TÜRKMEN BINASY Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy. Terki-dünýä eýleýip, gelse rakyplar gaşyna, Bil, polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy. Süleýman hem Rüstem, Zal, Jemşit oňa bolmuş geda, Günde ýüz müň salsa leşger, degmez şanyň belasy. Daglar ondan alar taglym, leşgeri sap-sap durar, Her salanda zülpükaryn artar ýigitniň höwesi. Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup. Kylsa bir jaýga ýörüişni, açylar gül lälesi. Külli gyzylbaş baryny atdy dag arkasyna, Gije-saba ýatmaýyr, geler olarnyň nalasy. Her ýan gadam ursa saýýat, bolmaýyr olduşgär, Bendi kylyp alabilmez, düşmez türkmen balasy. Aryflar dem-dem geler, toýy bardyr her zaman, Merdi-merdan sözüdir ol, ýokdur köňül hilesi. Aýdadyr Magtymguly, ýokdur köňülde bir gara, Hak sylaýyp, kylymyş nazar, bardyr onuň saýasy. Magtymguly Pyragy
Bir watan , bir baydak , bir millet biz
-
muzazzi
14 years ago
- depderler icinde bir kitap gordum kyssasyl enbiya atly yaranlar
-
AHAL
14 years ago
- bah gowy goshgy eken!!1
yolbars sen eyrandan diydinmi???
eyrandaky turkmenlerin yashayshy gowmy???
-
kepder
14 years ago
- öran gowy goşgy
-
Ayjagash
14 years ago
- Yaman gowy goshgy eken. Menem sizin yazyan goshgularynyzy depdere gocurp alyan. Sebabi men goshgy okamagy gowy goryan.
-
Bagyr
14 years ago
- Salam yolbors dost gosgyna sag bol minnetdar!))) Dost men ozum aslynda bilesigelji oglan sen Eyranda yasayan bolsan oz yasaysynyz barada bir taze yazgy yazyp gurrun bersen hasam minnetdar bolordym!!!ozem gizleman minus plyusyny hayst eger basarsan!!!)))
-
zagajkis
14 years ago
Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup.
Kylsa bir jaýga ýörüişni, açylar gül lälesi.
bizi birinji yazpdyr haha.
muzazzi 14 years ago- sagbol kop-kop yolbors