Hemmäňize salam! Umuman saç näme üçin dökülýärkä? Her ýuwanymda 2 aýam saçdan dolýar (takmynan her aýamda 10 tar saç). Bu gidişde 20 ýaşaman kel bolaryn. Çaga wagtym gowy, gür saçym bardy. Häzir bolsa seýrek, ösdürsem hem iki gapdaly kudur bolýar. Nämeden beýle bolýarka? Gowy zat gymmat bolýar diýip, gymmat şampunlara ýuwsam beter köp dökülip başlady. Köp şampunlara ýuwup gördüm, barybir dökülüp dur. Saçyňy ösüp ýetişmänkä syrladyp dursaň gür bolýar diýýärler, çynmyka (biri kiçi (çaga) wagtyň etseň şeýle bolýar diýdi, uly wagtyň bolmaýarkyma?) ? Gysgasyny aýdanda maslahatyňyz gerek ... Saç dökülmesine garşy näme çäre görüp bolýar? Ýene bir sorag, saçymy syrladyp ösdürdim, iki gapdal we ýeňse depesine garanymda çalt ösdi, hemmede şeýlemika ýa diňe mende?

Sorag-jogap, Gurbanaly tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir