Essolawmaleýkim hormatly agzalar we gadyrdan myhmanlar! Täze 2011 ýylyňyz gutly bolsun! ýyl boýun şatlykly ýüzüňiz solmasyn, eden arzuwlaryňyz tizden-tiz amala aşsyn! :). Köp wagtdan bäri blog açmandym, täze ýylyň gelmegi bilen täze güýç bilen ýene tehnologiýa hakda blog açmagy makul bildim. iPad Gysga wagtda tablet kysymly kompýuterleriň simwolyna öwrülen iPad köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bilermenler bolsa iPad-iň şeýle meşhur bolmagynyň üç sebäbiniň bardygyny nygtaýarlar: olar Apple şereketiniň mahabatdaky başarnyklygy, şereketiň brend bolmagy hem-de enjamda ulanylan täze tehnologiýalardyr. 2010-njy ýylyň ahyryna çenli dünýäde iPad-leriň 7 millionynyň satylmagyna garaşylýan bolsa, 2011-nji ýyl üçin çaklama 14 milliondyr. Men hem iPad bilen gyzyklanýan, ýöne ol barada känbir maglumata eýe bolmadyk okyjylarymyz üçin enjam barada käbir maglumatlary toplap size ýetirmegi makul bildim. iPad-i näme üçin ulanyp bolar? iPad akylly telefonlar (smartfonlar) hem-de notbuklaryň arasyndaky orna eýe bolan enjamdyr. Onuň ölçegleri standart A4 kagyzynyň ölçeglerine barabar. Duýgur ekrany bar. Öň iPhone smartfonlaryny ulanyp görenler iPad-i görenlerinde dessine onuň iPhone-niň ulaldylan görnüşidigini aňýarlar. iPad arkaly kitap ýa-da gazet okamak, e-poçtalaryňyzy barlamak, Internetde syýahat etmek, wideo görmek, oýun oýnamak, aýdym-saz diňlemek, ses ýazdyrmak hem-de 200 müňden gowrak programmany işletmek bolýar. Gysgaça aýtsak iPad arkaly adaty kompýuterde edilýän islendik işi etmek bolýar. iPad-iň näçe görnüşi bar? Häzirlikçe bu enjamyň Wi-Fi hem-de 3G diýen iki görnüşi bar. Atlaryndan hem belli bolşy ýaly, Wi-Fi görnüşli iPadi simsiz networkyň bar ýerinde, 3G görnüşli iPad-i bolsa 3G Internet hyzmatynyň bar bolan ýerinde ulanmak bolýar. 3G kysymly enjamda GPS tehnologiýasy hem bar. Üstesine-de iPad 16, 32 hem-de 64 GB bolan üç görnüşli ýat bilen satylýar. Ulanyjylaryň köpüsi üçin 16 ýa-da 32 GB doly ýeterlik bolýar. Ýöne foto, wideo ýa-da dokument arhiwleriňiziň uly bölegini bu enjamda saklamak niýetiňiz bolsa iň gowy çözgüt iPad-iň 64 GB-lik görnüşi almakdyr. iPad-de haýsy programmalar bar? Apple şereketiniň iPhone hem-de iPad enjamlaryna niýetlenen programmalary ýaýratmak üçin açan AppStore aýtyndan 200 müňden gowrak programma tapmak bolýar. Bu programmalaryň bir bölegi mugtuna berilýän bolsa, köpüsini 99 sent (1 dollarda 100 sent bar) ýaly ujypsyzja nyrha satyn almak bolýar. Saýtda gerek bolup biläýjek programmalaryň köpüsi bar hem-de her gün birnäçe täze programma peýda bolýar. Bu saýtdan peýdalanmak üçin bolsa iTunes abonentligi (mugtuna almak bolýar) hem-de kredit kartoçkasy (Türkmenistanda bu hyzmaty Daşary Ykdysady Bank berýär) gerek. iPad-de wideolaryň haýsy formatlaryny görmek bolýar? Aslynda adaty ýagdaýda iPad-de diňe MPEG-4 , mp4 hem-de mov formatly wideolara tomaşa etmek bolýar, ýöne islendik wideony agzalan bu üç formata öwürýän birnäçe mugt programma tapmak ýa-da DivX formatlary görkezýän birnäçe mugt programmanyň birinden peýdalanmak bolýar. Enjam barada aýdyp boljak bir oňaýsyz ýagdaý bolsa Flash tehnologiýasynyň bolmazlygydyr, ýagny Flash tehnologiýasy arkaly taýýarlanan wideoalardan, programmalardan hem-de web sahypalaryndan peýdalanyp bolmaýar. iPad-de Word, Excel hem-de PDF dokumentlerini ulanyp bolýarmy? Howa, iPad üçin niýetlenen birnäçe mugt programma arkaly Word, Excel hem-de PDF dokumentlerini okamak hat-da üýtgetmek hem bolýar. iPad-de USB porty ýok, faýllary enjama nädip geçirip bolar? iPad-iň iň köp taňkyt edilýän tarapy USB portunyň bolmazlygydyr. Ýöne aslynda bu ýagdaý sähelçe oňaýsyzlykdan ýokary däldir. Enjama faýl geçirmek isleseňiz iTunes programmasyny işledip iPadi kompýuteriňize çatýarsyňyz, soňra bu programma arkaly enjama islendik faýly geçirýärsiňiz. iPad-iň batareýasy näçe wagta ýetýär? Doly zarýad berlen iPad Wi-Fi-niň batareýasy 10 sagat işlemek üçin, iPad 3G-niň batareýasy bolsa 9 sagat işlemek üçin ýetýär. Eger-de edýän işiňiz kitap ýa-da dokument okamak bolsa iki enjamyň hem batareýasy 11-12 sagada ýetýär. iPad-iň agramy näçe? Enjamyň agramy bary-ýogy 700 gram töweregidir. iPad-iň güýçli taraplary. Daşamak hem-de ulanmak rahatlygy: iPad-iň agramy, eger-de, ony ýanyňyza alsaňyz, size artykmak ýük bolmajak derejede ujypsyzydyr. Adaty notbuklardan tapawutlylykda islendik wagty 1-2 sekuntda söndürilip-açylmagy bolsa ulanylanda uly rahatlyk döredýär. Ulanmagyň sadalygy: Görmek hem-de degmek (ellemek) islendik adamynyň rahatlyk bilen ýerine ýetirýän işleridir. Şeýlelikde duýgur ekrana eýe bolan iPad-i her bir adam ulanyp biler. Uly ekran: iPad-iň ekranynyň diagonalynyň ululygy 9,7 dýuým (24,6 sm) durulygy bolsa 1024x768. Ýagny şeýle ekranda Internetde syýahat etmek, wideolara tomaşa etmek, fotosuratlary görmek hem-de kartalary gözden geçirmek örän oňaýly bolýar. AppStore iPad üçin niýetlenen ýörite programmalaryň sany günsaýyn artýar. Islendik her bir iş üçin programma tapdyrýar diýmek bolar. Iň oňaýly tarapy bolsa bu programmalaryň ählisiniň bir saýtda jemlenenligidir. Güýçli. Enjamyň 1 Ghz-lik prosessory onuň örän güýçli bolmagyna sebäp bolýar. Örän gowy tizlik bilen agyr programmalary hem işletmäge ýeterlik bolýar. Batareýasynyň güýji. iPad-de ulanylýan ýörite batareýa onuň 9-12 sagatlap işledilmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa häzirki wagtda öndürilýän notbuklaryň hiç birinde bolmadyk aýratynlykdyr. iPad-iň ejiz taraplary. Flash tehnologiýasynyň bolmazlygy: iPad Flash tehnologiýasy bilen üpjün edilmändir. Bu tehnologiýa arkaly taýýarlanan Internet sahypalaryny görmek mümkin bolmaýar, mugtuna paýlanýan millionlarça oýny oýnap bilmeýärsiňiz. Mysal üçin, Facebook-da Farmville oýnamak mümkin bolmaýar. Kamerasy ýok: Başgalar bilen şekilli gepleşmek ýa-da bir zady surata düşürmek mümkin bolmaýar. USB ýok: iPad-e USB kysymly ýatlary ýa-da USB arkaly işleýän başga enjamlary dakmak bolmaýar. Hatda enjama faýl geçirmek üçin ýörite iTunes programmasyny ulanmaly bolýar. Ýat kartoçkalaryny okatmak üçin bolsa ýörite enjam gerek bolýar. iTunes-e mätäçligi: iPad-i ulanmak üçin iTunes abonenti bolmak hökmanydyr. Abonent bolmagy üçin bolsa kredit kartoçkasy zerurdyr. iPad üçin hökmany 10 mugt programma. 1. USB Disk: iPad-de USB porty ýok. Ýöne USB Disk programmasy arkaly bu ýagdaýyň üstesinden gelmek bolýar. Programmany iPad-iňize alanyňyzdan soňra, ony sim arkaly kompýuteriňize çatyň. iTunes programmasyny açyp, Apps bölüminden USB Disk programmasyny saýlaň. Indi islendik faýly iPad-iňize geçirip bilersiňiz. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/usb-disk-for-ipad/id385275533?mt=8# 2. VLC media player: VLC media player bar bolan wideo formatlarynyň 99 göterimini görkezmäge ukyply open source programma. Bu programma arkaly iPad-iňizi hakyky Media merkezine öwrüp bilersiňiz. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/vlc-media-player/id390885556?mt=8 3. iRead PDF: e-poçtaňyza gelen PDF kysymly faýllary bu programma arkaly açmak bolýar. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/iread-pdf/id378450857?mt=8 4. AppShopper: AppShopper arkaly iň täze, meşhur, arzan ýa-da mugt programmalardan habardar bolup bolýar. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/appshopper/id387037496?mt=8 5. Wattpad: Wattpad e-kitaplary okamak üçin niýetlenen meşhur programmadyr. Programma arkaly köp kitaplary mugtuna okamak bolýar. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/100-000-free-books-wattpad/id306310789?mt=8 6. Backgrounds HD: Backgrounds HD arkaly10 müňden gowrak ýokary durulykly fon suratlaryny Internetden almak bolýar. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/backgrounds-hd/id363670292?mt=8 7. Documents 2 (Free Edition): Bu programmalar toplumyarkalysada Word, Excel faýllaryny emele getirmek bolýar, PDF faýllary hem-de birnäçe foto formatlary bilen işleşmek bolýar. Hatda bu toplumda Windows-daky Paint programmasyna meňzeýän çyzuw programmasy hem bar. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/documents-2-free-spreadsheet/id314894105?mt=8# 8. SoundHound: SoundHound programmasy arkaly diňleýän aýdymyňyzy Internetden gözläp tapmak, islendik aýdymçynyň wideo kliplerini gözlemek hatda aýdymlaryň sözlerini tapmak mümkin bolýar. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/soundhound/id355554941?mt=8 9. Evernote: Evernote programmasy arkaly hatly, sesli hatda şekilli bellikleri emele getirmek mümkin bolýar. Üstesine-de, emele getirilen belliklere, olaryň nirede emele getirilendigi baradaky maglumaty hem birikdirmek bolýar. Iň süýji tarapy bolsa bellikleriňizi Internete awtomatiki usulda geçirmek mümkinçiliginiň bolmagydyr. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/evernote/id281796108?mt=8 10. iBooks: iBooks arkaly iPad-iňizi kitaphana öwürmek mümkin bolýar. Programmanyň iň meşhur aýratynlygy bolsa iBookstore saýtyndan arzan nyrhdan müňlerçe kitabyň satyn alnyp bilinmegidir. Programmanyň ýene-de bir tapawutly tarapy PDF faýllaryny e-kitap formatyna öwürmäge ukyply bolmagydyr. Salgysy: http://itunes.apple.com/us/app/ibooks/id364709193?mt=8 p.s iPad barada informasiýa şulardan ybarat. Sizem iPad barada öz bilýän infolaryňyzy paýlaşyp bilersiňiz!. Sorag ýüze çyksa soraň, başardygymdan jogap berjek bolaryn.
IPad hakda (giňişleýin)
-
Yalan
13 years ago
- sagbol maglumatlaryn uchin. haladym Ipadi
-
tgala
13 years ago
- türkmenistanda eýýäm bar Ipadler ýöne häzirlikçe türkmene gerek zada däl şol Ipad ýada galaxy
biz kolhoz görnüşünde işleýäs entek:)
ýöne bir sebäpden alsaň bolar HI-Tech arzuwuňy doýuraýyn diýp alaýmasaň
meňä maslahatym kämil görnüşleri çykýança garaşmaly çünkü entek gaty sadarak
selwi 13 years ago- e rafshan yokardaky kel amerikany soyupsin oydyan .