Radiasiýanyň möçberini peseltmek üçin iş yeriňizde kompýuteriň golaýynda adaty kaktusy goýmak ýeterlik. Onuň radiasiýa garşy düzümi, çak edilişine görä, bu ösümligiň kyn şertlerde ýaşamaga ukyplylygy bilen düşündirilyär. Indiki möwsüme çenli deri önümlerini nähili saklamaly Derini limon bilen süpürmeli, soňra gliserin çalmaly we tomusda şkafda ýygnabermeli. Mebelde haýsydyr bir gyzgyn zat goýlandan soňra peýda bolan ak tegmili egerde ony ösümlik ýagy goşulan spirt bilen süpürseň aýyryp bolar. Arassa ýüň mata bilen sürtmeli, tegeläp aýlaw görnüşinde , tä tegmil ýitýänçä. Hrustal, aýnadan gaplar eger-de olary 2 çemçe sirke we 1 çemçe duz garylan suwda gowja çaýkasaň ýenede ýylpyldar. Penjekleriň şeýle-de beýleki geýimleriň ýakalary (serpmeleri) uzak wagtlap geýilenden soňra kirleýär, ony öňünden suwa eziň soňra naşatyr spirtinde ezilen çotgada emaý bilen süpüriň, soňra ýene-de öl mata bilen süpüriň. Täze köwşüň içini sirkäniň 3 % ergini bilen süpüriň. Lakly aýakgaplaryň tozanyny tampon bilen aýyrmaly. Şonuň üçin tampony süýtde ezmeli we ýumurtganyň agyny çalmaly, aýakgap tä ýylpyldaýança sürtmeli. Posdan galan tegmili islendik matadan aýryp bolýar. Munuň üçin tegmilli ýere hasa ýa-da öl geçirýän kagyza dolanan limon bölejigi goýup ütük basmaly. Eger-de eşige sakgyç ýelmeşip ony zaýalan bolsa, ony alyň-da sowadyjyda goýuň ýöne köp wagtlyk däl, sakgyç gataýança. Eşikden sakgyjy aňsatjak aýyryp bilersiňiz. Eger-de ýaşyl otlary ýuwup, süpürgiç bilen guradyp, gapagy jebis ýapylan aýna gapda sowadyjyda goýsaňyz olar köp wagtlap saklanar Eger-de çorba duzly bolsa onda 2-3 sany kartoşkany gyrgyçdan geçiriň we hasa bilen gaplaň, soňra çorbada gaýnadyň. Eger bakja önümleriniň çalt gaýnap bişmegini isleýän bolsaňyz, olary öňünden biraz wagtlap duzly suwda saklamaly. Kütek pyçagy ýitilemek ýeňil bolar, eger onuň keserini 1 sagatlap biraz duzlanan erginde saklasaň . Pyçaklary beýleki metal serişdelerinden aýry saklamaly. Wilkalar olaryň keserini küteldýär we täzeden ýitilemegi talap edýär. Otagda ýakymly ys bolmagy üçin biraz atyry entek ýakylmadyk elektro lampa sepiň, az wagtdan lampany yakyň şol pursatda otaga ýaňky atyryň ýakymly ysy ýaýrar. Gowuran wagtyňda ýagyň az syçramagy üçin saja biraz duz sepiň . Şaý-sepleri barhat bilen ýa-da mahmal bilen süpürseň amatly bolýar.Eger wagtyň geçmegi bilen altyn şaý-sepler we altyn çaýylan şaý-sepler garalan bolsa onda olary soganyň suwy täzelär. Munuň üçin şaý-sepleri soganyň suwy bilen süpürýärsiňiz, soňra bolsa guraýança ellemäň. 2 sagat geçenden soňra suwda çaýkayarsyňyz we guramaga goýýarsyňyz. Äýnegi gliserin bilen süpürseň bug bolmaýar. Egerde gapjykda ýa-da sumkada syrma kyn işleýän bolsa onda ony şemiň bölejigi bilen sürtüň. Eger gulpda açar agyrlyk bilen aýlanýan bolsa onda ony şem ýa- da sabyn bilen süpüriň. Sirkäniň güýçli ergini (1 käsä 1 çemçe) aýnadaky tegmilleri aýyrýar, altyn çaýylan agaç çarçuwasyna öwüşgin berýär, wannany, rakowinany, emally pitini arassalamaga kömek edýär.
Peydaly maslahatlar!
-
Toty
13 years ago
- HAY TÜWELEME EPENDİ
zumerchi 13 years ago- hawa okamak.comdada okapdym