Jorj Stinney ABŞda ölüme höküm edilen iň ýaş ynsandy.

Ol elektrik toguna çatylan oturgyç arkaly öldürilende 14 ýaşynda'dy. Ol sud wagtynda we jeza beriljek gününe çenli özüniň günäsizdigini aýdyp, hemişe eline Injil alyp gezipdir.

Jorj 11 ýaşly Betti we 7 ýaşly Meri atly akýagyz gyzlary öldürmekde aýyplanýar.

Şol wagtlar sudýalaryň hemmesi akýagyzdylar. Sud bary-ýogy 2 sagat dowam etdi we 10 minutdan soň jeza hökmi okaldy. Şol wagt Jorjuň maşgalasyny gorkuzyp,şäherden kowupdylar.

Öldürilmezinden öň Jorj,ata-enesini görmän 81 gün ýaşady. Şäherden 80 kilometr uzaklykdaky hüjrede ýeke özi saklandy. Ata-enesiz we adwokatsyz ýeke özi.

Soň kellesine 5,380 volt elektrik togy goýberildi.

Ahyryn 70 ýyl geçip, günasizligi Günorta Karolinaly sudýa tarapyndan subut edildi. Çaga aýypsyz eken,onuň ýekeje aýby garaýagyz bolanlygydy.

Stiven King bu wakadan ylhamlanyp 1996 ýylda "Yashil mesgen" (The Green Mile) atly eserini ýazdy. Soňra bu eser esasynda film surata düşürildi.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir