Tom Kruz we Ana de Armas “Çuň” atly fantastik trillere gatnaşar

Tom Kruz bilen Ana de Armas “Geljegiň çägi” filminiň režissýory Dag Laýmanyň täze filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Olar baş keşpleri ýerine ýetirmäge taýýarlanyp başlady we häzir film üçin zerur boljak daýwing okuw-türgenleşigini geçýär.
Fantastik triller “Deeper” (“Çuň”) adyny aldy. Sýužet boýunça...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Toyota 18 müň dollardan bZ5 kupe-krossoweriniň önümçiligine başlady

FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy bZ5 elektrik kupe-krossoweriniň yzygiderli önümçiliginiň başlanandygyny habar berdi. Bu orta göwrümli awtomobil bolup, Hytaýda deslapky sargyt üçin eýýäm elýeterlidir.
Täze ulag iki wersiýada hödürlenýär. Bahalar 130 000-den 160 000 ýuan aralygynda (takmynan, 18 – 22,2 müň dollar) üýtgeýär. Ýöne hakyky baha a...

Dowamy »

74 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Ýer ýüzünde her bir adam ýylda ortaça 11,2 kg elektron galyndy döredýär

EMEA boýunça IDC kompaniýasynyň wise-prezidenti Fransisko Žeronimo TEDxLisboa konferensiýasynda eden çykyşynda 2022-nji ýylda elektron galyndylaryň möçberiniň 62 mln tonna ýetendigini, adam başyna ortaça görkezijiniň bolsa ýylda 11,2 kg bolandygyny habar berdi. Ol gajetleriň hyzmat ediş möhletini 12 aý uzaltmagyň her ýyl 2 mln awtomobili ulanylyşda...

Dowamy »

63 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Awstraliýaly alymlar adamyň gözüne meňzeş kompýuter gözüni döretdi

Awstraliýadaky RMIT (Royal Melbourne Institute of Technology) uniwersitetiniň alymlary adamyň gözi ýaly işleýän elektron gözüň prototipini döretdi.
Adamyň gözi we beýnisi her bir kadry dolulygyna işlemeýär: olar herekete tiz reaksiýa bildirip, ilkinji nobatda, obýektleriň konturlaryny görýär we beýnä derrew signal iberýär. Täze çip hem bu pr...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Di Mariýa “Benfikadan” gidýändigini habar berdi

“Benfikanyň” hüjümçisi Anhel Di Mariýa Lissabon klubunyň çempionatdaky şowsuzlygyna teswir berip, özüniň topardan gitjekdigini mälim etdi. Ýatlap geçsek, aýgytly göreşde “bürgütler” çempionlygy “Sportinge” bermeli boldy.
“Bu biziň çempionatda islän netijämiz däl. Biz maksadymyza ýetmek üçin köp zähmet çekdik. Şeýle uzak ýyldan soň ähli zady...

Dowamy »

81 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Arheologlar Goňurdepäniň Oks siwilizasiýasyndaky möhüm ornuny açyp görkezdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Goňurdepedäki guburlaryň jaýlanyş dessurlary, planigrafiýasy we hronologiýasy boýunça giňişleýin barlag geçirdiler. Alnan netijeler Goňurdepäniň bürünç eýýamynda Merkezi Aziýada gülläp ösen we soňra ýitip giden Oks siwilizasiýasynyň (Baktriýa-Margian arheologik toplumynyň) administratiw hem-de dini merkezi...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Bary-ýogy 72 sany öndüriler: De Tomaso «P72» superkarynyň seriýa wersiýasyny tanyşdyrdy

«De Tomaso Automobili» italýan brendi 11 ýyldan soň «P72» superkarynyň köpçülikleýin önümçilik üçin niýetlenen wersiýasyny hödürledi. Ilkinji ulaglar müşderilere 2025-nji ýylyň ahyrynda gowşurylar. Bu modelden bary-ýogy 72 sanysy öndüriler.
«P72» konsept-kary ilkinji gezek 2019-njy ýylda Gudwuddaky Tizlik festiwalynda görkezilipdi. Ulagyň di...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Loro Piana Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer

«Loro Piana» italýan brendi Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer. «Resilient Threads» atly taslama howanyň üýtgemeginden zyýan çeken Suhe-Bator welaýatyndaky bäş etrabyň daşky gurşawyny goramaga gönükdiriler. Bu barada «WWD» habar berýär.
Brend Italiýanyň daşyndaky ýeke-täk kaşemir önümçilik desgasynyň ýerleşýän bu sebitinde maldarçyly...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Maýli Saýrus «Something Beautiful» täze albomy bilen baglanyşykly film çykarar. Ol kinoteatrlarda bir gün görkeziler

Aýdymçy Maýli Saýrus «Something Beautiful» atly täze albomy bilen bilelikde film çykarar. Aýdym-sazly film iýun aýynda diňe bir günlügine kinoteatrlarda görkeziler. Bu barada «NME» habar berýär.
Filmde 30-njy maýda çykjak täze albomdan 13 kompozisiýa eşitdiriler. Filmiň dünýä boýunça premýerasy 6-njy iýunda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek Trib...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Honor Samsung-y ýaňsylady: onuň smartfony S25 Edge-den diňe bir inçe däl, eýsem kuwwatly

Hytaýyň Honor kompaniýasy tizer çykaryp, onda özüniň eplenýän Magic V3 smartfonyny ýaňy-ýakynda anons edilen Samsung Galaxy S25 Edge bilen deňeşdirdi.
Magic V3-üň ýogynlygy açylan ýagdaýynda 4,35 mm, Samsung Galaxy S25 Edge – 5,8 mm barabar. Tizeriň ýazgysynda Honor şeýle sorag bilen ýüzlenýär: “Eger oňuşmaly boljak bolsa, inçe bolmak nämä g...

Dowamy »

70 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Kaliforniýada 27 sekuntda burger taýýarlaýan robotlar bilen restoran işläp başlady

Kaliforniýada BurgerBots restorany işläp başlady we ol ýerde robotlar 27 sekuntda burger taýýarlaýar. Bu barada ABB Robotics kompaniýasynyň saýty habar berýär.
Restoranda IRB 360 FlexPickers we YuMi cobots robotlary ornaşdyryldy. Olar ýokary tizlikde burgerleri ýygnap, her gün ýüzlerçe birmeňzeş tagamy taýýarlaýar. Her burger takyklyk bilen...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Audi Wengriýadaky zawodynda millionynjy «Q3» modelini öndürdi

«Audi» kompaniýasynyň Wengriýanyň Dýor şäherindäki zawodynda «Q3» awtoulagynyň millionynjy nusgasy öndürildi. Ilkinji gezek 2011-nji ýylda tanyşdyrylan ykjam awtoulag henizem kompaniýanyň iň meşhur modelleriniň biri bolmagynda galýar.
Umuman dünýä boýunça iki milliondan gowrak «Q3» satyldy. 1993-nji ýyldan bäri işleýän Dýordaky zawod şol awt...

Dowamy »

61 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Autonomous ýerli ýagdaýda işleýän neýrotorlar üçin güýçli EA kompýuterini çykardy

«Autonomous Inc.» kompaniýasy «Brainy» atly täze iş stansiýasyny hödürledi. «Brainy» – bulut ulgamlaryna mätäç bolmazdan, emeli aň modellerini ýerli ýagdaýda işledip, türgenleşdirip bilýän kiçi ölçegli güýçli enjamdyr.
Adaty kompýuterlerden tapawutlylykda, «Brainy» sekiz sany «RTX 4090» wideokartasyny goldaýar we bir petaflopsdan ýokary öndü...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Awstraliýaly alymlar plastik aýnalaryny ulanyp, Gün energiýasyny öndürmegiň çykdajysyny 40% peseltdiler

Awstraliýaly alymlar Gün energiýasynyň öndürilişiniň çykdajysyny 40% azaldyp biljek ýeňil plastik aýnalary işläp taýýarladylar. Ilkibaşda awtoulaglar üçin işlenip düzülen tehnologiýa indi oba hojalygynda we senagatda çykdajylary peseltmäge, şeýle hem uglerod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berer diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär.
Günorta...

Dowamy »

62 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

OpenAI kompaniýasy BAE-däki uly maglumat merkeziniň gurluşygyna ýardam berer

«ChatGPT» çat-botunyň döredijisi bolan «OpenAI» kompaniýasy Birleşen Arap Emirliklerinde guruljak täze uly maglumat merkeziniň işlenip düzülmegine ýardam berer. Bu merkez soňlugy bilen dünýäniň iň uly maglumat merkezleriniň birine öwrüler we «OpenAI» onuň esasy ygtybarly kärendeçileriniň biri bolar diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär.
...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Mazda «EZ-6» sedanynyň sport wersiýasyny hödürledi

«Mazda» kompaniýasy hytaýly hyzmatdaşy «Changan» bilen bilelikde «EZ-6» sedanynyň Hytaý bazary üçin niýetlenen täze sport wersiýasyny çykardy. «Sports Edition» agressiw dizaýny bilen tapawutlanýar. Ol hem arassa elektromobil görnüşde, hem-de gibrid güýç ulgamly («Range Extender») görnüşde hödürlenýär. Bu barada «CarNewsChina» habar berýär.
E...

Dowamy »

65 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Buharestiň häkimi Nikuşor Dan Rumyniýanyň täze Prezidenti saýlandy

Buharestiň häkimi Nikuşor Dan Rumyniýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňdi. Resmi maglumatlara görä, býulletenler 100% işlenenden soň, ol 6,1milliondan gowrak ses (53,60%) aldy diýip, Associates Press habar berýär.
Onuň garşydaşy, ultra-sagçy “Rumynlary birleşdirmek üçin bileleşigiň” lideri Jorje Simion 5,3 milliondan...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

“Altyn top – 2025” baýragynyň gowşuryljak senesi we ýeri belli boldy

France Football žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Parižde geçiriler. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berilýär.
Baýrak üçin dalaşgärler awgust aýynyň birinji ýarymynda yglan ediler. Şeýle-de, 2025-nji ýylyň dabara...

Dowamy »

84 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Britaniýaly alpinist 19 gezek Ewereste çykyp, daşary ýurtlularyň arasynda rekord goýdy

Britaniýaly alpinist Kenton Kul 19-njy gezek Ewereste çykyp, dünýäniň iň beýik depesine çykmagyň sany boýunça daşary ýurtlularyň arasynda täze rekord goýdy. Bu barada BBC we CNN habar berýär. Türgeniň özi hem Facebook sahypasynda depede alnan suraty ýerleşdirip, maglumaty tassyklady.
Kul çür depä alpinistler topary bilen bilelikde 18-nji maý...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Huawei eplenýän displeýli ilkinji noutbugy çykardy. Bahasy $3300

Huawei Hytaýda MateBook Fold Ultimate Design noutbugyny hödürledi. Kompaniýa ony “ýokary durulygy bolan çeýe displeýli dünýäde ilkinji PK” diýip atlandyrýar.
Noutbugyň agramy 1,16 kg, korpusynyň ýogynlygy bolsa açyk ýagdaýda 7,3 mm barabar.
Noutbuk iň ýokary ýagtylygy 1600 nit bolan iki gatly OLED displeýi we energiýany az sarp etmäge...

Dowamy »

64 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago