Täze MAN ýük ulagy BMW-niň zawodlarynyň arasynda üstünlikli synagdan geçdi

Täze «MAN eTGX» ýük ulagy Germaniýanyň Leýpsig we Regensburg şäherindäki BMW zawodlarynyň arasyndaky gatnawda üstünlikli synagdan geçip, uzak aralyga ýük daşamak üçin amatlydygyny subut etdi. Kuwwaty 544 at güýjüne çenli bolan elektrikli ýük ulagy her 100 kilometre bary-ýogy 75 kWt-sagat energiýa sarp edýär we 500 km çenli aralygy geçip bilýär. Bu...

Dowamy »

43 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Tesla ulanylan Model 3 we Model Y awtoulaglaryny 257 müň km-e çenli kepillik bilen hödürleýär

Tesla ulanylan «Model 3» we «Model Y» elektromobillerini giňeldilen kepillik bilen satuwa çykardy. Kompaniýa batareýa we hereketlendiriji ulgamy üçin, 160 müň mile (takmynan, 257 müň kilometre) çenli kepillik berýär diýip, «Carscoops» neşiri habar berýär. Mysal üçin, 62 müň mil (takmynan, 100 müň km) ýol geçen 2020-nji ýylyň «Model 3» awtoulagy bar...

Dowamy »

47 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Milanyň dizaýn hepdeligi sosial torlarda rekord goýdy

Dünýä belli suratkeşleriň, moda we aýakgap brendleriniň gatnaşmagynda geçirilen Milanyň dizaýn hepdeligi sosial torlarda rekord goýdy diýip, «WWD» habar berýär.
Karla Otto-nyň maglumatlaryna görä, bu çäre EMV hasabynda, ýagny sosial torlardaky täsirleriň (synlar we organiki gözleg netijeleri ýaly) dollar ekwiwalenti boýunça, 26,1 million dol...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Magtymguly etrabynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» we «Owadan ýazuw» bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglanyldy

Ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky “Magtymguly Pyragy” muzeýiniň mejlisler jaýynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly şygryýet bäsleşiginiň hem-de «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Guramaçylar tarapyndan bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary dabaraly go...

Dowamy »

41 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Nemes alymlary insultdan soňky dikeldiş bejergisi üçin aýdym-saz programmasyny döretdiler

Maks Plank adyndaky Ylmy barlaglar jemgyýetiniň Kognitiw we beýni ylymlary institutynyň barlagçylary Face Active programmasyny işläp düzdüler. Bu programma insultdan soň ýüz myşsalary ysmaz bolan näsaglara dikeldiji bejergini bermek üçin niýetlenendir.
Programma smartfonyň kamerasynyň kömegi bilen ýüzüň mimikasyny ýazga alýar we hereketleri...

Dowamy »

42 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Metallica-nyň Wirjiniýadaky konserti ýeriň yranmagyna sebäp boldy

Wirjiniýa ştatynyň (ABŞ) Lane stadionynda geçirilen Metallica rok toparynyň konserti seýsmiki işjeňlige sebäp boldy. Bu barada ştatyň seýsmologiýa obserwatoriýasynyň (VTSO) maglumatlaryna salgylanyp, «Fox Weather» habar berýär.
Topar meşhur «Enter Sandman» aýdymyny ýerine ýetirip başlanda, takmynan, 60 müň tomaşaçy böküp, el çarpmaga başlady...

Dowamy »

41 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

78-nji Kann kinofestiwaly açyldy

Sişenbe güni Kann şäherinde 78-nji halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Ol 13-nji maýdan 24-nji maý aralygynda dowam eder. Kinofestiwalyň esasy baýragy – “Altyn palma şahasy” eýýäm festiwalyň rezidensiýasyna eltildi. Adat boýunça, baýragyň iki nusgasy taýýarlandy.
Heýkelleriň biri kino weteranyna berilýär. Şu ýyl hormat “Palmasyny” amerik...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Google maglumatlaryň gizlinligini bozandygy üçin Tehasa 1,375 mlrd dollar tölär

Google kompaniýasy Tehas ştatynyň (ABŞ) ýaşaýjylarynyň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini bozandygy baradaky aýyplamalary çözmek üçin, ştata 1,375 mlrd dollar tölemäge razy boldy. Bu barada Tehasyň baş prokurory Ken Pakston habar berdi.
2022-nji ýylda Tehasyň prokuraturasy Google kompaniýasyna garşy iki sany kazyýet işi bilen ýüz tutupdy. Ko...

Dowamy »

55 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Britan startapy kwant kompýuteriniň we EA-nyň kömegi bilen aýdym döretdi

Britaniýanyň Moth startapy Recurse atly özboluşly aýdymy çykardy. Ol generatiw EA-nyň we kwant kompýuteriniň kömegi bilen döredilen taryhda ilkinji aýdym boldy we eýýäm Spotify-da elýeterlidir.
Bu aýdymyň üstünde elektron artist ILĀ işledi. Aýdym ýörite şu maksat üçin işlenip taýýarlanan Archaeo platformasy arkaly döredildi.
ILĀ çäkli...

Dowamy »

25 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Saud Arabystanynyň The Line «ýatan gökdiräni» sebitiň howasyny üýtgedip biler

Saud Arabystanynda alnyp barylýan birnäçe megataslama sebitiň howa şertlerine oňaýsyz täsir edip biler. Şol taslamalaryň biri hem geljekde Neom tehnologik toplumynyň paýtagty boljak «The Line» şäher-binasydyr diýip, klimat meseleleri boýunça bilermen Donald Wublza salgylanyp, «Financial Times» habar berýär.
«The Line» taslamasynyň uzynlygy 1...

Dowamy »

25 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

FIFA 2031-nji ýyldan zenanlaryň dünýä çempionatynda toparlaryň sanyny 48-e ýetirer

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) Geňeşi zenanlaryň dünýä çempionatyna gatnaşyjy milli toparlaryň sanyny 48-e ýetirmek baradaky çözgüdi tassyklady. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi.
Täze düzgün 2031-nji ýyldaky ýaryşdan hereket edip başlar.
Birinji tapgyrda toparlaryň sany sekizden 12-ä çenli artdyrylar. Oýunlaryň...

Dowamy »

52 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Ýannik Sinner Italiýanyň MOK-nyň iň ýokary baýragyna mynasyp boldy

Dünýäniň birinji raketkasy, “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üç gezek ýeňijisi, italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Italiýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň iň ýokary baýragyny – “Altyn ýakany” (Collare d’Oro) aldy. Baýragy türgene MOK-nyň prezidenti Jowanni Malago gowşurdy.
Gurama Sinneriň tälimçisi Simone Wanossini hem sylaglady – ol tehniki hyzmatlar...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Stellantis döwlet Baştutanlary üçin DS N°8 Présidentiel elektromobilini hödürledi

Stellantis kompaniýasy döwlet Baştutany üçin dünýäde ilkinji elektrik awtomobilini – DS N°8 Présidentiel ulagyny hödürledi. Ony Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron aldy.
Awtomobiliň kuzowy gara öwüşginler bilen ýakut gök reňke boýaldy. DS Luminascreen radiator gözenegi fransuz baýdagynyň reňklerinde – gök, ak we gyzyl reňklerde yşyklandyr...

Dowamy »

46 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Maddalena Belal Muhammaddan üstün çykyp, ýarym orta agramda UFC-niň täze çempiony boldy düýn 12:48 7k+

Amerikaly Belal Muhammad awstraliýaly Jek Della Maddalena bilen söweşde ýarym orta agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempion titulyny gorap bilmedi.
Monrealda geçirilen UFC 315 ýaryşyndaky söweş emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde Maddalenanyň peýdasyna tamamlandy.
Muhammad 36 ýaşynda. Ol UFC-niň çempion titulyny 202...

Dowamy »

45 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

1941–1945-njy ýyllardaky gazet arhiwlerini gözlemek we sanlylaşdyrmak boýunça taslama işe girizildi

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Ýandeks” we Russiýanyň Milli elektron kitaphanasy (MEK) 1941-1945-nji ýyllaryň gazet arhiwlerini gözlemek we sanlaşdyrmak boýunça taslamany işe girizdi.
Ýygyndy merkezi, sebitleýin, front we partizan neşirlerinden 200 müňden gowrak sahypany öz içine aldy. Olaryň arasynda “Praw...

Dowamy »

40 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Huawei kompaniýasy HarmonyOS-ly ilkinji şahsy kompýuteri – MateBook Pro-ny hödürledi

Huawei kompaniýasy HarmonyOS operasion ulgamyna eýe bolan ilkinji şahsy kompýuteri – MateBook Pro noutbugyny görkezdi. Onuň tanyşdyrylyşy ýörite çärede geçirildi we bu ýerde myhmanlar täze noutbuga we onuň programma üpjünçiligine baha berip bildi.
Noutbuk çal-gök reňkde solgun görnüşli korpusa we yzky panelde kümüşsöw Huawei logotipine eýe b...

Dowamy »

49 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Äpet Starship raketasynyň maý aýyndaky uçuşy ilkinji gezek 4K formatda görkeziler

Starship kosmos gämisiniň indiki uçuşy 2025-nji ýylyň maý aýynyň üçünji ongünlügine meýilleşdirilýär. Bu tomaşaçylara iň ýokary aýdyňlyk bilen 4K formatda görkeziljek ilkinji uçuş bolar. Bu barada Ilon Mask X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.
Hasap boýunça dokuzynjy synag uçuşynyň dowamynda Ship 35 gämisi we Super Heavy 14 raketa g...

Dowamy »

45 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Diňe benzinli Corolla-lar geçmişde galdy. Toyota 15 700 dollardan täze gibrid Corolla-ny hödürledi

Toyota Ýaponiýada Corolla awtomobilleriniň täzelenen hataryny hödürledi we ýurtda satylýan ähli modelleriň indi diňe gibrid boljakdygyny habar berdi. Bu awtomobilleriň hem benzin, hem elektrik hereketlendirijisini ulanjakdygyny aňladýar.
Gibrid ulgamy 72 kWt kuwwatly 1,8 litrlik benzin hereketlendirijisine eýe boldy. Öňdäki herekete getiriji...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

53 ýyl ozal uçurylan «Kosmos-482» apparaty orbitadan çykyp, Hindi ummanyna gaçdy

1972-nji ýylda Sowet Soýuzy tarapyndan Wenera planetasyny öwrenmek maksady bilen uçurylan «Kosmos-482» kosmos apparaty orbitadan çykyp, Hindi ummanyna gaçdy. Bu barada «Roskosmos» habar berdi.
TsNIIMaşyň berýän maglumatlaryna görä, apparat 10-njy maýda, Aşgabat wagty bilen sagat 11:24-de atmosferanyň dykyz gatlaklaryna giripdir. Ol Hindi umm...

Dowamy »

45 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Alymlar adamyň görüş ukybynyň biologik çägini anykladylar

Ýewropaly we awstraliýaly alymlar adamyň hereket edýän zatlara berýän görüş reaksiýasynyň tizliginiň gözleriň işleýiş aýratynlyklary bilen çäklenýändgini anykladylar. Bu barada Berliniň tehniki uniwersitetiniň (TU Berlin) metbugat gullugyna salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär.
Berliniň tehniki uniwersitetiniň professory Martin Rolfsyň...

Dowamy »

47 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago