AÝYPLARY ÖRTMEK BARADA
Ebu Hureýra (radyýAllahu anhu) rowaýat edýär: Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem.) şeýle buýurýar: „Haýsy hem bolsa Allahyň bir guly şu Dünýäde başga bir musulmanyň aýbyny örtüp-ýaşyrsa, Kyýamat gününde Allah (jelle jelaluhu) hem onuň aýbyny ýaşyrar“ (Müslim rowaýat edýär)
Şerhi: Ynsanyň tebigatynda men-menlik, özüne aşa derejede göwni ýetmek, özüni ýeterlik görmek, emma daş-töweregindäki adamlara göwni ýetmezçilik bar. Adam köplenç özündäki uly we ägirt kemçilikleri görmän, başgalardaky ownuk we kiçi günäleri we kemçilikleri derrew görüp, olary paş etmek we ýaýratmak bilen bolýar. Şeýlelik bilen ynsan şeýtanyň oýnuna gelip özüni düzeltmäni we öz üstünde işlemäni unudyp, işi-pişesi başgalaryň kemçiliklerini gözläp ýaýradyp, gybat edýän adama öwrülýär. Muny edýän imany zaýa we şahsyýeti bozuk, ýetmezçilikler kompleksi bolan adamdyr. Ol başgalaryň kemçilikdir-günäleri bilen gümra bolup, aslynda özüni aklap beýgeldýär. Sebäbi özünde üstün wasp we häsiýetleri ýok bolansoň, ol diňe başgalary garalap ýzüne abraý gazanmaly bolýar. Emma Allah Tagala Ýahudylara ýüzlenýän şu aýat bilen musulmanlara duýduryş bermeýärmi? „Siz başgalara nesihat-ündew berip özleriňizi ýatdan çykarýaňyzmy? “. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) başga bir hadysynda: „Tejessus etmäň“ diýýär, ýagny bir-biriňiziň aýyplaryny gözläp ýörmäň diýýär. Yslam alymlary musulmanlara ilki bilen özlerini düzeltmäne we başgalaryň aýyp we kemçiliklerini gözlemäniň deregine öz aýyplaryň bilen gümra bolup, özüňi kämilleşdirmäni ündeýärler. Hakykatdan hem bilgeşleýin bolmasa hem, ýagny tötänlikden bolsada, bir musulmanyň bir aýbyny göräýeňde hem, ony aýtman saklanmaklyk adamyň nebsine diýseň agyr gelýär. Sebäbi şeýtan gybat et,aýbyny ýaýrat diýip was-wasa berip dilinden çekip dur. Şeýle edip bilse musulman günä baryny gazanýar we öz sogaplaryny gybat ýakyp zaýalaýar, musulmanlaryň arasyndaky doganlyk hukugyna uly zeper ýetirip, jemagatdaky agzybirligi we muhabbeti, birek-birege bolan ynamy sarsýar. Aýyby paş etmäniň, aýyby açylan adamyň psihologiýasy üstünde güýçli ters täsiri bolýar. Bir adam ýalňyşyp biler ýada entek ahlagy kämil bolman biler, ýöne ol düzelmäniň ýolundadyr. Oňa dogry wagyz-nesihat etseň uzagyndan düzelip biler. Emma onuň şol aýbyny paş etseň we adamlar şony bilse, onuň ilki bilenä özünden göwni geçýär we onuň düzelmegine päsgel bolup biler. Sebäbi şol aýbynyň aýan bolmagy we bilinmegi ony ruhy taýdan basýar. Ikinjisi adamlar onuň aýbyna şaýat bolup, indi oňa başga ynamsyz göz bilen garaýarlar. Sebäbi adamzat şeýle tebigatda ýaradylan. Birnäçe ýagşylyk etseň we birnäçe üstün wasplaryň bolsada adamlar ony şeýle bolmaly ýaly düşünýärler, ähmiýet bermän çalt ýatdan çykarýarlar. Emma adam bir gezek ýalňyşsa,aýyp iş etse,köp wagtlap adamlar şony ýatda saklarlar. Birnäçe ahlagy pes bolan adamlar şony häli-şindi ýüzüne aýtmasalar hem, arkasyndan gürrüň ederler ýada özleriniň hereketleri bilen „seniň aýbyň bar we biz şony bilýäris“ diýen ýaly bildirer durarlar. Bu bolsa adamy diýseň birahat eder, birnäçe haýyr işlerden alyp galar we özüni düzeltmekden sowadar. Ýagdaýyň şeýle boluşy adamda gözel häsiýetleriň gül-gunçasy ýaly açylmagyna böwet bolar we adam ýygrylyp içine salar, başga söz bilen aýdamyzda kemsiner. Şonuň üçin bir musulmanyň aýbynyň ýaşyrylmagy diýseň möhümdir, hatda sabyr edip şol aýbyny bilseň hem, görmedik-bilmedik ýaly özüňi alyp barsaň, Allah Tagala hem şol sebäpli seniň hem bir aýbyňy ýaşyrmany wada berýär. Hemme adamda biz hem şol sanda, Kyýamatda paş edilmeginden gorkýan aýyplarymyz bar dälmi näme?
AHAL 13 years ago- gybat eden adam oz doganynyn etini iyen yaly bolyar! diyip eshitdim!! allajan sheytanyn diyenine gidip ilin ayybyny gozlap syr saklap bilmeyan nalaj edeyinlere owrulmegimizden gorasyn!!
ilin aybyny gozlemeli dal oz aybyny gozlemeli!!
oran gowy yazgy!! kop sag bol!!