Äpişgeden bakýan körpeje gözleñ,
Bar umydy şu ýollarda gizlenen.
Sözler bilen aýtsam dolýar damagym,
Naçarlary görmek agyr göz bilen.

Nätanyş aýalyñ sesi eşdilse,
"Şula ejem" diýşip ylgap çykýarlar.
Gaharjañ erkek bol, ýa-da mähriban,
"Kakam..." diýip, umyt bilen bakýarlar.

"Eger ejem gelse, şähere aýlar,
Kakamjan telefon äberer täze..."
Olara gyzyk däl, pasyllañ görki,
Olar mähre mätäç,
Mätäç däl ýaza.

Ýüzleri gülse-de, gyzaryp güler,
Adamyñ içinde lowlasa alaw.
Ýarym garyn doýar, ýarymgöwünler,
Hepde-de birje gün bişende palaw.

Biz bolsa, iýdirip bilmän kösenýäs,
Çagamyza artyk bişen nahary.
Telefonlaryny elinden alsañ,
Derhal Ýüzlerine çykýar gahary.

Ene-ata gadry ýoklukda güýçli,
Bar zatlañ gadyryn bilmeýär ynsan.
Köşge öwürseñem ýetimler öýün,
Ejesiz, kakasyz perzende zyndan.

Ol ýere perzendin taşlap bilýänler,
Ynsanlygyn tenden üzüp gidýärler.
Iññä dözülmeýän çagajyklary,
Baky agyr ýara dözüp gidýärler.

A how, adam ölseñ kysmatyñ işi,
Dirilikde "ýetim" diýdirmäñ näme?
Bigünä perzende , zalym durmuşdan,
Sebäpsiz şarpygy iýdirmäñ näme?

"Ejem, kakam gelip äkider öýe,
Bu gün işi kändir, gelerler ertir".
Diñläp arman bilen agladýan içim:
- Öýe gitmek üçin size entek ir...

Umytly ertirler, sönen şu günler,
Aýlanyp dur çagalara ýüz bermän.
Haýyşym: duşsalar ýolda, ýodada,
Olara hiç "ýetim" diýip ýüzlenmäñ!
Kerim Hally

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir