Köne hem dini hekaŷa(rowaŷat) bolmaly,
bir adamyñ bashga bir adamdan gan algysy galypdyr, son adamkarcilik yitmesin diyip kakasyny ölduren adamyn gunasini gecyarler'
kim bilyan bolsa bizede yetirse kem bolmazdy.
Öñki okan hekaŷamy tapmakçy, bilyaniñiz bar bolsa ŷazaŷyñ!
-
Barbary
2 years ago
- Tarynhy ýazgylara görä şu waka hakykatda hem bolup geçipdir diýilýär.
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Rowaýat görnüşinde ýazylan bu eser gowy ýazylypdyr. Ýöne geçmişde hakykatdan bolup geçeni şübhelendirýär...
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Seňki dogry wasýok, keýp al😁😁
-
candanali
2 years ago
- Sagbol köp köp, gaty gyzykly eken.
Barbary 2 years ago- Talyplar
Geçmişde bolan waka
Bir gün Hezreti Omar ( Allah ondan razy bolsun) halyf wagty onuň ýanyna iki sany adam bir ýaş ýigdiň hersi bir tarapyndan tutup südürläp älkeldilerde oňa ýüzlenip :
—Musulmanlaryň halyfasy ine şul ýaş ýigit biziň kakamyzy öldürdi şuňa jeza berip adalatyň bilen höküm görmegiňi soraýarys —diýýärler. Onda Hezreti Omar ýaş ýigde garap aýdypdyr:
—Özüňi aklamak üçin näme aýdyp bilersiň—diýýär,ýaş ýigit :
—Men başga ýerden Medinä Pygamberimiz s.a.w-iň guburyna zyýarat etmek üçin gelipdim. Çünki onuň guburuna zyýarat etseň hem özüne zyýarat eden ýaly bolar diýlen hadys bar. Men bir ýerde namazyň täretini alaýyn diýip düşlänimde atymy bir agaja baglapdym,ýöne atym boşanyp şularyň kakalarynyň ekinine barypdyr ekeni. Ony hem bularyň kakasy görüp ylgap gelip bir daş bilen atymy urdy welin atym ýykylyp öldi ýatyberdi. Meniň jan ýaly söýýän atymdy,men hem buňa janym ýanyp ýaňky zyňan daşyny alyp ol garryň özünden aýlap zyňypdyryn,Allahyň takdyrydyrda olam oňa degip ony öldürdi.
Hezreti Omar oňa:
—Beýle bolsa onda Yslamyň kanuny boýunça öleniň hossarlary oňa derek hun (Ölen adama derek tölenýän pul) almaga razy bolmasa seni hem öldürmeli bolar—diýýär. Öldürleniň hossarlary hun almak islänoklar. Onda ýaş oglan :
—Men ölümden gorkamok,bir başa bir ölüm,ýöne yzymda kiçi ýaşly inim galypdy men şoňa degişli puly bir ýerde gömüp saklaýardym ,ony menden başga bilýän hem ýok ,maňa 3 gün möhlet ber men şol puly oňa gowşuryp geleýin,bolmasa inime ahyretde bergili bolaryn—diýýär. Onda Hezreti Omar :
—Men seni goýberip biljek däl eger sen gidip gelmeseň men diniň adalatyny berjaý etmän günäli bolaryn—diýýär. Ýaş oglan :
—Men gelerin,eger gaçjak bolsam men şol bada gaçyp bilýärdim,ýöne ahyret soragyndan gorkup ,kysmatyma kaýyl bolup gaçmadym—diýýär. Onda Hezreti Omar :
—Eger deregiňe zamun ( eger ol gelmese onuň özüne derek öldürilmeli adam) tapsaň goýbereýin diýýär. Ýaş oglan töweregindäki adamlardan özüne derek zamun bolmagy haýyş edýär. Şonda Ebu Zer ra ( Allah ondan razy bolsun) :
—Men şu ýaş oglan gelýänçä oňa derek zamun bolýan—diýýär we ýaş oglan öz watanyna gidýär...
Üçünji gün bolýar ýöne ýaş oglan entek gelibermeýärdi.Adamlar binjalyk bolup başladylar,eger ýaş ýigit gelmese Hezreti Omar Ebu Zeri oňa derek jezalandyrjakdy. Adamlar ýaş oglan indi gelmez öýdüp kakalary öldürilen ol iki oglana "Siz kakaňyzyň hununy alaýyň,Ebu Zeri öldürtmäň "—diýip ýalbaryp başladylar. Ol ýaş oglanlar hem " Ýok bize pul gerek däl,biz oňa derek gan alarys"—diýip öz diýenlerini tutýardylar. Ýöne adamlary geň galdyryp birden ol ýaş ýigit haýdap geläýýär. Ol ýaş oglan " Ýolam daşyrak bolansoň biraz eglendim,bolsada ýetişip geldim"—diýýär. Adamlar gelmese ölümden sypyp biljek adamyň öz aýagy bilen ölümine gelenini görüp geň görýärler. Ýaş ýigit:
—Eger gelmesem bu döwürde sözünde durýan adam hem tapylmandyr diýäýmesinler diýdim,birem Allahdan gaçyp niräk gitjek diýýär. Adamlar Ebu Zere :
—Sen näme üçin tanamaýan adamyňa zamun bolduň— diýseler, ol:
—Birnäçe sahabalar bar, musulmanlaryň halypasy bar şu adamlaryň içinde ýekeje-de bil baglar ýaly adam hem galmandyr diýmesinler diýip zamun boldum — diýýär. Bu wakadan soňra ol kakasy öldürlen oglanlaryň hem ýüreklerine rehim gelip:
— Bize hun hem gerek däl zadam,kakamyzyň ganyny geçdik,bu döwürde rehim-şepagat hem galmandyr diýmesinler — diýip ol oglany boşadýarlar.
Türkçeden terjime.
Edebiýat, Barbary