmak, kine-ýigrenç bilen garamak, göwniýetmezçilik etmek şolardandyr. Musulmany aldamak, ony öz bähbidiň üçin aldamak,ar-namys we derejesini peseltmek, malyna zyýan bermek hem musulmanyň haklarydyr. Hatda Kyýamatda Allah Tagala hem gul haky meselesine goşulyşmaýar. Eger şehitlik derejesine ýetseň hem,Kyýamatda Syrat köprisinde hasaplaşmasaň Jennete girmäne rugsat berilmeýär. Sebäbi hut Allahyň (jelle jelaluhu) özi adamyň ar-namysyna,şahsy ýaşaýşyna,içki meselelerine,syrlaryna uly hikmet we hormat bilen garaýar. Şerigat hem adamyň şahsy hak-hukuklaryny berk goraýar. Kyýamat gününde Jenneti umyt edip gelen musulman adamy göz öňüne getiriň. Ol Allah (jelle jelaluhu) üçin köp amallar edipdir, birnäçe sogaplar gazanypdyr. Ýöne ol şol salyh amallaryna guwanyp,adam gatnaşyklaryna we ynsanlaryň hak-hukugyna üns bermändir. Adamlar bilen oňşuksyz we gedem bolup, olaryň göwnüne degipdir, derejesine dil ýetiripdir, üstlerinden gülip pes görüpdir, mallaryna zyýan ýetiripdir we äsgermändir. Diňe öz bähbidini bilip, başgalaryň hem onuň isleýän zadyna haky bardygyny pikir hem etmändir. Daş-töweregine hikmet we ýaşaýyş durmuşy bilmeklik,adamyň çylşyrymly tebigatyny tanamaklyk gözi bilen garamany başarmandyr. Şeýlelik bilen öz sogaplaryny zaýa edipdir. Her hak eýesi (kimiň hakyny alan bolsa, göwnine degen bolsa) ondan gelip öz haky mukdarynda sogabyndan alar. Netijede onuň hiç hili sogaby galman, ol syrat köprisinde boş galar. Bütin Jennet umytlary, gözel arzuwlary puç bolar. Sebäbi Yslamy hiç wagt bir taraplaýyn almaly däl, doly we bütewi şekilde dogry ýaşamaklyga çalyşmaly.
HADYS 7 (yedinji)
-
Eldarado
13 years ago
- Alla razy bolsyn senden Yslam.
bizede doga et! Dogany
unutdugumuz gibi,dogalarda-da unutuldyk.
-
Ayjagash
13 years ago
- Alla sizden razy bolsun.
-
best
13 years ago
- yslam alla razy bolsun sizden
-
Adgjmptw
13 years ago
- .
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- gaty gowy zatlar yazylypdyr Alla sizden razy bolsun!
muzazzi 13 years ago- yslam alla senden razy bolsun