ONUŇ ATASY BAŞGA PLANETADAN

ABŞ-da çykýan ''San'' hepdeliginiň habar bermegine görä, 14-18 ýaş aralygyndaky gyzlaryň 11-si başga planetadan gelen gelmişeklerden betgörk çaga dogurdy. Gyzlaryň bary Günbatar Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýar. Olaryň biri barada aşakdaky maglumatlar aýan.
Bolgariýaly 15 ýaşly Tanýa bir gün gije gorkup oýanýar. Äpişgeden daşaryk äňetse, dürli reňkli öwüşgin atýan bir şara gözi kaklyşýar. Şaryň ululygy oba öýleriçe bardy. Muny gören Tanýa gyzyklanma bilen daş çykyp, şara tarap ýönelýär. Golaýrak baranda UNO-nyň (Uçýan Näbelli Obýektiň) gapdalynda adamsypat üç gelmişek görünýär. Olaryň boýy 1,2 metre golaý bolup, derisi kümüşreňk, gabaklary-da ýap-ýaşyldy. Üstesine, gelmişekler gaty semizdi. Olar gyzy içeri çagyrýarlar. Şondan soň Tanýa bir-ä äpet we gorkuly jaýy, onuň gümmeze meňzeş ýokarsynda ýyldyzlary ýatladýan nolatlaryň ýyldyraşyp duranyny, birem çyg maýsalaryň üstünde ýatanyny, asmanda bolsa ýagty şaryň uçup barýanyny ýatlaýar. Başga zat ýadyna düşenok.
Şu hadysadan 10 aý geçenden soň Tanýa uly çaga dogurýar. Kümüş-ýaşyl reňkli bu eýmenç çaganyň kellesi ýasy bolup, derisi-de juda gatydy.
''San'' hepdeliginiň habarynda bellenişine görä, bu täsin çaga özüne meňzeş ýene 10 çaga bilen Sowet Soýuzyna iberilipdir. Olaryň hemmesi gözden geçirmek we barlag alyp barmak üçin harby gospitallaryň birine ýerleşdirilipdir.

(''Fan we turmuş'' žurnalyndan)

ÝAŞ KOMMUNIST

11.12.1990.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir