—Eý Mälik, bar gitde öz hudaýyňa aýt, goý ol bizi öldürsin. Beýle ýaşanyňdan öleniň gowy.
Bu sözleri ýaş professor aýtdy. Mälik diýilýän bolsa, ägirt adam sypat bir jandardy. Ol jandaryň akyl huşy bardy, ol gepe söze düşünýärdi. Bar zat oň ýüzünde ýazylgy durdy.
—Siz bu ýerde baky galmaly bolarsyňyz, —Mälik gürzüsine söýenip jogap berdi.
Oň sesi daş töweregi ýaňlandyrdy. Professoryň gapdalyna üýşen adamlar, professoryň elinden çekip ony ýere oturdylar. Bularyň barsy ullakan bir oýda otyrdylar.
—Professor, gowsy oň gaharyny getirme, birden bize beren sözünden dänäýmesin. Oturanlardan kimdir biri professor diýilýäne ýüzlendi.
Mälik diýilýän jandar öňünde oturan 11 sany adama az salymlyk dinç berjek diýip söz beripdi. Başgaça bolan ýagdaýynda Mälik bulara gün berenokdy, adama azap bermekde Mälikde her tüýsli usullar bardy.
—Biz nirede professor, biz nirede? Biz bilen nämeler bolup geçýär? —Aýallaryň biri aglamjyrap sorady.
Ol aýal ýalaňaçdy, dogrysy bu ýerde oturanlaryň ählisi ýalaňaçdy.
—Bize bu ýeri dowzah diýip ynandyrjak bolýarlar, ýöne bu beýle däl. —Professor diýilýän daş töweregine seretdi.
—Bu ýeri dowzah däl, bu ýeri başga ýer bolmaly. —Oturanlaryň biri alyp göterdi. —Eger dowzah bolan bolsa men diri wagtym bir topar haram adamlary tanaýardym, hany olaryň biri hem bu ýerde ýok.
—Onda bu ýer näme? Näme üçin bizi bu ýerde saklaýarlar? —Indi ikinji aýal jebrendi we gapdalda duran Mälige seretdi. Mälik bolsa edil gaýa ýaly bytnaman durdy.
—Meň çaklamam çak bolsa biziň barymyzy bir ganym hudaý ýesir aldy. Zemine uçup geldide ýesir aldy. Indem biz bilen islän zadyny edip dur, biziň gaýtawul berip bilmejegimizi bilýär. —Professor seslendi.
—Başga planetadan gelen hudaýmy? —Oturanlaryň biri sorady.
—Edil özi, —professor tassyklady.
—Biziň barymyz ölüpdik, —oturanlaryň içinden ýene biri seslendi. —Onsoň ol hudaý bizi nädip direltdi?
Professor az salym oýa batdy. Ol bu soraga jogap gözleýärdi, ýa-da öz beýnisindäki çaklamalary saýhallaýardy?
—Bu barada mende çaklama bar: Ölen adamy direltmäge hiç bir hudaýyň güýji ýetmeli däl. Sen öldüň we şoň bilen bar zat gutardy.
—Biz ondadama diri professor, —oturanlaryň biri seslendi we şol bada professoryň sözüni bölendigine ökündi.
—Diriligimize dirile welin, —professor şübheli dowam etdi. Bizi bu gelmişek hudaý klonlamaň üsti bilen direlden bolmaly?
—Klonlamaň üsti bilen? —Üçinji aýal geňirgenip sorady.
Aýallaryň ýalaňaçlygyna garamazdan bu ýerde jynsy gyzyklanma hiç hili ýagdaýda ýada düşenokdy.
—Hawa, klonlama, islendik ýok bolan janly organizmy oň süňküniň birje böleginden täzeden dikeldip bolýar. Bu zalym hudaý biziň barymyzy klonlan bolmaly. Özem diňe bir klonlaman, eýsem biziň ganymyza bir zat goşup bizi ölmez ýaly eden bolmaly. Bize näçe ezýet berseler hem biz ölemzok, —şeýle sözler bilen professor Mälige tarap ýene bir gezek seretdide şeýle diýdi:
—Mälik, sen bar gitde öz hudaýyňa aýt, goý ol bizi öldürsin.
Mälik bu gezek diňe ýylgyryş bilen jogap berdi.
—Görýäňizmi, bizi bu hudaýyň özi öldüräýmese, biziň janymyzy başga alyp biljek ýok. Seň el aýagyňy jesýärler, az salymdan täzesi peýda bolýar, seň kelläňi sogurýarlar, oň ýerine täzesi çykýar. Seni näme etseler hem sen öleňok. Biziň her birimiziň bedenimizi üýtgedip, biziň ganymyza gurbagaň ganyndan bir zatlar goşupdyrlar, şol sebäpden biziň bedenimiziň haýsy bölegini ýolsalar hem oň ýerine başga bölek peýda bolýar. Bir söz bilen aýdaňda örän ýokary derejeli gen-inžinerligi.
Şeýle sözler bilen professor öz nazaryny gapdalda duran ägirtde eledidi ýene dowam etdi: —Bu zalym hudaý öz Mäliklerini kosmosdaky planetalaryň birinde gen-inženerýaň üsti bilen döretdimikä diýýän?
Bu ýerde professory diňlemek gyzyklydy, sebäbi diňe professor hakykada ýakyn jogaplary berýärdi. Eger professor bolmadyk bolsa daş töwerege akyl ýetirip boljak däldi.
—Hudaýyň birinji peýda bolan güni asman ýadyňyza düşýärmi? —Oturanlaryň biri daş töweregindäkilere ýüzlendi, emma ol sorag professora degişlidi.
—Hawa, asmanda gün bilen aý bileleşdi. Gün birden haýallady, aý bolsa oň yzyndan ýetdi, meň edil şu günki ýaly ýadymda.
Oturanlaryň biri jogap berdi, ýene biri bolsa alyp göterdi: —Eýsem näme, heýde beýle zady ýadyňdan çykaryp bolarmy diýsene? Asmanyň edil derweze ýaly açylşyny görüp men tassana aklymdan azaşýardym.
—Ýok zat bilen nädip azaşjak? —Professor gürläp otyranyň ýüzüni aldy. —Akmaklar, siziň baryňyz baryp ýatan samsyk, size ýokary derejeli tilsimatlaryň kömegi bilen ýok zatlary görkezdiler.
—Eýsem bu mümkinmi? —Oturanlaryň biri çekine çekine sorady.
—Elbetde mümkin, başga galaktikadan uçup gelenler üçin beýle zatlar kyn bolar öýdýäňizmi? —Professor gorandy. —Ýöne siz ruhdan düşmäň watandaşlar. Kosmosda şulardan başgada tire taýpalar bolaýmaly, bu zalymlar ýeketäk aňly düşünjeli jandarlar däldir. Ine hä diýmän kosmosyň başga siwilizasyýalary adamzadyň düşen günini görerler we bizi bu zalym hudaýdan gutararlar. —Şeýle sözler bilen professor asmana seretdi, emma ol ýerde adaty asman ýokdy, oň ýerine gara tütin bardy. —Bu zalymlar ilkinji gezep peýda bolanlarynda ýöne ýere asmanyň edil derweze ýaly açylşyny bizi görkezmediler. Şeýle hereket bilen bu zalymlar bize kosmosyň ýokdygyny ynandyrjak boldylar. Biz hiç ýerden kömege garaşmaz ýaly. Men bu kezzaplaryň etjek bolýan zadyny şol bada düşündim.
—Diýmek bu ýeri dowzah däldä? Meň aýtjak bolýanym Injildäki dowzah däldä diýjek boldum. —Oturanlaryň biri sorag berdi.
—Ýok, bu ýeri injildäki dowzah däl, aslyýetinde dowzah diýen zat ýok. Hiç bir hudaý öz döreden çagasyny beýle agyr güne salmaz, biziň barymyz, ölülerimiz we dirilerimiz zalym gelmişekleriň ýesirligine düşdük.
—Olara, gelmişeklere bizi beýle agyr güne salmak nämä gerek bolduka? —Zenanlaryň biri sorady.
Nähili geň bolsada professorda bu soraga hem jogap bardy: —Nä bileýin, belki bu melgunlar adam yzasyndan keýp alýandyrlar, ýa-da biziň jebirlerimizi öz planetalarynda telewizorda görjezýändirler, mysal üçin şu Mälik ýaly jellatlary çetişdirmek üçin?
—Bar zada musulmanlar günäkär, bar zada şol deýýuslar günäkär, —aýallaryň biri çydaman aglap başlady. —Eger haram musulmanlar günde 5 wagtyna öz hudaýlaryna çokunmadyk bolsadylar, belkem ol hudaý ýere hiç wagt gelmezdem? Adamzada meň gulum diýýär, gör ony? Özine gul tapyndy, 9 miliýart gul üçin men hem kosmosyň islendik burçundan uçup gelerdim. —Aýalyň Iň soňky sözlerini oň agysy ýuwutdy. Agyn içi bilen hudaýyň salgysyna gargyşlar ýollanyldy.
—Zyýany ýok, —professor aýaly köşeşdirdi. —Asmanda Allahdan başgada hudaýlar kän bolmaly? Eger biz agyr güne garaman dileg etmegimizi dowam etsek, biziň dilegimizi iň soňunda kimdir biri eşider we bu zalym hudaýy zeminiň tagtyndan kowar.
—Bizi kim eşitsin? —Oturanlaryň biri hüňürdedi. —Meň pikirimçe asman eýýäm boşady, ol ýerde Allahdan başga dadyňa ýetişjek hudaý ýok. —Gürrüň başlany bäri bu oglan sesini çykarman otyrdy, ol diňe diňleýärdi. —Kyýamat günini ýadyňyza salyň, —ol dowam etdi. Siziň adyny tutan hudaýlaryňyzyň barsyny biziň öňümizde dyza çökerip goýmadylarmy? Siz şonda kimi aýtmagy ýatdan çykardyňyz? Zewsa hudaý diýdik, biziň öňümizde zews atly arwahy getirip goýdylar, soň Bal diýdik, ony hem alyp geldiler. Hany ýatlaňda haýsy diniň hudaýyny biziň öňmizde eli aýagy zynjyrly getirip goýmadylar? Olaryň barsy diýen ýaly arwahdyr jyn bolup çykdy. Iň soňunda biziň öňümizde şeýtanyň özüni zynjyrlap goýdylar. Gepiň gelşine görä aýtsaň biziň hudaý diýip hasaplap ýören jandarlarymyzyň barsy şu ýerde sümsünip ýörler. Eger maňa ynanmasaňyz goňşy oýlara seredip görüň. —Oglan elini gapdala bir ýere uzatdy. Olaryň iň bärkisi öz janlaryny halas etmäge güýçleri ýetenok. Siz bolsa entegem gözüňizi asmana dikip ol ýerden halasgär hudaýa garaşýaňyz.
—Bize görkezilen zatlaryň barsy ösen tehnalogiýalaň işi, —professor gahar gazaba mündi we gürläp otyran oglana tarap bir ädim etdi. Daş töwerekde oturanlaryň barsy professora dälde gapdalda duran Mälige seretdiler. Bularyň dawwasyny Mälik eşidip öz zulmadyna başlamagy ähtimaldy. Bulara mesirgäp başlady diýen pikir bilen.
—Gözüňizi açyň akmaklar, —ýaňky oglan dowam etdi. —Biz hakyky dowzahda, biz hakyky injiliň dowzahynda. Kosmosdan hiç kim bizi halas etmäge hiç haçan gelmez. Bu ýeri iň soňky nokat...
Oglan sözini jemläp ýetişmedi, sebäbi eýýäm Mälige jan giripdi. Mälik 11 sany oturan adamyň oýyna gelip özine pida saýlaýardy. Hiç hili gürrüňsiz olaryň 11-si hem jebir jepa görmelidi, ýöne nobat nobatyna. Iň soňunda Mälik professory saýladyda ony dowzahyň merkezine tarap süýräp alyp gitdi. Oturan 3 sany aýal elhenç ses etdiler we birek biregi gujakladylar, ýöne ol sesden hiç hili peýda ýokdy. Mälik professory gowja oda ýakyp ýene yzyna alyp geljekdi, we oň ýerine başga adamy alyp gitjekdi. Mälik köplenç erkekleri gynanda 3 sany aýaly kömekçi hökmünde ulanýardy, olara gazan üçin odun çöpledýärdi.
©Rahman Zulfikarow
09.01.2022
Dowzahdaky gürp-bassy
-
Khanture
2 years ago
- Gyzykly hekaya eken...
-
TrustORG
2 years ago
- Hren sobaçi
Adalat19 2 years ago- Mälik diýmek Melek diýen sözünden gelip çykýar. Adamlar bilen fiziki dünýäde çaknyşmak üçin peýdalanylýan perişdeleriň kiçi wezipeli bölegi bolmagy ähtimal?