Howwa, ýene akyl satmak maksady bilen şu mowzugy ýazaýyn diýdim. Sebäbi men samsyk, tupoý idiotlygym sebäpli diňe ile akyl satýan, emma özüm hiç kime hiç hilek kömek ýa-da peýdaly iş edemok.

Maňa-da dogry düşüniň, ile peýda berer ýaly mende wagt ýok. Iň pristoý primer, geçen aý dostlarymyz bilen üýşip ýetimler öýünde Sadaka berdik, häzir bolsa ýagdaýy pesiräk ene atalaryň çagalarynyň aýaz baba ýazan hatlaryndaky sowgatlary alyşdyrmak we sponsor gözlemek ýaly boş işler bilen başagaý biz.

Ýene geçen aý bilen şu aýy bile alsak, 8 sany maýyplara kolýaska alyp bermegi başardyk. 10-dan gowrak maýyp çagalara haýyr sowap pullaryny ýygnamana we internetde reklama etmäne kömek etdik. Şol sebäpden hem meniň wagtym ýok.

Wagtym ýok meniň, siziň global meseleleriňizi çözmäne,
Wagtym ýok meniň size Kuranmy ýa Gurhany öwretmäne,
Wagtym ýok meniň Ýeriň tekiz ýa Tegelekdigin ysbatlamana,
Wagtym ýok meniň göş, pomidor hyýaryň bahasyny dawalaşmana,
Wagtym ýok meniň Payhasly we onuň arkasynda bukulýan parasatly danalar bilen dawalaşmana.

Düşüniň WAGTYM ÝOK!!! Sebäbi, siz ýaly Akylly we internede sarp etmäne wagty kän adamlar bar wagty, men siziň ýanyňyzda hiç kim. Men ýöne dünýäni gowulyga üýtgetmek isleýän samsyk men, maýyplaryň gözlerindäki umytlardan geçip bilmeýän tupoý men. Tanamadyk adamymyň çagasy ýogalanda jynazasyna gatnap, ene atasy bilen deň aglaýan ýibanuty men.

Sorag-jogap, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir