Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar, Ýetimler gözýaşyn döke başlady, Orramsydan bolan haramhor begler Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady. Jemagatsyz azan bir gury sesdir, Niçe mollaň okan ylmy hebesdir, Kazylaryň käri çilimdir, nasdyr, Para görse, dyza çöke başlady. Işanlary her gapyda tapylar, Mollalarna ýok myjabat ýapylar, “ Öwlüýä men” diýip, jögi sopular, Gygyryp, asmana böke başlady. Çykar beýabana gyzy-gelini, Ak ýüzüne ýapar gara telini, Kemçinlik eýleýip ýygan puluny, Düzedip, özüne daka başlady. Dünýäde süýthoryň pul ýygma derdi, Baýlaryň mallary bizekat erdi. Toba ediň, gözüm bir ýaman gördi, Dost- dostuň öýüni ýyka başlady. Magtymguly, başa baglap selleler, Aç böri deý ýortup niçe mollalar, Halaldan, haramdan ýygnap gallalar, Herne tapsa, dynmaý dyka başlady .
Magtymguly pyragy!
-
AHAL
13 years ago
- hawwa oran gowy goshgy!!!
hazirki zamany hem ichine alyar!!
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bolun. Goshgy yazanynyz ucin. Yenede yazyp durun.
-
hajy92
13 years ago
- yaman gowy goşgy
muzazzi 13 years ago- dost sagbol magtymguly atamyzyn gosgusyny yazanyn ucin,her bir sozi gyzyla gaplaymaly sozler.