1. Osman imperiýasy 600 ýylyň dowamynda gülläp-ösýär. Şu wagtyň dowamynda köp sanly döwletler basylyp alynýar.
2. 16-17 asyrlarda osmanlylaryň basyp alan ýerleriniň möçberi 20 million kwadrat kilometre deň bolan.

3. Imperiýanyň demirgazyk serhedi häzirki Awstriýa,Polşa we Litwa ýerlerine çenli baryp ýetýär.

4. Imperiýanyň raýatlary dürli dillerde gürleşipdirler. Emma esasy dil türkmen dili bolan.

5. Eger Osman imperiýasy häzir hem bar bolanlygynda onuň meýdany Rossiýaň tutýan meýdany bilen deň bolardy.

6. Tagt sebäpli dawa çykmazlygy,imperiýada tertip-düzgüniň höküm sürmegi üçin Osmanly soltanlary ähli aga-ini,erkek garyndaşlaryny öldürdüpdirler. Bu kanun iki ýüz ýylyň dowamynda öz güýjünde galan.

7. Birinji jahan urşy Osman imperiýasynyň dargamagyna sebäp boldy. Onuň ýerine Türkiýe respublikasy döredildi. Imperiýa degişli bolan döwletler häzir Alžir,Serbiýa,Çernogoriýa,Albaniýa,Müsür we ş.m atlara eýe boldular.

8. Çigildem ilkinji gezek Osman imperiýasynda ýetişdirilýär.

9. Imperiýada musulman bolmadyk raýatlar üçin goşmaça salgyt bellenen.

10. Osman imperiýasynyň soltanlarynyň her biriniň öz haremhanasy bolan. Käbir haremhanalarda 2000e çenli kenizek saklanan.

11. Imperiýa öz taryhynda Rossiýa bilen jemi 12 gezek söweşen.

12. Imperiýada ýaşaýan hristiýanlar at münmek we ýanynda ýarag götermek hukugyndan mahrum edilen.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir