Salam agzalar we daşyndan okaýan myhmanlar! Men şu temada 3 hepde bäri Katarda dowam edip gelýän futbol boýunça Aziýanyñ kubogy ugrundaky ýaryşyň netijeleri barada ýazmakçy. Bu ýyl XV gezek geçirilýän, yklymyñ iñ uly ýaryşy bolan futbol boýunça Aziýanyñ çempionaty Katar döwletinde geçirildi. Katar bu ýaryşa taryhynda 2-nji gezek ýer eýesi hökmünde gatnaşdy (1988ý we 2011ý). Ýene-de bir zat aýdasym gelýär, 2022-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionaty hem Katarda geçiriler. Indi, XV Aziýa kubogyna gatnaşmak üçin geçirilen saýlama tapgyrlary barada aýdaýyn. Aziýa kubogyna 16 ýygyndy gatnaşýar. Şolardan 4-si çempionata awtomatiçeskiý gatnaşdy, ýagny, Katar ýer eýesi hökmünde, Yrak soñky çempion hökmünde, Saud Arabystan soñky wise çempion hökmünde, G.o. Koreýa soñky eks çempion hökmünde gatnaşdylar. Ýene 2 ýygyndy Aziýanyñ pes derejeli futbol ýygyndylarynyñ arasynda her iki ýyldan bir gezek geçirilýän AFC Challenge Cup (Aziýanyñ çagyryş kubogy) ýaryşynyň ýeñijileri hökmünde gatnaşdylar. Olar: AFC Challenge Cup-2008 ýeñijisi Hindistan, AFC Challenge Cup-2010 ýeñijisi KHDR (D.g. Koreýa). Ýeri gelende aýtsam, AFC Challenge Cup ýaryşlaryna biziň ýygyndymyz hem gatnaşýar. Gysgaça ýygyndymyzyñ ýagdaýy barada-da durup geçeýin. 2008-nji ýyldaky ýaryşda ýygyndymyz "A" toparçada çykyş etdi we 4 oçko bilen toparynda 3-nji ýer aldy. Täjigistan bilen 0-0 deňme-deň oýnadyk, Owganystany 5-0 utdyk, ýaryşyň ýeñijisi Hindistandan bolsa 2-1 utulupdyk. Netije-de, Türkmenistan indiki tapgyrda çykyş edip bilmändi. 2010-njy ýyldaky ýaryşda bolsa ýygyndymyz şowly çykyş edip finala çykmagy başarypdy. "B" toparçada çykyş eden ýygyndymyz KHDR bilen 1-1 deñme-deñ, Gyrgyzystany we Hindistany bolsa degişlilik-de 1-0 utup 7 oçko bilen toparynda 2-nji orny eýeläpdi. 1/2 finalda Täjigistany 2-0 utdyk. Finalda KHDR bilen 1-1 oýnadyk we penaltylarda 5-4 utulypdyk. Ýagny, Aziýa kubogyna gatnaşma şansymyzy iň soňky pursatda ýitiripdik. Gynandyryjy ýagdaý.. Aziýa kubogyna gatnaşýan beýleki ýygyndylar bolsa geçirilen saýlama tapgyrlarynda toparçalarda 1-njy we 2-nji ýer alan Ýaponiýa, Bahreýn ("A"), Awstraliýa, Kuweýt ("B"), BAE, Özbegistan ("C") we Siriýa, Hytaý ("D") döwletleriniñ milli ýygyndylardyr. Indi, çempionata gatnaşýan ýygyndylañ trenerlerinem sanap geçeýin: Katar – Bruno Metsu (Fransiýa), Kuweýt – Goran Tufegžiç (Serbiýa), Hytaý – Gao Hongbo (Hytaý), Özbegistan – Wadim Abramow (Özbegistan), S. Arabystan – Žoze Peseiro (Portugaliýa), Ýaponiýa – Alberto Zakkeroni (Italiýa), Iordaniýa – Adnan Hamad (Yrak), Siriýa – Waleriu Tisa (Rumyniýa), G.o. Koreýa – Kwang Rae Ço (G.o. Koreýa), Awstraliýa – Holger Osiek (Germaniýa), Hindistan – Bob Houton (Angliýa), Bahreýn – Salman Şarida (Bahreýn), Yrak – Wolfgang Sidka (Germaniýa), D.g. Koreýa – Tong Sop Žo (D.g. Koreýa), BAE – Sreçko Katanek (Sloweniýa), Eýran – Afşin Gotbi (Eýran). Görşümiz ýaly 16 ýygyndyñ 9-synyñky ýewropaly, 7-siniñkem Aziýaly trenerler, 6 ýygyndyñky öz ýurdynyñ trenerleri, 10 ýygyndyñky daşary ýurtly trenerler. Aziýa kubogyna gatnaşýan eminler: Rawşan Irmatow (Özbegistan), Ýuiçi Nişimura (Ýaponiýa), Abdullah Al Hilali (Oman), Abdulrahman Mohammed (Katar), Halil Al Hamdi (S.Arabystan), Ben Williams (Awstraliýa), Kim Dong Žin (G.o. Koreýa), Subhiddin Mohd Salleh (Malaýziýa), Abdul Malik (Singapur), Nawaf Şukralla (Singapur), Ali Al Badwawi (BAE), Mohamed Benouza (Alžir). Bulardan Özbegistanly Rawşan Irmatowy köpimiz bilýändiris. Ol geçen ýylky Dünýä çempionatynda uly üstünlik gazanypdy. Kubok Aziýa-2011 Kataryñ 2 şäherinde (Doho, Ar Raýýan) 5 stadionda geçirildi. Stadionlar: "Halifa" stadiony - 50 000 adamlyk, "Al Garafa" stadiony - 25 000 adamlyk, "Katar" sport kompleksi - 20 000 adamlyk, "Hasim Bin Hamad" stadiony - 17 000 adamlyk (4-sem Doho şäherinden). "Ahmed Bin Ali" stadiony - 25 000 adamlyk (Ar Raýýan). Aziýa kubogynda dünýä belli "Nike" firmasynyň "Total 90 Tracer" toplary ulanyldy. Indi toparçalaryñ ýagdaýy barada aýdyp geçeýin. Ýaryşa gatnaşan 16 ýygyndy 4 toparçada çykyş etdiler. "A" toparça - Katar, Özbegistan, Hytaý, Kuweýt. "B" toparça - Saud Arabystan, Ýaponiýa, Iordaniýa, Siriýa. "C" toparça - G.o. Koreýa, Awstraliýa, Bahreýn, Hindistan. "D" toparça - Yrak, Eýran, BAE, KHDR. Bulardan Özbegistan, Katar, Ýaponiýa, Iordaniýa, Awstraliýa, G.o. Koreýa, Eýran we Yrak 1/4 finala çykmagy başardylar. Toparçalardaky oýunlarda Eýran 3 oýnuny-da utan ýeke-täk ýygyndy boldy. "D" toparçadaky KHDR bilen BAE ýeke gol hem geçirip bilmediler. Kuweýt, Saud Arabystan we Hindistan 3 oýnunda-da utulyp, ýaryşy 0 oçko bilen tamamladylar. Toparçadaky oýunlarda Ýaponiýa 8 gol geçirip iň köp pökgi geçiren ýygyndy boldy. Indi plaý-off oýunlar barada. Hytaý, Saud Arabystan, BAE ýygyndylary özlerinden garaşylan netijäni görkezip bilmediler, ýagny 1/4 finala çykmagy hem başarmadylar. 1/4 finalyň oýunlary: Özbegistan - Iordaniýa 2-1 Awstraliýa - Yrak 0-0 g.w. 1-0 Ýaponiýa - Katar 3-2 Eýran - G.o. Koreýa 0-0 g.w. 0-1 1/4 final oýunlaryndan soñ soñky çempion Yrak we ýer eýesi Katar ýaryş bilen irräk hoşlaşmaly boldylar. 1/2 finalyñ oýunlary: Özbegistan - Awstraliýa 0-6 Ýaponiýa - G.o. Koreýa 2-2 pen. 3-0 Bu ýerde goñşy döwletimiz Özbegistan garaşylmadyk ýagdaýda uly ýeñlişe sezewar boldy we ýaryşy dowam edmäge mümkinçilik gazanyp bilmedi. Düýn (28.01.2011ý) Tamamlanyp barýan XV Aziýa kubogynda 3-nji ýer almak üçin 1/2 finalda ýeñilen iki ýygyndy, Özbegistan we G.o. Koreýa duşuşdylar. 3-2 hasabynda Koreýler ýeñiş gazandy we hormatly 3-nji orny eýelemegi başardylar. Ýanwaryñ 7-sinden bäri dowam edip gelýän Aziýa çempionatynyñ nobatdaky 32-nji duşuşugy, ýagny, final oýny şu gün (29.01.2011ý) Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar. Finalda Awstraliýa bilen Ýaponiýa duşuşar. Dohonyñ 50 000 adamlyk "Halifa" stadionynda geçiriljek duşuşyga Özbegistanly Rawşan Irmatow eminlik eder. Indi bombardirler barada-da aýdyp geçeýin. Kubok Aziýa-2011-de iñ köp gol geçiren 5 pökgi bilen G.o. Koreýaly Ko Ža Çeol. Ondan soñ bolsa 4 pökgi bilen ýene bir G.o. Koreý Çi Don Won we Bahreýnli Ismaeel Abdullatif (4 golam bir oýunda saldy). Ýene bir bellemeli zat: BAE milli ýygyndysynyñ goragçysy Walid Abbas 2 gezek awtogol salyp, bu ugurda "bombardirligini" ýöredýär. Ýaryşda geçirilen 31 oýunda jemi 89 gol (her oýna ortaça 2.87) derwezelerden geçirildi. Iñ köp gol geçiren ýygyndylar bolsa Awstraliýa we Ýaponiýa - 13 gol. Gysgaça Aziýa Kubogynyñ taryhy barada. Ilkinji Aziýa kubogy 1956-njy ýylda Gong Kongda geçirildi. Ondan soñ 1960-njy ýylda G.o. Koreýada, 1964-nji ýylda Israýylda, 1968-nji ýylda Eýranda, 1972-nji ýylda Taýlandda, 1976-njy ýylda ikinji gezek Eýranda, 1980-nji ýylda Kuweýtde, 1984-nji ýylda Singapurda, 1988-nji ýylda Katarda, 1992-nji ýylda Ýaponiýada, 1996-njy ýylda BAE-de, 2000-nji ýylda Liwanda, 2004-nji ýylda Hytaýda, 2007-nji ýylda Wýetnam/Indoneziýa/Taýland/Singapur döwletlerinde bilelikde geçirildi. 2004-nji ýyla çenli jübüt ýyllarda tomusda geçirilen Aziýa kubogy, 2007-nji ýyldan başlap täk ýyllarda gyşda geçirilip başlandy. Nobatdaky XVI Aziýa kubogy 2015-nji ýylda ilkinji gezek Awstraliýada geçiriler. Indi, Aziýa kubogyna Türkmenistanyñ milli ýygyndysynyñ gatnaşygy barada. Biziň ýygyndymyz Türkmenistan taryhynda birje gezek bu ýaryşa gatnaşmagy başardy. 2004-nji ýylda Hytaýda geçirilen XIII Aziýanyñ çempionatyna gatnaşmagy başaran ýygyndymyz, "C" toparçada Özbegistan, Yrak we Saud Arabystanyñ garşydaşy bolupdy. Şonda Saud Arabystan bilen 2-2 oýnan milli ýygyndymyz, Yrakdan 3-2, Özbegistandan bolsa 1-0 utulypdy. Özbegistanyň 1-njy ýer aldygy toparçada Yrak 2-nji, biz bolsa 3 oýnuñ netijesi boýunça 4 gol salyp (gol salan futbolçylarymyz: Nazar Baýramow, Wladimr Baýramow, Begenç Kulyýew-2) 6 gol saldyrdyp 1 oçko bilen 3-nji ýer alypdyk. Umumy çempionatyñ netijesi boýunça Katary, Taýlandy, BAE-ni we Saud Arabystany yzda goýup, 16 ýygyndyñ arasynda 12-nji ýer eýeläpdik. Ýygyndymyzyñ Aziýañ kubogyndaky ilkinji golyny Nazar Baýramow salypdy. Milli ýygyndymyzyñ Aziýañ kubok ýaryşyndaky taryhy şeýleräk.. Indi boldy edäýinläý, okadyp ýadadaýdymam öýdýän. :) Final oýny baradaki pikirleriñizem ýazaýsañyz. Kim utar? - Azap edip ýazamsoñ, gyzyldan gymmatly wagtyñyzy gidirip okanyñyz üçin minnetdarlygymy bildirýän! :)

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir