I. Ýigit näme soltanmyň sen sotowoýyň beýle gymmat, Her sepoçkaň berre guzy, sagat poçti bir bedew at, Laptopjygyň bahasyna alyp boljak on iki sygyr. - Iller alýar menem aljak, döwür şeýle döwür. II. Dostjan näme perwaýsyz sen, artyklyk edýärmi dişiň? Ýigrimä-de ýetmänsiň-ä, ýaňy bir on alty ýaşyň. Iň bolmanda bir gün ýuwaý, berme dişe beýle jebir. - Döwre görä ýuwmak gerek, döwür şeýle döwür. III.A-how, abi, bu nä boluş! Ýeňsäň saçy iki gujak, Yunus beyin kiçi ogluna sallaçagam ýasap boljak, Aman abi göräýmänka derrew dellege ýüwür. - Moda şeýle, moda uýýan, döwür moda döwür. IV.Men-ä seni tanamadym, gözleriň örän nätanyş, Göm-gök iki halka gidýär gözden aşak ýarty garyş, Düýn bir razborkajyk boldy, ýumruk ýagdy gübür-gübür, - Urup urlup durup galdyk, döwür agyr döwür. V.Durla, Meredow gardaş, kagyzyňy atma kişiň aşagyna, Boýun alaý bildirip dur, seredip gör daşlygyna, Kopýa däldigi çyn bolsa, näme barka, için çöwür. - Wah, jan hocam, gaýrat ýokdur, döwür şeýle döwür. VI.Şahyr gardaş şygyrlaryň setir sany çykdy çenden, Ýaryşlara katılımın azalýar-la günbe-günden, Ýazýan zatlaň arasynda ne goşgy bar ne-de şygyr. - Şygyr-pygyr ýatdan çykdy, döwür şeýle döwür. VII.Omzy bilen bir hocany itip geçdi daýaw oglan, Koridora sygaňokmy edep-tertip bilen oglan, “Bir harp öwreden hocana gul bolnarmyş tutuş ömür.” - Ol diýýäniň köne adat, döwür täze döwür. VIII.Täze ýurduň aýnasynda bezenip dur Gurbanmyrat, Koridorda abileriň haly serýär çekip azap, Hany derrew toparlanda, haly serişmäge ýüwür. - Belletmenden aýlanaýyn, döwür şeýle döwür. IX.Kän otagly ýurt gurupsyň, Şahin hocam berekella! Ýöne bu artyk dälmi 80 sany bezzat kellä? Bular gadyr bilermikä, etseň et weli sen göwün. - Bilmeselerem etmeli, döwür şeýle döwür. X.TOYOTA’ly, ŽIGULI’li köp duşupdyň uly ýolda, Bu gün bolsa girişimizde ýalpyldap dur ýaşyl BMW, Bir başyňa, tüweleme, munça rul, munça tigir. - Satman alýas, satman alýas, döwür şeýle döwür. XI.Aman, näme howlugýarsyň, eradamy serrehbere? Ýa-da müdir yrsaraýarmy bu gezegem ýersiz ýere, Bäş-üç ýyldyr, bu-da geçer, saňa düşen etmek sabyr. - Sabyr-takat tükenmänkä, döwür üýtgesinle döwür. XII.Şahin hocam aýaklaryň kesildi-le gapymyzdan, Ozallar-a tä ýatýançak el düşmezdi depämizden, Siz gideli yatış ýokdur, bolupdyrys keçjal gyňyr, - Ne yapayım, el degenok döwür şeýle döwür. XIII.Apteçkamyz takrap ýatyr, doktorymyz uklap ýatyr, Analginden başga derman haçan aljak sayın müdür, Goşgy ýazyp, tankyt edip bizar etdiň wagyr-wagyr. - Zat bermeseň zat berlenok, döwür şeýle döwür. XIV.A-how, Nury, düýn dälmidi öz abiňe wepaň hakda, Güp-güp edip gant deregne, ant içýärdiň tokga-tokga, Indem programa gelmän, bahana ýagdyrýaň zagyr. - Işim bitdi, andym ýitdi, döwür şeýle döwür. XV.Alaýt, şahyr, bu goşgyň-a kaşa boldy garym gatym-gatym, Ýary türkçe, ýarysy-da türkmençe-le ýazan hatyň, Üýşmeleňde kempirlerem etmez munça gümür-ýamyr. - Döwre görä düzmek gerek, döwür şeýle döwür.
(remix) dowur sheyle dowur
-
flover
13 years ago
- gowja goshgy!
-
muzazzi
13 years ago
- sahyr -sahyrlygyn cyn bolyan bolsa talyplar.com-a girip -cykyp ,yene girip ,cykyp git.ependi aga malades oran gowy duzupsin.
-
ependi
13 years ago
- men duzmedim dos nusga
-
myratmeredow
13 years ago
- erbet dal hazirki zamana laýyk goşgy
-
Cwetocek
13 years ago
- diýmek ependi siz teswirleardede barda:)
-
ependi
13 years ago
- ependi hemme yerde bar
-
asket
13 years ago
- bah,12 sygyr diylip yazylanmy?nahili noutbukka?kellam agyryp gitdi pikirlenip.
zagajkis 13 years ago- bah, sunk dijegimem bilemok das diyjegimem.