Soraglar we Jogaplar

1. Jennet bilen Jähennem şu wagt barmy?

Hawa, Jennetem, Jähennemem şu wagt bar. Hezreti Adam (a.s) Jennetde bir müddet ýaşansoň, bu dünýä inderilipdir. Ynsanyň bu dünýädäki syýahaty, bir tarapdan, ýitiren Jennetine tarap syrygýar. Pygamber Serwerimiz (s.a.w) Magraja çykanynda, Jennet bilen Jähennemi gezdi, ol ýerdäkilere berilýän sylaglary we jezalary gördi. Jennet bilen Jähennem şu wagt hem bar. Olaryň nirede ýerleşýändigini diňe Alla bilýär. Jähennem kapyrlar üçin, Jennet bolsa, müminler üçin ýaradylandyr. Alymlaryň käbiriniň pikirine görä, Jennet bilen Jähennem tohum bolup dur. Ynsan edýän amallary bilen öz Jennetini ýa-da Jähennemini bina edýär. Ýagny bu ýerde yhlasly okan bir wagt namazyna derek, o dünýäde bir öý salnar. Bu ýerde bir gezek ”Lä ilähe illalla” diýse, o dünýäde onuň üçin bir sany Tuba agajy ekiler. Munuň hususan-da, şu wagt bu dünýäde ýaşaýan, wagt bilen ýaryşýan ynsan jähetinden şeýle bolmagy dogrudyr. Emma wagty ýeňip geçen kişiler üçin, Jennet ähli gözellikleri bilen häzirem bar. Hakykatdanam, Älemleriň Serweri (s.a.w) Magraç gijesinde Jennet bilen Jähennemi, olaryň içindäki ynsanlaryň hal-ýagdaýyny görýär. Ýagny, bir tarapdan, şol geljegi görýär. Bu babatda, alymlaryň käbiri hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ol ýerde mysal älemini we onuň içindäkileriň bolsa, mysal älemindäki keşplerini görendigini çaklaýarlar. Dogrusyny Alla bilýär.

2. Jähennem ahyretde adamlary terbiýeläp bilermi?

Jähennem – edilen erbet amallaryň jezasynyň çekilýän ýeridir. Bu dünýäde iman getiren we ýagşy işleri edenler Jennete girerler. Olar öz üstüne düşen wezipäni ýerine ýetirmek, Kuran ahlagy bilen terbiýelenmek arkaly kämillik mertebesine ýetýärler. Ajal ýakadan ebşitläp tutansoň, bu durmuşyň soňy görünýär. Ölüm bilen her bir kişi nämäniň dogry, nämäniň ýalňyşdygyny görýär. Müminler dirikä pursaty elden bermändikleri üçin begener, kapyrlar bilen asylar bolsa, ömrüni ýele sowrandyklary üçin puşman ederler.

Gabyr, kyýamat, hasap we mizan terezisi ýaly yzygiderlilikde dowam edýän ahyret ýurdunda her kimiň özüne ýetik hysyrdysy bolar. Bularyň ählisi müminleriň kirlerden tämizlenmegine, käbir ýalňyşlyklaryndan saplanmagyna sebäp bolar. Şeýlelikde, olar Jennete ýazyksyz girerler. Edil şonuň ýaly-da, Jähennem hem käbir ynsanlaryň günälerden saplanmagyna sebäp bolar. Günäsi sogabyndan agdyklyk eden müminler Alla nähili islese, şonça wagt Jähennemde ýanarlar. Ol ýerde ahmyr edip aglarlar, dyz çöküp ýalbararlar. Bu dünýäden imanly gidendikleri üçin, haçanam bolsa bir gün ähli günälerinden päklenip, Jennete girmäge hukuk gazanarlar. Allanyň emri bilen bir howuzda ýuwnup-ardynarlar-da, Jennete girerler. Bir rowaýata görä, olara Jennete giren wagtlary ”Dowzahylar” diýip ýüzleniler. Emma olar Jennete girensoň, Jähennemden gutulandyklary üçin asla gam çekmezler. Ondan gutulmak – hemme zatdan ýokarda durýar. Şu sebäpli hem, Jähennemiň ynsany terbiýelemekde rol oýnaýar.

Jähennemde kapyrlaryň hem hakykata göz ýetirmegi mümkin, ýöne olar iman getirmändikleri üçin Jähennemden gutulyp bilmezler.

3. Jennet bilen Jähennem nirede?

Ilki bilen şuny belläp geçeliň: bu ýagdaý çürt-kesik mälim edilmedikdir. Ýagny Allanyň mülki gaty giňdir we Ol bulary islän ýerinde salyp biler. Bu barada bize kesgitli hiç zat aýdylmadyk. Ýöne aýat we hadyslarda käbir alamatlalar bar. Bu meselä diňe şu ugurda kämilleşen din alymy düşüner. Olam kesgitli zat aýdyp bilmän, ”Alla bilýär” diýip oňaýmasa. Bu inçe syry belläp geçensoň, soraga jogap bolup biljek şu hadysy aýdyp geçeýin: Rum patyşasy Heraklyň ilçisiniň ”Sen giňligi ýer bilen gök ýaly bolan Jennete çagyrýarsyň. Beýle bolsa, Jähennem nirede?” diýen soragyna Serwerimiz (sallallahu aleýhi we sellem): ”Subhanalla! Gündiz wagty gije nirede bolýar?” diýip jogap berýär.

Üstad Bediüzzaman hezretleri şu we şuňa meňzeş rowaýatlary nazarda tutup, özüne soralan Jähennem hakyndaky soragy ”Mektubat” atly eserinde Jähennemiň ýerleşýän ýeri hakyndaky käbir rowaýatlara esaslanyp, dünýäniň ýyl boýunça Günüň daşyndan aýlananda, aslynda haşyr meýdanynyň daşyndan aýlanýandygyny, ýagny haşyr meýdanynyň şol çäkde guruljakdygyny, Jähennemiň hem şol daşyndan aýlanylýan meýdanyň aşagynda ýerleşýändigini aýdýar. Ol örtükli hem-de nursuz bolandygy sebäpli, edil asmandaky Aý we birentek saýýaralaryň Gün doganda gözden gaýyp boluşlary ýaly, göz bilen görüp bolmaýandygyny belleýär. Şu pikir Serwerimiziň (s.a.w) hadyslaryndaky pikir bilen doly örtüşýär. Üstad bu tema bilen baglanyşykly şeýle gymmatly maglumatlary hem gürrüň berýär: Jähennem ikidir. Biri kiçi Jähennem, beýlekisi bolsa, uly Jähennem. Kiçi Jähennem ýeriň aşagynda, ýagny ýeriň merkezindedir. Geologiýa ylmy aşak gidildigiçe, her 33 metrden gyzgynlygyň bir dereje artýandygyny aýdýar. Ýeriň radiusy bolsa, takmynan 6000 kilometr. Bu bolsa, merkezde gyzgynlygyň 200000 derejedigini aňladýar. Ýagny merkezdäki ot (magma) dünýä odundan 200 esse has güýçli bolup durýar. Munuň özi hadyslardaky maglumat bilen gabat gelýär. Bu kiçi Jähennemiň dünýäde hem-de gabyr äleminde uly Jähenneme degişli birnäçe wezipeleri ýerine ýetirjekdigine käbir hadyslarda yşarat edilýändigini aýdýan Üstad Bediüzzaman hezretleri bir gün, bu dünýäniň içindäkileriň haşyr meýdanyna boşadylyşy ýaly, kiçi Jähennemiň-de uly Jähenneme boşaldyljakdygyny belläp geçýär. Üstad hezretleri munuň başgaça bolmagynyň hem mümkindigini, ýagny kiçi Jähennemiň ýa-ha uly Jähennemiň bir tohumy halynda bolup, kyýamat-magşar güni gögerip, uly Jähenneme öwrüljekdigini, ýa-da şol uly Jähennemiň bir bölegi boljakdygyny ýazýar. Ol bu meselä dürli tarapdan çemeleşip: ”Jennet bilen Jähennem – ýaradylyş daragtynyň ebedilige tarap egrelip gidýän şahasynyň iki miwesidir. Miwäniň ýeri, şahanyň ujudyr hem-de ol älem zynjyrynyň iki netijesidir. Netijeleriň ýeri zynjyryň iki tarapyndadyr. Hapasy, agyry aşak tarapynda, arassa we gowusy bolsa ýokary tarapdadyr. Onsoňam, olar akyp barýan siliň we ýeriň magnewi hasylynyň iki harmanydyr. Harmanyň bolsa, hasylyň görnüşine görä, erbedi aşagynda, gowusy ýokarsyndadyr. Hem-de ebedilige tarap akýan iki howuzdyr. Howuz bolsa, siliň akmasyny goýup, üýşen ýerdir. Ýagny hapalary aşakda, tämizleri ýokardadyr. Hem-de lutuf we gazabyň, rahmet we beýikligiň dabaralanýan iki mekanydyr. Bu bolsa, islendik ýerde amala aşyp biler. Rahmany-Züljemal we Kahhary-Züljelal rahmet we gazabyny, nirede islese, şol ýerde dabaralandyrar” diýmek bilen, Jähennem hakynda hakyky ylmyň Allatagala degişligini, biziň bu barada maglumatymyzyň çäklidigini nygtaýar.

4. Oňat ahlakly kapyrlar Jähennemde ebedi galarlarmy?

Her näçe bilse-de, Allany inkär edenleriň ebedi Jähenneme girjekdigi we iman getirenleriň-de ebedi Jennet nygmatlaryna miýesser boljakdygy öňem aýdylyp geçilipdi. Ýöne özlerine hak din doly düşündirilmedik adamlar hem bolupdyr. Bu ýagdaý barada yslam alymlary kän kelle döwüpdirler. Ymam Maturidä görä, ynsan bir pygamber ýa-da ylahy kitap bilen tanyşmasa-da, öz akyly bilen hökman Allany tapmaga borçludyr. Onuň borjy diňe Allanyň barlygyna we birligine akyl ýetirip, Oňa ynanmakdyr. Muňa bu dünýäde we öz içki dünýäsinde ençeme delil bardyr. Ol Allanyň adyny, sypatlaryny we özünden näme isleýändigini bilmän biler. Ondan parzlary ýerine ýetirmegine-de garaşylmaz. Beýle kişiler ”fetret ähli”16 hasaplanylýar. Bular haçanam bolsa, Jennete girerler. Eşarylar bolsa, ”Biz, pygamber goýberýänçäk, hiç kime azap bermeris” (”Isra”, 17/15) aýatyny tutaryk edinip, özüne ylahy beýan bildirilmedik ynsanyň hiç zada jogapkär däldigini – ne iman getirmäge, ne-de parzlary ýerine ýetirmäge mejburdygyny aýdýarlar. Ýagny Maturidiler fetret ählini diňe amalda, Eşarylar bolsa, hem iman hem-de amalda kabul edýärler.

Kimdir birine ylahy çakylyk öz düşünjek dilinde duýdurylsa, ol muny aç-açan inkär etse – kapyr, iman getirse – mümin bolar. Eger asla duýdurylmasa, fetret ähline girer. (Ýöne Maturidi, onuň öz akyly bilen Allanyň barlygyna we birligine göz ýetirip, Oňa ynanmagyny zerur hasaplaýar). Ýöne ylahy çakylyk söz arkaly duýdurylsa, özi-de erbet uslyp bilen, hak din garalanyp, musulmanlar ýamanlanyp, Yslam dini ýalňyş tanadylsa, onda ”ylahy ýüzlenme duýduryldy” diýmek dogrumy – ýalňyşmy belli däl. Munuň soňy Allatagala bagly. Alla bendesine: ”Gowy ýa-da erbet bir zat eşitdiň, soňuny näme üçin yzarlamadyň?! Nämäniň dogry, nämäniň ýalňyşdygyny bilip öwrener ýaly, saňa akyl berdim, ygtybarly çeşmeler inderdim. Gözläp tapsaň bolmaýarmy?!” diýibem biler. Meseläniň şu ýeri Oňa bagly. Belki-de, mundan dini dogry tanatmaly kişiler jogapkärdir. Alla bilýär...

Oňat ahlakly kapyrlar barada aýdanymyzda, bulara hökman bir ýerde eden ýagşy amallarynyň nepi deger. Aýatda kim näçeräk ýagşylyk etse, şoňa görä peşgeş, kim näçeräk erbetlik etse, şoňa görä jezä aljakdygy aýdylýar.Şeýle bolsa, ýa-ha bu dünýäde üstünlik gazanmak, ynsanlaryň söýgi we hormatyna mynasyp bolmak, asuda hem abadan durmuşda ýaşamak ýaly birnäçe nygmatlara eýe bolar, ýa-da eden birentek ýagşy işleriniň netijesinde ahyretde onuň azaby ýeňlediler. Meselem, Serwerimiziň (s.a.w) iň ganym duşmanlarynyň biri bolan Ebu Lehebiň öz gyrnagyna söýgüli Pygamberimizi (s.a.w) birnäçe gezek emdirendigi üçin, Jähennemdäki azabynyň hepdede bir gün ýeňledilýändigi ol ölenden soň düýşde görülýär.

Ynsan Allany tanamak, Oňa ybadat etmek ýaly öz üstüne düşýän we ýaradylyş hikmeti bolan işlerde geleňsizlik etse, olary ýerine ýetirmese, beýleki eden ýagşy işleri ony halas edip bilmez. Belki-de, oňat ahlak, edep, özgäniň hakyny iýmezlik, jomartlyk, işeňňirlik, ýardamsöýerlik ýaly Allanyň halaýan häsiýetlerine eýe bolan kapyrlara bu dünýädekä, şol ýagşy häsiýetleriniň saýasynda dogry ýoly tapmak başardar. Ýöne bu dünýäden iman getirmän gitseler, ýaryşda ters tarapa ylgaýan marafonçy ýaly hernäçe ylgasa-da, ýadasa-da peýdasy bolmaz. Hiç wagt ýaryşy üstünlikli tamamlap bilmezler, hatda pellehana-da ýetip bilmez.

5. Jennet we Jähennem durmuşy kyýamat gününden soň başlanýan bolsa, Serwerimiziň (s.a.w) ”Jennetde pylanyny gördüm” diýen sözlerine nähili düşünmeli?

Bu öňden çürk-kesik edilip, kesgitlenen ýagdaýdyr. Ýagny Allatagalanyň ylmy bilen täleýde ýazylan zatlaryň berzah äleminde şöhlelenmegidir. Kimiň Jennetde, kimiň Jähennemde boljagy ynsanlar ýaradylmazdan öňem bellidi. Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi wesellem) bolsa olaryň täleýini okap, şondan habar berýärdi.

Jennetileriň alýan lezzeti ýa-da dowzahylaryň çekýän yzasy dogrusynda şeýle diýip bolar: gürrüňi edilýän lezzet-de, yza-da beden bilen däl-de, ýa ruhy ýagdaý ýa-da ynsanyň soňy bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi Serwerimiziň habar beren Jennet ýa-da Jähennemdäki jisimler ylmy jisimlerdir. Hawa, dünýädäki jisimler daşky jisim, beýlekiler bolsa ylmy jisimdir. Birinjä ylym, ikinjä bolsa ylym bilen bilelikde erada hem gudrat degişlidir.

6. Bir aýal adamsy aradan çykansoň, başga birine durmuşa çyksa, ol adamsy hem aradan çykyp, soňra başga birine durmuşa çyksa, Jennetde haýsy adamsy bilen ýaşar?

Birnäçe hadysda adamsy ýogalansoň, ikinji gezek durmuşa çykan aýalyň Jennetde haýsysy bilen (öňki bilenmi ýa soňky bilen) boljakdygyny soran Ümmi Habibä Serwerimiz (s.a.w) haýsysy oňat ahlakly bolsa, şonuň bilen boljakdygyny aýdýar. Başga bir rowaýatda bolsa, aýalyň durmuşa çykan kişilerini saýlamak özüne bagly bolup, özi haýsysyny halasa, şoňa ýar boljakdygy aýdylýar. Beýleki bir rowaýatda-da, soňky adamsynyň aýaly boljakdygy aýdylýar. Hakykatdanam, HezretiMuawiýe adamsy ýogalan Ümmüd-Derda öýlenmekçi bolanda, Ümmüd-Derda muňa razy bolmaýar we onuň sebäbini şeýle düşündirýär: ”Ebud-Derda aýatda dirikä maňa: ”Aýal maşgala Jennetde soňky adamsy bilen bolar. Şonuň üçin, menden soňra, başga birine durmuşa çykma” diýipdi.”

Bu rowaýatlaryň arasynda many taýdan hiç hili gapma-garşylyk ýok. Sebäbi aýalyň oňat ahlakly, özüne mähriban garaýan adamsyny saýlajagy belli zat. Iň soňky durmuşa çykan adamsyna aýal boljakdygy bolsa, hemme adamsy oňat ahlakly bolup, haýsysyny saýlajagyny bilmedik halaty üçin aýdylan bolaýmasa. Biziň üçin esasy zat bu rowaýatlaryň her biriniň Jennetde bir aýalyň birden köp erkegiň ýoldaşy bolmajakdygyna, birden artyk erkek bilen bir ýerde bolmajakdygyna aýdyň şaýatlyk etmegidir. Sebäbi bir aýal Jennetde birden köp erkek bilen bile bolsady, öňi bilen, özi ýaly Jennete giren bu dünýädekä durmuşa çykan kişileri bilen bilelikde bolardy. Aýalyň şol erkeklerden diňe biriniň ýoldaşy boljakdygynyň aýdylmagy Jennetdäki maşgala durmuşynyň diňe şol erkege degişli boljakdygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ibni Kesiriň gürrüň berýän bu rowaýatlaryndan başga bir rowaýatda bolsa, aýalyň ilkinji adamsy bilen bile boljakdygy aýdylýar. Iň dogrusyny Alla bilýär.

7. Jennet ebedi bolsa irizmezmi?

Jennet ebedidir, emma Jennetde birmeňzeş durmuş bolmaz. Ol ýygy-ýygydan täzelenip dur, her gün düýbünden başga sowgatlar bilen doldurylar. Jennetiler sowgatlaryň jümmüşinde bizar bolman, dowamly bir sagadatdan beýleki sagadata, bir bagtyýarlykdan beýleki bagtyýarlyga ylgarlar. Sebäbi onuň halaýan zatlarynyň ählisi ol ýerde bardyr we olardan isledigiçe peýdalanmaga onuň doly haky bardyr. Dünýä nygmatlaryndan tapawutlylykda, ol ýerdäki nygmatlar tükeniksizdir, hil taýdanam deňeşdirerden örän ýokarydyr. Galyberse-de, ol ýerde gowy görýän kişileriniňem hemmesi bolar we olar bilen bilelikde bu ajaýyp nygmatlardan peýdalanarlar. Olar özleriniň gaharyny getirjek zada duşmazlar. Jennet ähli bu dünýädekä özüni birahat eden, gynandyran duýgulardan saplanyp, Jennete girer. Bediüzzaman hezretleri bu mowzuk bilen baglanyşykly şeýle diýýär:

Sowal: Bu älemde lezzet yzanyň dep bolmagyndan döreýär. Emma ahyretde yza ýok ahyry. Muňa nähili düşünmeli?

Jogap: Yzanyň dep bolmagy lezzetiň emele gelmegine sebäpdir. Ýogsam, lezzet diňe şonuň üçin ýaradylmandyr.

Şeýle hem, ebedi älemiň bu äleme meňzedilmegi biri-birine meňzemeýän iki zadyň deňeşdirilmegidir. Ýagny ikisiniň arasynda gaty uly tapawut bolany üçin, biri-birine meňzemeýär. Jennet bilen Horhor17 medresesiniň bagynyň arasynda nähili tapawut bar bolsa, Jennetiň lezzetleri bilen dünýäniň lezzetleriniň arasynda-da şo dereje tapawut bardyr. Jennetiň Horhoryň bagyndan derejesi näçe belent bolsa, ahyretdäki lezzetler-de dünýä lezzetlerinden şonça belentdir. Ibni-Abbas bu barada: ”leýse fil jenneti illä es-mauhe” diýýär. Ýagny ”Jennetde dünýä ir-iýmişleriniň diňe atlary bardyr”. Diňe atlary meňzeşdir, lezzetleri tapawutlydyr. Jennetde lezzetiň dowamlylygy baradaky meselä geçeli: Hawa, lezzetiň hakyky lezzet bolmagy onuň hiç haçan gutarman, dowam etmegine baglydyr. Sebäbi yzanyň dep bolmagynyň lezzet bolşy ýaly, lezzetiň tamam bolmagy hem yzadyr, hatda onuň soňunyň geljegini pikir etmek hem yzadyr. Hawa, ähli ýasama aşyklaryň çekýän zary, ahy-nalasy şular ýaly yza sebäplidir.

Hawa, wagtlaýyn lezzetleriň birenteginiň, tamam bolmagy bilen hemişelik yza berşi ýaly, birentek yzanyň dep bolmagy-da, şirin lezzetleriň döremegine getirýär. Lezzet we nygmat bolsa, diňe dowam eden ýagdaýynda lezzet we nygmatdyr.

Gysgaça aýdanymyzda, ynsan ebedi älem üçin ýaradylandyr. Onuň hakyky aljak lezzetleri diňe Allany tanamak, Allany söýmek we ylym ýaly ebedi amallardadyr.

Ryzkyň kemçiliksiz, iň kämili olaryň gadyrynyň bilinmegi üçin öňden tanyş bolan görnüşleridir. Ir-iýmişleriň lezzeti täzeliginde we üýtgäp durmagyndadyr. Iň gowy lezzet – taýýar we ýakyndaky lezzetdir, iň lezzetlisi bolsa olaryň eden amalyň üçin berilýändigini bilmekdir. Kurany Kerim ”Küllemä ruziku minhä min semeratin ryzkan kalu häzellezi ruziknä min kabl” diýmek bilen muny beýan edýär.

Ýagny ”Bu öňem iýen miwelerimizdir ýa-da dünýäde iýen ir-iýmişlerimizdir”. Çünki Jennetiň ir-iýmişleri biri-birine meňzeýşi ýaly, daşky görnüşi taýyndan dünýädäki ir-iýmişlere-de meňzeýärler.Ýagny ”We utu bihi muteşäbihä” (Ryzklary biri-birine meňzeş edilip getiriler.) Hadysda-da aýdylyşy ýaly, Jennetdäki ir-iýmişleriňkeşbi meňzeşdir, emma tagamy bir däldir. Bu jümlede näbelli galypda getirilen ”utu” sözünden belli bolşy ýaly, ryzkyň ynsanyň öňüne eltilmegi keramat we sylag-hormatdan nyşan bolany üçin, uly lezzet berer.

”Hazellezi ruziknä min kabl” (bu zat ryzk hökmünde öňem berilýärdi). Bu sözlemde takyk kesgitlenmän geçilen ”ryzk” sözüniň dört manysy bolup biler:

1. Ryzk diýlende, salyh amal göz öňünde tutulýar. Ýagny ”Bu dünýäde bize ryzk hökmünde nesip eden zat salyh amaldyr. Has takygy, häzir iýýän ryzkymyz dünýäde eden salyh amallarymyzyň netijesidir”. Ýagny amal bilen sylag biri-biri bilen berk baglanyşykly bolup, göýä, dünýädäki amal, ahyretde sogabyň jismine öwrülýär. Olaryň begenjiniň sebäbi şoldur.

2. Ryzk diýlende, dünýädäki iýmitler göz öňünde tutulýar. Ýagny ”Dunýäde bize ryzk hökmünde berlen iýmit bulardyr. Emma olaryň lezzetinde, tagamynda dag ýaly tapawut bar”. Ine, olar şoňa geň galýar.

3. Bu miweler ýaňky iýen miwelerimiz ýalydyr. Daş keşbi birdir, emma tagamy aýratyndyr. Diýmek, keşbi meňzeş bolany üçin, öwrenişilen lezzeti berýär, tagamlary aýry bolany üçinem, täze, üýtgeşik lezzet, tagam emele gelýär. Ine, olaryň begenmekleriniň sebäbi şoldur.

4. Şu wagtky iýýän ir-iýmişlerimiz bu şahalardaky miwelerdir. Diýmek, bir miwe ýolnup alynsa, onuň ýeri boş durmaýar, derrew ýerine ýene miwe bitýär.Ine, şol sebäpli Jennetiň miweleri egsilmeýär.

8. Näme üçin Jennet beýan edilende, näme üçin jismany nygmatlaryň ady köp tutulýar?

Her mümin öz derejesine görä, ahyrete gitmegi arzuw edýär. Alla bu arzuwymyzy has güýçlendirmek üçin, akyl ýetirip bijlek zatlarymyzyň üsti bilen bize ahyreti suratlandyryp görkezýär. Dünýäde, köplenç, nebsimiziň aladasyny edýänimiz üçin, Allatagala Jennetiň jismany nygmatlaryna ünsi çekip, dowamly şolardan gürrüň edýär we ynsanlara şol dilde sözleýär. Bir-de, Jennetde biziň göz öňümize getirip bilmeýän nygmatlarymyz bolup, şolar has möhümdir. Munuň bilen bir hatarda, iň söýýän we görmäge howlugýan ynsanlarymyz bolan Älemleriň Serweri (s.a.w) bilen, soňra pygamberleriň, sahabalaryň, tabiinleriň, alymlaryň, şehitleriň we salyh bendeleriň ençemesi bilen ol ýerde duşuşmak, söhbet etmek Jennetiň jismany keýplerini unutdyrjak derejededir. Edil şolar ýaly-da, Allanyň jemalyny görmek – Jennet nygmatlarynyň iň beýigidir. Soňra Allatagalanyň ”Men sizden razydyryn” diýmegi bulardan has üstün nygmatdyr. Rowaýatlaryň käbirinde hut Rabbymyzyň Kuran okajakdygy we Onuň käte-käte öz salyh bendelerine ýüzlenjekdigi habar berilýär. Bulary hiç bir jismany keýp bilen deňäp bolmaz. Ýagny magnewi, ruhy keýp alar ýaly şeýle datly nygmatlar bolup, bularyň hiç birini ol jismany keýpler bilen deňeşdirip bolmaz. Sebäbi, jismany nygmat her näçe oňadam bolsa, onuň panydygy ýa-da ondan asudalykda peýdalanyp bilmezlik şol nygmatyň lezzetini giderýär. Jennet ähli bolsa, elindäki nygmatlaryň ebedidigini, oňa hiç kimiň garşy bolmajakdygyny, ellerinden alynmajakdygyny bilensoň, nygmatdan arkaýyn peýdalanarlar. Şu tarapdan alsaň, jismany nygmatyň ähmiýetini artdyrýan zatlar-da magnewi nygmatlardyr. Ikisi bilelikde bolanda, ana, şol ýer Jennetdir.

9. Kuşeýri risalasynda biri ”Maňa Jenneti dilemek ýigrimi ýyldan bäri nesip etmän, diňe şu gün nesip etdi” diýýär. Muňa nähili düşünmeli?

Her ynsanyň özüne mahsus özüni hasaba çekişi we gözegçilige alşy bardyr. Adam aleýhisselam goýberen şol säwliginden soň, utanjyndan kyrk ýyllap ýere seredip gezipdir. Şol bir zady biz etsek, bu ýasamalyk bolar. Her kim öz durmuşyny ýaşamaly. Gürrüňi edilýän şahsy hasaba çekmek biziň işimiz däl welin, ol kişi, belki-de, özünde Jenneti islemäge güýç tapan wagty, Allanyň huzurynda Onuň muhabbeti sebäpli, yza tesendir!

10. Jennetiň dili arap dilimi? Eger şeýle bolsa, ony subut edýän aýat ýa-da hadys barmy?

Ymam Munawiniň ”Feýzul-Kadir” atly hadys kitabynda Ibni Abbasyň (r.a) şeýleräk bir hadysy rowaýat edendigi aýdylýar: ”Şu üç zat sebäpli araplary söýüň: Çünki men arap, Kurany Kerim arap dilinde inderilen, Jennet ähliniň gepleýän dili-de arap dilidir.” Arap dili çeperçilik, edebiýat, aýdyňlyk we söze baýlygy taýdan dünýä dilleriniň iň naýbaşysydyr. Şol bir wagtyň özünde, ses, äheň we sözlem gurluşy taýdanam beýleki dillerden düýpli tapawutlanyp durýar. Haktagala hem öz kelamy Kurany-Kerimi arap dilinde inderendir. Pygamber aleýhisselam hem, Onuň kowmy hem bu dilde gürleýärdi. Kuranda şeýle diýilýär: ”Ruhul-emin ony, seniň habardar ediji pygamberlerden bolmagyň üçin, kalbyňa açyk we düşnükli bir arap dilinde inderendir..” (Şuara, 26/195). Başga bir aýatda: ”Biz her pygamberi öz milletiniň dili bilen ugratdyk, olara hakykatlary oňat düşündirer ýaly...” (Ybrahym, 14/4) diýlip, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) öz kowmy bolan araplara hakykatlary öz dillerinde aýdandygy nygtalýar.

Hawa, Kuranyň dili, soňky pygamber hezreti Muhammet Mustafanyň (sallallahu aleýhi we sellem) ene dili arapça bolansoň, Jennetde-de arap dilinde gepleşilmegi gaty ähtimal. Adam ata-da ýer ýüzüne inderilmezinden öň, Jennetde wagty arap dilinde gepleýärdi. Galyberse-de, Pygamberimizden başga beýleki pygamberleriň hem käbiri bu dilde gepläpdir. Meselem, Hezreti Nuh, Hezreti Hud, Hezreti Ysmaýyl, Hezreti Salyh, Hezreti Şuaýb (aleýhumesselam) ýaly pygamberler arap dilinde gürläpdirler. Ymam Kastalany hezreti Aýşeden (r.a) ”Jennet ähli Muhammet aleýhissalamyň dilinde geplär” diýen rowaýaty gürrüň berýär.

11. Hadyslardan mälim bolşuna görä, ”Adn” diýilýän Jennet ähli Jennet nygmatlarynyň jem bolan ýeridir. Käbir hadyslarda bolsa, ”Ferdöws Jennetini diläň” diýilýär. Muňa nähili düşünmeli?

Adn Jenneti – bütin Jennet nygmatlarynyň jemlenen ýeridir. Ferdöws Jenneti bolsa, (Jenneti özümizçe piramida görnüşinde göz öňüne getirsek) bütin Jennet mertebelerini birlikde synlap boljak iň belent ýeri we çürbaşydyr.

Käbir ynsanlarda jismany höwes has güýçli bolýar. Olary şahyrana ylhamlar we ruhy gandyrýan keýpler känbir gyzyklandyrmaýar. Bu jähetden, Adn Jenneti üstündir. Käbirlerinde bolsa, ruhy joşgunlyk, duýgular has güýçli bolýar. Olary iýmek, içmek, hüýr we ş.m gaty bir gyzyklandyryp baranok. Bu jähetden-de, Ferdöws Jenneti üstündir.

Geçen ymmatlaryň gaýyba iman edişi Muhammet ymmatynyňka görä, has gowşakdyr. Olarda tebigy ylym has pajarlap ösüpdir. Şu nukdaýnazardandan, göräýmäge jismany höwesleri gandyrýan Jennet diýip boljak Adn Jenneti beýleki ymmatlaryň ýetip biljek iň belent nokadydyr. Munuň tersine, Muhammet ymmatynyň gaýyba çuňňur iman edendikleri üçin, olaryň öňünde-de Ferdews Jennetine ýetmek baş maksat edilip goýulýar.

12. Gaty ýönekeý, kiçi we gowşak bir erk-ygtyýara derek soňsuz bir Jennet ýa-da Jähennemiň berilmegini nähili düşündirip bolar?

Aslynda, biz Jennet ýaly gelejek bilen baglanyşykly ylahy lutufa miýesser bolmagy däl-de, üstümizden guýlup duran nygmatlaryň şükürini nädip berjaý edip biljekdigimiz hakda köpräk pikir etmeli. Jogapsyz we nagt berilýän nygmatlaryň şükürini edýän ybadatlarymyz bilen berjaý etmek hiç hili mümkin däl. Bu dünýäde bir gün ýaşamak üçin bir gün zähmet çekýäris, alty aý ýaşamak üçin alty aý zähmet çekýäris. ”Käşgä, alty aý zähmet çekip, bir ýyl ýaşaýsam” diýip, iki günlük durmuş üçin bir günümizi bermäge begenip razy bolýarys. Şeýle bolansoň, dünýä nygmatlary bilen asla deňeşdirip bolmajak, gözellikleriň gözeli bolan Jenneti gazanmaga köpüsi ukuda, çagalykda we dünýewi işlerde geçirilen gysgajyk ömür nädip ýetsin?! Onda-da, bu utuşda ynsanyň edýäni diňe barmagyny uzadyp, düwmä basmak ýaly ýeňil iş bolsa... Be, ynsan şular ýaly ýönekeý bir meýil we niýet bilen nädip ebedi Jähenneme mynasyp bolýarka? Häzir bu meseläni aýdyňlaşdyrmaga synanyşaly:

a. Niýet jähetinden

Ebedi Jennet, ebedi nygmatlar we Ebedi bolan Allanyň jemaly –bularyň ählisi şu pany, gysgajyk durmuşymyzyň netijesi bolup bilmez. Biziň maddy tarapymyz hem asla ebedi däldir. Emma biz imanymyzyň saýasynda ebedilige eýe bolup bileris. Elhamdulilla, Rabbymyza iman edýäris. Muny tutanýerlilik we wepalylyk bilen dowam etdirmegi ýüregimzie düwdük. Erk-ygtyýarymyzy imanyň ýolunda ulandyk. Mundan soňam erk-ygtyýarymyz bilen ebedi imana niýet jähetinden eýe bolmaga synanyşarys. Rabbymyzyň kalbymyza salan bu dogry ýoluna-da, bizi hut Onuň özi salandyr. Eger ýetmiş ýyl ýaşasak, ýetmiş ýyl imanly bolmagy ýürege düwendiris. Rabbymyz ýetmiş däl-de, ýüz ýetmiş ýyl, hat-da müň ýetmiş ýyl ömür berse, şonda-da imanymyzda wepaly we tutanýerli bolarys. Ýaşap ýörsek, hatda dünýäde ebedi bolsadyk, şonda-da imanymyzy terk etmän, Allatagala ebedi ynanarys.

Ine, Jennet we Jähenneme girmekde esasy zat şu niýetdir. Aslynda, Allanyň Resuly (s.a.w) hem: ”Amallar niýetlere görädir!” diýmeýärmi näme?! Her kim niýetiniň jogabyny alar. Biziň niýetimiz ebedi imanly galmak bolsa, sowgadymyz hem şoňa görä bolar. Jeza we sowgat amalyň görnüşine görä berler; ebedi imana we ebedi imanly bolmak niýetine ebedi Jennet berler. Edil şonuň ýaly, ebedi küfüre we ebedi küfür niýetine-de ebedi Jähennem berler. Alla (jelle jelaluhu) biziň syratymyza, sypatymyza we şu pany dünýäde näçeräk ýaşanymyza däl-de, ýüregimizdäki niýete, bizdäki yhlasa, gursagymyzdaky imana, bu imanymyzy dowam etdirip etdirmejekdigimiz hakdaky niýetimize, düşünjämize sereder.

Hawa, niýet, ýaşalan gysgajyk ömürde imandaky wepalylyk we tutanýerlilik pikiri bilen, ýaşalmasa-da ýaşalan ýaly, soňsuzlyga çenli zamanlary ýagtyldýan nurdur. Munuň tersine, ähli zada umytsyz garaýan, ýaman niýetli kapyryň-da ebedi durmuşy Jähennem bolany üçin gap-garadyr. Sebäbi kapyr ebedi iman nuruny ýakmazlyga, has dogrusy, erk-ygtyýar düwmesiniň Allanyň (jelle jelaluhu) göwün köşgüniň iman şamçyralaryny ýakmagyna sebäp bolmazlygyna jan edýär we million ýyl ýaşasa-da, bu pikirinden dänmeýär. Şeýdibem, kalbyny, dünýäsini we ebedi durmuşyny zulmata öwren erbet niýetiniň pidasy bolar.

Niýetleriňiz ebedilige tarap uzasyn, ebedi älemler size gujak açsyn! Ýagşy niýetde geçiren her sekundyňyz beriljek serpaýy bilen müňlerçe esse zyýada bolsun!

b. Jezanyň möhleti jenaýatyň näçeräk wagtda edilendigine däl-de, jenaýatyň agyrlygyna, näme üçin edilendigine, niýete, we getiren netijesine görä kesgitlenilýär.

Dünýäde bäş minutlyk adam öldürmek jenaýatyna jeza hökmünde käte ýigrimi bäş ýyl, ýagny takmynan, on üç million minut azatlykdan mahrum etmek jezasy, käte ömürlik azatlykdan mahrum etmek jezasy, käte-de ölüm jezasy berilýär. Şonda bu jenaýatyň näçeräk wagtda edilendigi hiç haçan göz öňünde tutulmaýar. Jenaýatyň agyrlygyna, jenaýaty näme sebäpden edendigine, niýet we netijä seredilýär. Küfür we inkäriň eltýän jenaýatlary bir ynsany öldürmekden has köp, has agyrdyr. Älemiň Ýaradyjysynyň barlygyna zerreleriň, öýjükleriň, perişdeleriň, ýagyş damjalarynyň, atom we molekulalaryň sanyça, gysgaça, sanap tükedip bolmajak derejede köp şaýat bar. Küfür şunça şaýadyň şaýatlygyny ýok saýmak diýmekdir, tutuş älemi tümlüge gabamak we şol bir wagtda munça şaýada, göýä ýalançy diýip töhmet atmak diýmekdir. Küfür, ”Beýik Sungat Ussadyna” dil ýetirmek, Onuň älemdäki nagyşlaryna at dakmak we sansyz delillerini ýalan saýmak arkaly edilen uly jenaýat hasaplanylýar. Has beteri-de, ömürlerinde zerre ýalan bolmadyk müňlerçe pygamberi, millionlarça welini we iň meşhur sypaty dogrulyk bolan milliardlarça mümini inkär etmekdir, ýalançy saýmakdyr. Beýle jenaýatyň jezasy-da, gürrüňsiz, özüne laýyk bolmalydyr, ýagny ebedi Jähennem bolmalydyr.

ç. Şahsy erk-ygtyýarymyz, hakykatdanam azdyr, emma onuň getirýän netijesi gaty uly bolup, Alla (jelle jelaluhu) hem jezany netijä görä berer.

Bir düwmä basyp, millionlarça çyrany birden söndürmek arkaly, ullakan bir döwleti garaňka gömüp bilersiňiz. Ýa-da siziň ýekeje hereketiňiz– Birinji Jahan urşunda bolşy ýaly – millionlarça ynsanyň ölümine, millionlarça maşgalanyň dagamagyna, şäherleriň ýer bilen ýegsan bolmagyna, ençe asyrlap çekilen azabyň ýele sowrulmagyna we dünýä möçberinde uly özgerişleriň bolmagyna getirip biler. Edil şolar ýaly-da, ýeke otluçöp bilen uly tokaýy otlap bilersiňiz, ýa-da ýeke kerpijini çekip aýyrmak bilen ullakan köşki ýer bilen ýegsan edip bilersiňiz. Küfür ”ýykmak” diýmekdir. Ýykmak gaty aňsatdyr, emma onuň netijesi gaty gorkunçdyr.

Ine, kapyr erk-ygtyýaryny küfür ýolunda ulanmak bilen, şeýle uly weýrançylyga sebäp bolýandygy üçin, Jähennemde ebedi galmaga mynasypdyr. Munuň tersine, mümin erk-ygtyýaryny dogry ýolda ulanmak bilen hem dünýäsini, hem-de ahyretini ýagtyldýar.

d. Elbetde, hetdi-hasapsyz nygmatlaryň eýesine garşy çykan ynsan şarpyk iýmäge mynasypdyr.

Allanyň (jelle jelaluhu) soňsuz beýikliginden we gudratyndan habar berýän we ýaşaýyş üçin iňňän zerur bolan şol bihasap nygmatlaryň Eýesine garşy çykýan; Allanyň (jelle jelaluhu) barlygynyň sessiz şaýady bolan wyždan kitabyny düýrläp ýapyp, akylyny, aňyny we ebedilige teşne duýgy-düşünjelerini öldüren; galyberse-de, älem kitabyny Kuran bilen beýan edip, sagadat ýoluny görkezen Pygambere gulak asman, ýüreginiň gapysyna gulp uran ynsan älemiň möçberindäki bu ähmiýetli güýje örän azajyk bolan erk-ygtyýaryny sebäp görkezeni üçin, ýaratmakda we ýerine ýetirmekde hiç hili ähmiýeti bolmadyk bir topar hyýaly we ýasama zatlaryň ýelek ýaly ähmiýetine kowalaşyp, nebsiniň we şeýtanyň hilelerine aldanany üçin, elbetde, umumy älemiň möçberinde şapbat iýmäge laýykdyr.

e. Amanata hyýanat etmegiň jezasy amanatyň we eýesiniň gymmatyna laýyk deňagramlylykda berler.

Bir penjeräniň aýnasyny döwen çaga beriljek jeza bilen soltanyň hrustal täjini gözden salyp, zaýalan weziriň jezasy deň bolmaz. Ýa-da bir esger bilen bir goşun serkerdesine çinlerine laýyk serpaý berilse we ikisi-de bu serpaýy bazara gidip, ýele sowursa, elbetde, serkerde harby sudda jogapkärçilige çekiler we esgere beriljek jezadan has agyr jeza sezewar bolar. Ýene-de bir mysal, ömrüni daglarda goýun yzynda geçiren bir çopan bilen ömrüni uly açyşlar edip geçiren bir alyma ýagdaýlaryna we wezipelerine laýyklykda serpaý berilse we alym şol serpaýy edil çopanyň edişi ýaly, goýunlaryň idegi we iými üçin harçlasa, ol gürrüňsiz, çopana garanda has başgaçarak görnüşde jezalandyrylar.

Mysallardan görnüşi ýaly, dünýä durmuşynda haýwanlara berlen ömür baýlygy we beýleki baýlyklar we nygmatlar öz möçberlerine we aýratynlyklaryna görä kesgitlenilip goýlandyr. Olar hem bu baýlygy yrýa etmän ulanýarlar. Käsi ýük daşamakda, käsi et we süýt bermekde, käsi-de beýleki işlerde ulanýar. Emma ynsan ne-hä haýwandyr, ne-de onuň ömür baýlygy haýwanlara berlen ömre meňzeýär. Bir ynsanyň eli müň möýüň elinden, bir ynsanyň barmagy müň serçäniň ganatyndan gymmatlydyr. Ynsan özüne berlen şeýle gymmatly baýlygy, wyždan, akyl, aň, düşünje, pikir, müňlerçe duýgy we ukyp ýaly nygmatlary gözden salsa, elbetde, munuň jezasy-da şoňa barabar bolar. Onda-da, Allanyň (jelle jelaluhu) magryfeti, sylag-hormat we söýgi bilen dolup daşmaly we erbetliklere garşy ýapyk bolmaly we ylahy nygmatlaryň şöhlelenmeli mekany bolan ýürek nebsiň isleg –arzuwlarynyň astynda ezilse, şol ýüregiň eýesi elbetde, tutaşdyrlygy ynsanlardan we daşlardan bolan Jähenneme odun bolmak derejesine düşer. Beýle bolsa, erk-ygtyýary öz ýerinde ulanyp, ýüregi ”Ýüregiň Eýesine” laýyklap, Oňa arassa kalp bilen barylmalydyr.

13. Käbir hadyslarda Jennet ähliniň käbirine dünýä ýaly giň, hatda ondanam birnäçe esse uly ýer berilýär. Müňlerçe köşk, müňlerçe hüýr peşgeş edilýär. Birje kişä munça zatlaryň berilmeginiň sebäbi näme?

Ynsan diňe jesetden ýaradylan bolsady, ýagny ýalňyz çäkli beden gurluşyna eýe bolsady, belki şonda oňa birnäçe köşk we hüýr ýetik bolardy. Emma ynsan öz içine şeýle bir kän zady gaplap alýar, onda tutuş älem düýrlenip gizlenendir. Onuň şeýle kän inçe duýgulary bolup, bu jähetden ol gaty uly ähmiýete eýe gudratly bir mugjyzadyr. Şol sebäpli, onuň syrly duýgulary doly doly ösmedik halatynda, bütin dünýäni we ýene şonçany berseňizem, ony kanagatlandyryp bilmersiňiz. Emma ahyretde onuň ylahy hakykatlary duýýan ähli inçe duýgulary pajarlap öser, çäksiz ukyplary we çäksiz zerurlyklary ýüze çykar. Şol zerurlyklaryň ählisini şol ýerde diňe çäksiz bir rahmet eli bilen kanagatlandyryp bolar. Munuň nädip amala aşjakdygy dogrusynda aýdanymyzda bolsa, bu dünýäde mylaýym, nurana kişiler bir wagtda birnäçe ýerde görnüp bilýärler. Meselem, Allanyň Resuly (s.a.w) bir wagtda birnäçe ýerde görnüp bilýär, edil şonuň ýaly ahyretde-de Ol (s.a.w) ençeme ymmaty bilen bir wagtda ikiçäk duşuşar. Bu hem binýady nur, maddasy nurdan bolan Jennet ähliniň hem nurana bolup, bir wagtda birnäçe hüýr bilen aýry-aýry ýerlerde oturyp söhbet etjekdigine delildir.

14. Ruhlaryň ýaradylan wagtynda ýa-da entek ene garnyndaka ynsanyň täleýine bagtly ýa-da betbagt, Jennetlik ýa-da Jähennemlik diýip ýazylýar. Bu nähili bolýar?

Birinjiden, Alla (jelle jelaluhu) bendesiniň geljekde özüni nähili alyp barjakdygyny, Jennetlik amallarymy ýa Jähennemlik amallary – haýsysyny ýerine ýetirjekdigini soňsuz ylmy bilen ozaldan bilýär we bileni üçinem ýazýar. Ýogsam, bende Allanyň (jelle jelaluhu) şeýle ýazany üçin Jennetlik ýa-da Jähennemlik, bagtly ýa-da betbagt bolanok.

Ikinjiden, Alla (jelle jelaluhu) bendesiniň öz erk-ygtyýaryny haýsy ugurda ulanjakdygyny bilşi ýaly, onuň hereketlerine täsir edýän sebäpleriňem ählisini bilýär we şoňa görä ýazýar. Şol ynsana öz maşgalasynyň nähili terbiýe we edep berjekdigini, töweregindäkileriň oňa nähili görelde boljakdygyny, ony imana ýa-da küfüre eltjek sebäpleriň nämelerdigini we onuň öz erk-ygtyýary bilen nädip bularyň hötdesinden geljekdigini Alla (jelle jelaluhu) bilýär we şoňa görä ýazýar.

Biz täleýden bihabardygmyz üçin, ynsanyň Jennetemi ýa-da Jähenneme – haýsysyna düşjegini anyk bilmeýäris. Hadysda aýdylyşy ýaly, diňe özüni alyp barşyna, söz we hereketlerine seredip, bulary din babatda ölçäp göreris. Eger kapyrlyga eltýän hal-hereketleri bar bolsa, biz oňa gaty gitse ”kapyr” diýip bileris, emma jähennemlik diýip bilmeris. Sebäbi biz onuň daşky sypatyna – özüni alyp barşyna baha berýäris. Hakyky ýagdaýy, ol kişiniň ýüregini we soňky demini nädip berjekdigini bilmeýändigimiz üçin, bu taraplaryny Allatagala goýýarys. Bir serederseňiz, düýn ateist diýip ýören kişiňiz bu gün musulman bolandyr.

Alla (jelle jelaluhu) ynsanyň öz erk-ygtyýaryny haýsy ugurda ulanjagyny we amanadyny nähili halda tabşyrjakdygyny bilýändigi üçin, ruhlar äleminde ýa-da ene garnyndaka onuň bagtly-betbagt, Jennete ýa-da Jähenneme düşjegini ýazýar. Ynsan hem hadysda aýdylyşy ýaly, nähili ýaşasa şeýle öler, nähili ölse, şonuň ýaly direler. Bize bolsa, Alladan rahmetinden (jelle jelaluhu) umydymyzy üzmän we neslimiziň gelejegine-de umytly garap ýaşamak hem-de kimdir birileriniň iman getirmegine, dogry ýola düşmegine sebäp bolmak üçin jan etmek galýar.

15. Resuly-Ekremiň (sallallahu aleýhi we sellem) käbir hadyslarynda ”şuny-şuny etseňiz Jennete girersiňiz” diýilýär. Meselem, bir hadysy-şerifde ”Ýa eýýuhen-näs! Efşus-selam, we etimüt-taam, we sylul-erham, we sallu billeýli wen-nasu niýam, tedhu-lul-Jennete bis-selam” diýilýär. Pygamber aleýhisselamyň bu hili sözleri diňe onuň şol wagtky gürrüňdeşlerine degişlimi, ýa-da ähli kişä? Bu hili hadyslara nähili düşünmeli?

Bu hadysy-şerifi Abdulla Ibnüs-Selam (radyýallahu anh) rowaýat edýär. Onuň terjimesi şeýleräk: ”Eý, ynsanlar! Araňyzda salamy ýörgünli ýagdaýa getiriň... Birem, ynsanlaryň süýji uka giden pursatlarynda, gijäniň tümlügini namaz bilen deşiň... Şeýlelikde, sag-salamat Jennete girersiňiz!”

Pygamber Serwerimiziň (aleýhi ekmelut-tehaýa) bu hili sözlerini aňyňa ilkinji gelen manysynda ele almagyň we oňa şeýle görnüşde amal etmegiň hiç hili zyýany ýok. Gaýtam, her biri oňat ahlagyň başga bir tarapyny alamatlandyrýan bu amallary ýerine ýetirmek ynsana gaty kän utuş we sogap gazandyrar. Şeýle-de bolsa, bu hili hadysy-şeriflere ”tergib” (höweslendirmek) we ”terhib” (saklamak, daşlaşdyrmak) maksady bilen aýdylan sözler hökmünde garamak has dogrudyr. Şol sebäpli, şu we şuňa meňzeş hadyslara tutuş adamzady gyzyklandyrýan umumy bir ýüzlenme hökmünde düşünmelidir.

16. ”Dost dosty bilen bilelikde Jennetde ýaşar.” Beýle zat bolup bilermi? Jennetiň gatlarynyň birinden beýlekisine geçip bolarmy?

Hawa, Alla mümin bendelerini ahyretde, ahyrete imanly gitmek şerti bilen, söýýän kişileri bilen duşuşdyrar. Hatda, özi Jennetiň iň aşaky mertebesinde bolup, onuň söýýän kişisi iň ýokarky mertebede bolsa-da. Hakykatdan-da, bir çarwa arap şony gaýgy edip, aglap, bu aladasyny Pygamberimize sözlände, Älemleriň Öwgülisi (s.a.w) ýokardaky hadysy aýdypdyr. Rowaýatlarda Jennetiň piramida ýaly, bir-biriniň içinden geçýän gatlardan ybaratdygy aýdylýar. Bir gatdan beýleki gata geçmek mümkindir we her kim söýýän kişisini zyýarat edip biler. Emma bu diňe zyýarat görnüşinde bolup, zyýaratdan soň her kim öz Jennetine gaýdyp barar. Her kimiň şol bir ýerde, meselem, Serwerimiziň ýanynda, Onuň söhbetine gatnaşýandygyna garamazdan, her kimiň mundan alýan lezzeti tapawutly bolar. Bir kişi söýýän kişisiniň belent mertebesini we nygmatlaryny görende, oňa buýsanar, asla görübilmezçilik etmez.

17.”Jennet bolmasa, Jähennem ezýet bermez” diýilýär. Bu nähili bolýar?

Munuň birnäçe manysy bolup biler. Öňi bilen, hakyky we kämil manyda Jähennemiň azap bermegi Jennetiň barlygy bilen, Jennetiň-de doly manyda nygmat bolmagy Jähennemiň barlygy bilen berk baglanyşyklydyr. ”Kämil manyda” diýmek bilen bularyň ynsanyň ähli duýgularyny we höweslerini kanagatlandyrjak derejededigini göz öňüne tutýarys.

Hemme zadyň ähmiýeti şoňa gapma-garşy zat bilen ölçenilýär. Edil şonuň ýaly, Jähennemiň oduny görmän, Jennet nygmatyna doly düşünilip bolmaz. Şol sebäpli, her bir kişi nähili-de bolsa, belli bir ýagdaýda Jähennemiň azaby biljek. Şonuň ýaly-da, ynsanlar Jennetiň eşretli durmuşyny görmän, Jähennemiň azabyna doly akyl ýetirip bilmezler. Şol sebäpli, Jähennemlik kişilere-de hem nähili-de bolsa bir ýol bilen Jennetiň eşretinden habardar ediler we olaram Jenneti küýsärler. Bu ýagdaýa öňem degnip geçipdik.

18. Hadyslarda ”Hüýrleriň owadan synalary geýýän ýetmiş gatly hülleleriniň aňyrsyndan görünýär” diýilýär. Bu hadysa nähili düşünmeli?

Ynsan owadanlyga teşne. Onuň duýgulary owadanlyga, gözellige muşdak. Ine, bu ýetmiş eşik ynsanyň şol duýgularyny gandyrýan maddy-magnewi owadanlygyny aňladýar. Jennet hüýrleri bolsa, beýle gözellige eýedir. Olaryň üstlerindäki zynatlary, gözellikleri şeýle kändir, husnu-jemallary jan alyjydyr. Olaryň gözlellikleriniň biri beýlekisiniň üstüni örtmeýär, biri beýlekisine päsgel bermeýär. Ýagny olar biri-birinden tapawutly mertebede we gözellikde ýetmişden köpräk zynata we owadanlyga eýedirler. Muňa şeýle düşünip bolar. Iň dogrusyny Alla bilýär.

19. Jenneti arzuwlap we Jähennemden gorkup ybadat etmek dogrumy?

Jennet Allanyň (jelle jelaluhu) ynsanlary Özüne ybadat etmäge höweslendirmek üçin ýaradan ”tergib”18 serişdesidir. Jähennem bolsa, Özüne garşy gitmekden gorkuzmak üçin ýaradan ”terhib”19 serişdesidir. Allanyň isleglerini berjaý eden kişiler ahyretde Jennet bilen sylaglanar. Allanyň emirlerine garşy gidenler bolsa, Jähennem bilen jezalandyrylar. Görşüňiz ýaly, bularyň ikisi hem serişde bolup hyzmat edýär. Ybadatda esasy zat – Allanyň ryzalygydyr. Ybadatlaryň kabul bolmagy hem diňe şuňa baglydyr. Tasawwuf ähli Jenneti arzuwlap ybadat edýänleri ”abidul-Jennet”20 diýip atlandyrýarlar.

Esasy zat Allanyň ryzalygydyr. Ýöne Kuran aýatlarynyň ençemesinde ynsanlary höweslendirmek üçin Jennetden, gorkuzmak üçin bolsa Jähennemden gürrüň edilýär. Ýagny ynsanyň bularyň birini arzuwlamagy, beýlekisinden bolsa, gorkmagy adaty ýagdaýdyr. Şol sebäpli Jennete düşmegi arzuw etmek ýalňyş däl. Aslynda, Jennete düşmegi dilemek, Haktagala gowuşmagy arzuw etmekdir. Müminler Ony diňe Jennetde görüp bilerler. Jähennem gorkusyndan ýaňa özüňi hasaba çekmek hem dogrudyr. Sebäbi Jähenneme düşen kişi Ondan, Onuň rahmetinden mahrum galar. Älemleriň Serweri-de (s.a.w) Jennetil-Firdöwsi islemegi, Jähennemden goranmagyň ýollaryny agtaryp ýaşamagy nesihat edýärdi. Onuň özi-de Jenneti dilärdi, Jähennemden Alla sygynardy. Aslynda, bu mesele gaty düşnükli, aýdyňdyr. Allanyň rahmetinden medet diläp, Jennete düşmegi dilemegem, Allanyň gazabyndan ýene Oňa sygynyp, Jähennemden halas bolmak üçin ybadat etmegem ýerliklidir. Ýöne amalda esasy zat Allanyň ryzasynyň ileri tutulmagydyr.

20. Bir kişi özüniň Jennete düşüp-düşmejegini bilip bilermi?

Bir kişi, Alladan we Onuň Resulyndan (s.a.w) gelen anyk maglumat ýok bolsa, özüniň ýa-da başga biriniň Jennete düşjegini ýa Jähenneme düşjegini bilip bilmez. ”Aşereýi-Mübeşşere” diýlip tanalýan on sahabamyza entek bu dünýädekä özleriniň Jennete düşjekdigi buşlanylýar. Serwerimiz bulardan başga-da, hezreti Hamza, hezreti Jafer bin Ebi Talyp, hezreti Bilal, hezreti Hatyja, hezreti Aýşe, hezreti Fatyma, hezreti Hasan, hezreti Hüseýin, hezreti Merýem, hezreti Asiýe (radyýallahu anhum) ýaly ençeme kişileriň Jennete düşjekdigini habar beripdir. Bir kişi Onuň (s.a.w) habar bermedik kişisiniň Jennete düşmegini umyt edip biler ýa-da Jähenneme düşmeginden howatyr edip biler.

Umuman, musulman kişi o dünýä imanly gider. O dünýä imanly giden kişi ýa-ha gönüden-göni, ýa-da günäleriniň jezasyny çekenden soň, Jennete girer. Käte-de juda az kişä, geçmişi öwerlik däl hem bolsa, soňky wagtlarda eden ýagşy amallary üçin o dünýä imanly gitmek nesip eder. Munuň tersi-de bolup biler. Ýagny salyh amally kişi soňky wagtlarda azyp, imansyz ölübem biler. Alla saklasyn!

Umuman, ynsan nähili ýaşasa, şeýle-de öler. Ýagny musulman bolup ýaşan, musulman bolup öler. Beýle bolsa, köpräk salyh amal etjek bolmaly. Ynsan özüniň gowy ynsandygyny ýa däldigini oňat gatnaşýan salyh dostlaryndan sorap, bilip biler. ”Ol gowy adam däl” diýýän bolsalar, ol erbetdir. Eger ”Ol gowy adam” diýýän bolsalar, gowy adamdyr. Bir rowaýatda: ”Özüniň gowymy ýa-da erbetdigini bilmek isleýän kişi salyh goňşularynyň özi hakynda nähili pikirdedigini öwrensin. Şolar ”Gowy adam” diýýän bolsalar, özüniň Allanyň huzurynda-da gowydygyna düşünsin!” diýilýär. Beýle ýagdaýda ynsan özüniň Jennete düşjegine umyt edip biler. Emma diňe umyt edip biler. Asla, hiç kimiň özüne göwni ýetip bilmez.

21. Hezreti Merýem (r.a) Jennetde hezreti Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) aýaly bolmalymy?

Ençeme hadysda hezreti Merýem we hezreti Asiýe (radyýalahu anhum) hakynda öwgüli sözler bar.

Hezreti Aly (radyýallahu anh) gürrüň berýär: ”Resululla (aleýhissalatu wesselam) şeýle diýdi: ”Ahyretdäki aýallaryň iň haýyrlysy Merýem Binti Ymrandyr. Dünýädäki aýallaryň iň haýyrlysy Hatyja Bintu Huweýlitdir.” Hezreti Aly bulary aýdanda eli bilen asmany we ýeri görkezýär.

Rezin şuňa meňzeş bir rowaýatda şeýle diýýär: ”Resululla (s.a.w) şeýle diýdi: ”Erkekleriň ençemesi kämillige ýetendir. Aýallaryň bolsa, Imranyň gyzy Merýemden, Firawunyň aýaly Asiýeden, Huweýlidiň gyzy Hatyjadan we Muhammediň gyzy Patmadan başgalary kämillige ýeten däldir. Aýşäniň beýleki aýallardan üstünligi tiridiň21 beýleki tagamlardan üstünligi ýalydyr.” Buharyda bu hadysy Ebu Musanyň (s.a.w) rowaýat edendigi ýazylypdyr.

Asiýe Bintu Müzahim – Fyrawunyň aýalydyr. Rowaýatda aýdylyşyna görä, hezreti Musanyň (a.s) Fyrawunyň jadygöýlerinden üstün çykanyny görüp, hezreti Asiýe iman getirýär. Faraon muny aňyp, ýere gazyk kakdyrýar. Onuň el aýagyny Güne bakdyryp şol gazyga daňmagy, üstüne-de mähnet bir daş goýulmagyny buýruk berýär. Daşy getirenlerinde hezreti Asiýe: ”Eý, Rabbym, meniň üçin Jennetiňde bir öý gur” (”Tahrim” süresi, 66/11) diýip Allatagala ýalbarýar. Şol wagt Allatagala oňa Jennetde özüne beriljek dürri-ýakutdan salnan öýi görkezýär we onuň janyny alýar. Şeýlelikde, getirilen daş onuň jesediniň üstüne goýulýar. Hezreti Merýem – Ymranyň gyzy, hezreti Isanyň (a.s) bolsa ejesidir. Kuranyň birnäçe ýerinde ondan söz açylýar. Hezreti Merýem hiç bir erkek bilen jynsy gatnaşykda bolman, mugjyza bilen Hezreti Isany (a.s) dünýä inderýär. Ýahudylar oňa boý gyzdygyna garamazdan, çaga dograny üçin ”ahlaksyz” diýip töhmet atýarlar. Şonda sallançakdaky çaga (hezreti Isa) mugjyza görkezýär, dil açmak bilen ejesiniň tämizdigini subut edýär.

Görşüňiz ýaly, dünýädekä adamsy bolmadyk bu iki päk aýal Jennete girer. Jennetde bolsa, durmuşa çykyp, maşgala gurarlar. Bu iki mähriban zenan ol ýerde Älemleriň Serwerine (s.a.w) nikalanyp, Allanyň lutfuna miýesser bolarlar. Başga bir hadysda bolsa şeýle diýilýär: ”Allatagala Ymranyň gyzy Merýemi, Fyrawunyň aýaly Asiýäni we Musanyň gyz dogany Gülsümi Jennetde maňa nikalap bermegi höküm etdi.” Dogrusyny Alla bilýär.

22. Täze iman getiren, heniz dogry-dürs amal etmedik kişi bilen tutuş ömrüni pidakärlik edip, kynçylyk çekip geçiren kämil mümin Jennetde bir ýerde bolarmy? Bu adalatsyzlyk bolmaýarmy?

Öňi bilen şuny belläp geçeli: Alla adalatlydyr. Hiç kime zerre ýaly zulum etmez. Şol bir wagtda, Allatagala ”Erhamur-rahimindir”. Merhemeti soňsuzdyr, diýseň bagyşlaýjydyr we örän jomartdyr. Islänine islän nygmatyny bolluk bilen berer we munuň üçin hiç kime hasap bermez.

Bu soragda aýdylyşy ýaly, eger kimdir biri iman etse, ýöne hiç hili amal işläp ýetişmese, ol şonda-da Jennete girer. Bu – Allanyň rahmetiniň netijesidir. Öňem bellenip geçilişi ýaly, hadyslarda bu mesele takyk we düşnükli edilip beýan edilendir. Ynsan bu dünýäde näme ekse, o dünýäde şony orar. Şonuň üçin, tutuş ömrüni iman edip, salyh amal işläp geçiren, ençeme kynçylyklara çydap, dine hyzmat eden kişiler bilen bulary edip bilmedik kişileriň Jennetden paý alşy deň bolmaz. Belki-de, bularyň her biri dürli-dürli Jennet mertebelerinde ýerleşerler. Şol bir Jennetdäki kişileriň derejesi-de, olaryň iman we amalynyň mertebesine görä, biri-birinden tapawutly bolar. Dogrusyny Alla bilýär.

23. Jennetde erkeklere dünýädäki aýallaryndan başga, hüýrleriň hem beriljekdigi aýdylýar. Ýeri, aýallara-da Jennet erkekleri berilýärmi? Gulman näme?

Kurany-Kerimiň ýekeje aýatynda ”gulman” sözi ulanylýar. ”Daş-töwereginde gabygynda gizlenen dür ýaly, ap-arassa gulmanlar aýlanar ýörerler” (Tur, 52/24). Çaga, ýaňy murt çykyp başlan ýigit, hyzmatkär diýmekligi aňladýan ”gulam” sözüniň köplügi bolan ”gulman”, mälim bolşuna görä, Allanyň (jelle jelaluhu) öz mümin bendeleri üçin aýratyn ýaradan we wezipesi diňe hyzmatkärlik bolan Jennetiň ýigitleridir. Olar Jennet ähline iýmitdir içgi hödür-kerem ederler. Bu işi edýändikleri üçin gaty şatdyrlar.

Hüýrler bolsa, Rahmany-Züljemalyň mümin erkekler üçin Jennetde aýratyn ýaradan we dünýäden baran aýallaryň hyzmatyna beren juda owadan Jennet zenanlarydyr. Birnäçe aýatda olardan gürrüň edilýär we olar öwülýär. Umuman, ”Iri gözleriniň agy açyk, garasy goýy bolan, kümüş ýaly ak tenli gyzlar” diýlip taryp edilýän hüýrler dürli aýatlarda ”adamsy diýip ölüp barýan zenanlar”, ”adamsyndan başga kişä seretmeýän zenanlar”, ”özüne hiç kimiň eli degmedik gyzlar”, ”ýakymly tenli gyzlar”, ”ýakut ýaňakly gyzlar”, ”ýaş, juwan gyzlar” diýlip suratlandyrylýar.

Bulardan şu netije gelip çykýar: Jennete düşen mümin aýallar diňe öz adamsy bilen bilelikde ýaşar. Olar dowamly päklenip durarlar. Jennet ähli erkekler-de, hadysda aýdylyşyna görä, ýüz erkegiň güýjüne eýedirler. Hem-de bu aýallar Jennet aýallarynyň iň naýbaşysydyr we olardan üstündirler. Hüýrler olara hyzmat ederler. Bir manyda, olar hüýrleriň ekabyrydyr diýseňem bolar. Gulman bolsa, diňe hyzmat eder, oňa jynsy gatnaşyk babatda hiç hili wezipe berilmedik. Alla iň dogrusyny bilýär.

Sorag-jogap, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir