[Betinden
Chary
18.06.2019 / 03:33:09
Garranyňa gynanma,boş geçiren wagtyňa gynan !]

Bir gezek alym adam okuwçysy bilen gumak ýoldan ýöräp gelýärkä olaryň öňünden örän gamgyn halda gelýän bir adam çykypdyr. Alym adam ol adamyň örän gamgyn halda ýegşerip gelýäni üçün ondan:
—Beýle gamgyn görünýäňiz,näme boldy beýle?—diýip ondan sorapdyr. Ol adam alyma garap :
—Aý,ýaňy bir ýaramazyň biri iň bir erbet sözler aýdyp meniň göwnüme degdi,ýogsa men oňa hiç hili erbetlik eden,ýa diýen zadymam ýok—diýipdir. Alym oňa garap :
—Ýok how,ol seniň göwnüňe degip bilmeýär.
—Ol nähili degip bilmeýär,men göwnüme degdi diýip durun,onsaňam sen ony tanaňoga,ikimizem ýaňy sataşdyk,men hem seni tanamok. Alym sesini çykarman gapdala aýrylyp ýerden bir zady gysymyna alyp ony ol adama uzadypdyr:
—Ine al şuny,bu saňa kömek eder.Ol adam ony eline alsa tomazak ekeni,ol ony çaltlyk bilen ýere taşlap nägilelik bilen alyma garap:
—Aý,nädýäňizaý ýaşuly,näme üçin bu nejis zady maňa berýäň ? -diýipdir. Alym oňa garap:
—Gorkuzan bolsam bagyşla—diýip ,ýanyndaky okuwçysyna garap—Ýöne,okuwçymdaky zat saňa peýdalydyr,kömegi deger.Hany muňa bagda oturanymyzda tapan zadymyzy ber—diýipdir. Ol adam :
—Ýok how,ýenede ýaňky ýaly nejis zat berjek bolsaňyz,derkar däl—diýipdir.Okuwçysy torbasyndan gowy gyzyl alma çykaryp ol adama uzadypdyr. Ol adam " Şular ýene bir oýun etjek bolýan bolaýmasyn"—diýip almany alman seresaplylyk bilen ony synlap,soň zat ýokdugyna göz ýetiripdir,ýöne minnetdarlyk bildirip"Gerek däl "—diýip almany almandyr. Alym ondan:
—Näme üçin almadyň,ýöne tomazaga alypdyň ?—diýip sorapdyr. Ol adam:
—Tomazagy biygtyýar,özüm bilmezden alypdyryn,alma bolsa maňa gerek däl-diýipdir. Alym oňa garap:
—Ine ,durmuşda hem şeýle bolýar,biz köpülenç özümize berilen zady alýarys,hatda kä wagt halamadyk zadymyzy hem alýarys. Bize berýäler ,bizem alýas. Ýöne ,berilen zat alynýança doly tamamlanýan däldir. Berilen zat alynanda ol tamamlanan bolýandyr. Berilen zat alynmasa ,ol bereniň özünde galar. Berip-almaklyga iki adam hem gatnaşýar.Ýagny,bize bir zat sowgat berdiler diýeli,şony biz alsak ol biziňki,almasak ondan ýüz öwürsek ol zat ony berjek bolýanyň özünde galar. Şonuň ýaly saňa kemsiduji sözler aýdylanda hem şeýle,sen ol sözleri kabul etseň ,(köpülenç biz ony kabul hem edýäris) seniňki bolar,kabul etmeseň olar ony aýdanyň özünde galar. Men şondan ol seni kemsidip bilmez diýdim. Ol seni kemsidipdir,sebäbi sen oňa kömek edipsiň onuň özüňe aýdan ýakymsyz sözlerini kabul edip.

Rusçadan terjime edip size ýetiren
@ Chary aga

https://dostluk.ru/mowzuk.php?id=41005
Kopýa edip bärik ýelmän: Tiko

Sorag-jogap, Tiko tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir