Bir garyp adamyň aýaly ýag taýýarlaýardy we ony dukanyň birinde önümleriň arasynda satýardy. Aýaly bir kilogram agramly tegelek görnüşde ýag taýýarlaýardy. Olary dukanyň eýesine satyp we hem oz oýi uçin zerur, gerek zatlary satyn alýardy!
Bir gün bakjaçy satyn alýan ýagynyň agramy sebapli şubhelenip, ondan soň her tegelegi ölçäp agramy 900 gram agramdadygyny gordi. Ol garyp adama gaharlandy. Ertesi gun garyp adam ýanyna gelende, ýagy satyn alan adam gaharly garşylap hem oňa aytdy:
- Mundan beýläk ýagy senden satyn almaryn, sebabi agramy 1 kilogram diýp, ýone maňa satýanyňyzyň agramy bary-yogy 900 gram.
Soň garyp adam gynanyp, başyny aşak egip aýtdy:
- Jenap bizde terezi ýok, ýone men senden şeker satyn alypdym we ýagyň agramyny ölçemek üçin, siziň satan şekeriňiziň agramyna görä, ikisini deňäp, satjak bolýan ýagymyzy özim üçin ölçeg edipdim.
Ahlaky netije:
Seniň ölçeýan ölçegiň bilen ölçeniljekdigiňi, bilip goý!
Ölçeg
-
@Resul
2 years ago
- Terezi dälde 1 kilogramlyk daşym ýok diýen bolsa has ýerine dūşerdi.Sebäp terezi bolmasa şol şeker 1 kg bolondada göz çen bilen 00 çykaryp bolmazdy - + eýlä beýlä bolardy .
-
Tiko
2 years ago
- Gowy tema eken
-
Latife
2 years ago
- Allah bize ynsap bersin...
Khanture 2 years ago- Kurany Kerim Şuara süresi 182-183:
,,Ölçäniňizde dogry hem düzüw terezide ölçäň! Ynsanlara olaryň satyn alan zatlaryny kem çekip bermäň, tereziden iýmäň we ýer ýüzünde pitne-pisat çykarmaň!"