1922 ýyl 4 noýabr güni Müsüriň "Şalaryň deresinde" faraonlaryň XVIII nesilşalygyndan bolan hökümdar Tutanhamonyň gabry tapyldy. Bu tapylmadan soň dünýä neşirlerinde dürli rowaýatlar döredi. Bularyň hemmesi ekspedisiýa gatnaşyjylaryň syrly ölümine dahylly diýip hasaplanan «Tutanhamon gargyşy» bilen bagly myş-myşlardy. Olar nähili peýda boldy we nireden gelip çykdy?
Hemmesi arheolog,ekspedisiýa ýolbaşçysy Howard Karteriň kanareýkasyny näbelli ýerden gelen kobra ýuwudanda başlaýar. Karteriň ýollan ýerli işçileri munda nähilidir bir häsiýetsizligiň barlygyny aýdyp duýdurýarlar. Çünki kobralar Faraonlaryň gabyrlarynyň goragçylary hasaplanýardy. Adamlar gabryň açylmazlygyny,onuň içine girmezliklerni haýyş etdiler.
Täsin arheologik tapylma
Ähli duýduryşlara seretmezden,taýýarlyk işleri gutarandan soň 1922 ýyl 26 noýabr güni Karter ekspedisiýa üçin howandarlyk edýän Lord Karnarwon hemde onuň gyzy ledi Harbertiň gatnaşmagynda guburhanaň içine girmegiň hötdesinden geldiler. Bu hakda Karter öz ýatlamalarynda şeýle belleýär: «Ilki hiç zady görüp bolmady. Otagdan çykan yssy şemal çyranyň oduny pyrpyratdy. Soňra garaňkylyga öwrenip başlan gözlerim şekilleri-täsin haýwanlar,heýkeller we altynyň ýaldyraýşyny gördi».
Lord Karnarwon we gyzynyň nämäni görendigi hakyndaky sowalyna Karter "hazyna" diýip jogap berdi. Otagda ýüzläp zatlar üýşürip goýulgydy. Zoomор görnüşindäki depin düşegi, ussatlyk bilen işlenen sandyklar, bezelen wazalar,kürsüler,hasalar, bezegli arabalar we başga-da birtopar zatlar bardy. Otagyň soňunda iki faraon heýkeli möhürlenen gapynyň sakçylary hökmünde ýerleşdirilendi. Guburhana bozulmadyk ýagdaýda du:rdy.
Ikinji otag 1923 ýylyň 17 fewral güni çagyrylan ýokary mertebeli myhmanlar- Belgiýa şa aýaly Ýelizabet we onuň ogly Leopoldyň gatnaşmagynda açyldy. Diwarlary mawy we altynreňkli bezegler bilen bezelen otagyň ortasynda üç sany sarkofagyň içinde Tutanhamonuň üç müň ýyldan bäri degilmedik mumiýalanan jesedi ýatyrdy.
« Bu ýerini har edenler,depäňizde ölüm ganat kakjakdyr!»
Bu ýere ýetip gelen žurnalistler ähli döwürleriň iň bir ajaýyp (уникальный) tapyndysy hakynda dünýä jar etdiler. Olaryň hekaýalary, tapyndydan alty hepde geçip Lord Karnarwonyň nähilidir bir howply kesele ýolugandan soň has hem täsin bolup başlady.
Metbugat, arheologlaryň ünsden düşüren,guburhanaň girelgesine oýulyp ýazylan ýazuwa üns çekdiler: «Bu ýerini har edenler,depäňizde ölüm ganat kakjakdyr!». Şeýlelik bilen, «Tutanhamon gargyşy» taryhsöýüjileri ýüz ýyldan bäri geň galdyryp gelýär. Žurnalistler şundan soň «syrly ölümler» hakda ýazyp başladylar. 1923 ýylyň 5 aprel güni ekspedisiýaň hemaýatkäri Lord Karnarwon Edward Herbert hassalyk sebäpli wepat boldy.
Кanadaly müsürşynas professor La Flýor maý aýynda, Karnarwonuň agasy polkownik Herbert sentýabr aýynda wepat boldy.1924 ýyl ýene bir arheolog Hýu Iwlan Uaýt,mumiýany radiologiýa arkaly barlan radiolog Arçibald Duglas Ridlar wepat boldy. Şeýlelik bilen,1939 ýyla çenli,ýagny Karteriň ölümine çenli 27 sany ekspedisiýa gatnaşanlar ýekän-ýekän wepat boldular.
Ähli ölümleriň sebäbi ýönekeý
Birnäçe alymlar, iň bir bimany pikirleri öňe sürmekdenem çekinmediler: mumiýalananda ulanylan süýji badam ýagy sianide öwrülen; gabryň otly kesindileri myşýaga batyrylan; arheologlar müň ýyllyk wirusyň oýanmagy netijesinde ýüze çykan asfiksatik pinewmaniýa çalynan… Başgalaryň pikiriçe bu faraon bilen bile kümmete goýulan azyk önümlerindäki allergik heň (плесень) sebäpli ýüze çykan.
Ekspertler bolsa bu barada gutarnykly pikire eýe: bir ýerde şunça uzak wagt saklanyp galýan hiç hili mikrop ýada kömelek (грибок) ýok. Şeýlelik bilen,bu «syrly ölümleriň» sebäbi örän ýönekeý.
Saglyk ýagdaýy gowşak bolan Lord Karnarwon infeksiýa daşaýjy çybyn çakmagy sebäpli ýokuşan sepsisden wepat bolan bolsa, polkownik Herbert Londonda dişinde geçirilen operasiýa sebäpli wepat bolýar. Ilwin Uaýt bolsa özüni asýar. Arheolog Howard Karter gubur açylandan 12 ýyl geçensoň ölýär.
Belgiýaň şa aýaly Ýelizabeta bolsa 1965 ýylda 89 ýaşynda aradan çykdy. Ledi Herbert we şazada Leopold ikisi hem 1980 ýyllarda wepat boldular. Şeýlelik bilen, «Faraon gargyşy»nyň ýeke täk gurbany Karteriň biçäre guşy boldy.
****
-
Гость
3 years ago
- Ýok,Jek!
-
Real.123.
3 years ago
- 👍👍👍
Jeksparro 3 years ago- Onda gorkara zat ýok-da?