Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlary gowşurylar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şe...

Dowamy »

68 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny dörediler

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakynda Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň binýadynda ministrligiň Ylmy-barlag maldarçylyk we...

Dowamy »

68 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Insaýder Redmi K90-yň hödürlenjek senesi we aýratynlyklary barada täze maglumatlary berdi

Digital Chat Station insaýderiniň berýän habaryna görä, Redmi şu ýylyň oktýabr aýynda K90 smartfonlarynyň täze hataryny hödürlemegi meýilleşdirýär. Ozalky K80 bir aýdan soň - 2024-nji ýylyň noýabr aýynda çykarylypdy.
Şeýle hem insaýder smartfonyň Pro wersiýasynyň täze Qualcomm prosessorlaryny, 50 mp periskopik kamerasyny we tekiz 2K ekrany a...

Dowamy »

68 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Elde haşamlanan agaç gapakly noutbuk hödürlendi: ol ýekeje nusgadadyr

Shimane Fujitsu kompaniýasynyň Fujitsu Client Computing önümçilik bölüminiň öndüren kompýuterleriniň sany 50 milliona ýetdi. Bu mynasybetli kompaniýa ýeke-täk nusgada kumiko usuly bilen haşamlanan agaç gapakly FMV Note C ultrabugyny çykardy. Bu barada IT Media habar berýär.
Kumiko takmynan 1500 ýyl mundan ozal Ýaponiýada dörän sungatdyr. Mun...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Google alymlar üçin emeli aň ulgamyny işe girizýär, ol ylmy çaklamalarda kömek eder

Google amerikan kompaniýasy Gemini 2.0 modeliniň esasynda işlenip taýýarlanan täze emeli aň ulgamyny işe girizýär. Ol alymlara täze ylmy çaklamalary döretmekde kömek eder diýlip, kompaniýanyň relizinde habar berilýär.
“Şu gün Google täze çaklamalary we ylmy gözlegleriň meýilnamalaryny döretmekde alymlara kömek etmek üçin niýetlenen we Gemini...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Ýapon alymlary Gün ulgamynyň daşynda duzly suwuň bardygyny anykladylar

Ýaponiýanyň Kioto uniwersitetiniň alymlary Rýugu atly asteroidde duzly minerallaryň bardygyny subut edýän maglumatlary tapdylar. Netijeler, Rýugunyň asyl gelip çykan planetasynda bir wagtlar suwuk duzly suwuň bar bolandygyny görkezýär. Barlagyň netijeleri «Nature Astronomy» (NatAstro) ylmy žurnalynda çap edildi.
Alymlar 2020-nji ýylda Hayabu...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Apple gyzyl gajetlerini çykarmagyny bes etdi – (PRODUCT) RED eýýamy tamamlanýar

Apple-iň (PRODUCT) RED önüm hatarynyň kompaniýanyň taryhynyň bir bölegine öwrülendigine garamazdan, häzir satuwdan kompaniýanyň (RED) haýyr-sahawat guramasyny goldamak üçin haýyr-sahawat başlangyçlaryny alamatlandyrýan gyzyl reňkli gajetler aýryldy. Bu barada MacRumors habar berýär.
2006-njy ýyldan bäri Apple Afrikada AIW we AIDS, inçekesel...

Dowamy »

74 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Britaniýaly suratkeş dünýäde iň kiçi heýkeli ýasady. Onuň ululygy gan öýjügi bilen deň

Beýik Britaniýanyň Bornmut şäheriniň ýaşaýjysy Dewid Lindon Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol dünýäniň iň kiçi heýkelini ýasady diýip, BBC habar berýär.
Lindon aslynda hünäri boýunça inžener. Ol 2019-njy ýylda suratkeşlik bilen gyzyklanyp başlaýar. Onuň aýtmagyna görä, bu heýkeli meýilleşdirmek we ýasamak üçin birnäçe aý gerek bolupdyr....

Dowamy »

52 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Saud Arabystany Türkmenistana 25 tonna hurma gowşurdy

20-nji fewralda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Patyşa Salman adyndaky Hemaýat we ynsanperwer kömegi merkeziniň adyndan Türkmenistana 25 tonna hurmany gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada ORIENT habar berýär.
Çärä Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Nawaf Al-Raşid, şeýle...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

"Türkmenhowaýollary" doglan güni gabat gelýän ýolagçylara arzanladyş aksiýasyny yglan etdi

"Türkmenistan" awiakompaniýasy ýolagçylaryny doglan güni bilen gutlap, olar üçin ýörite aksiýa yglan etdi. Eger-de ýolagçynyň doglan güni uçuş gününe gabat gelse, onda biletleri arzanladyş bilen satyn alyp bolar.
Aksiýa şu ugurlar boýunça hereket edýär:
Aziýa:
Aşgabat – Kuala-Lumpur – Aşgabat
Aşgabat – Ho Şi Min – Aşgaba...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Tesla Cybertruck NHTSA-dan iň ýokary howpsuzlyk derejesini aldy

Tesla Cybertruck resmi taýdan 2025-nji ýylyň iň howpsuz awtoulaglarynyň biri diýlip ykrar edildi. Geçirilen çaknyşyk synaglaryndan soň, ABŞ-nyň Milli ýol hereketi howpsuzlygynyň administrasiýasy (NHTSA) elektrikli pikaba iň ýokary – bäş ýyldyzly bahany berdi. Bu barada «Investing» habar berýär.
Synaglaryň dowamynda Cybertruck örän gowy netij...

Dowamy »

62 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Lenovo eplenýän OLED displeýli ThinkBook Flip AI PC noutbugyny hödürlär

Lenovo ýakyn wagtda ThinkBook Flip AI PC atly täze noutbugyny hödürlär. Bu enjam eplenýän OLED displeý bilen enjamlaşdyrylan. Ol zerur bolan halatynda ulanyja ekranyň giňişligini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berýär diýip, «TechSpot» neşiri habar berýär.
Täze enjam hakyndaky maglumatlary meşhur insaýder Ewan Blass paýlaşdy. ThinkBook Flip...

Dowamy »

70 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

IPhone 17 Pro-nyň şekil suratlary peýda boldy

Bloger we dizaýner Aşer Dipps Apple-iň geljekki flagman smartfony bolan iPhone 17 Pro-nyň şekil suratlaryny çap etdi. Enjamyň esasy aýratynlygy üç kameraly aýnasy güberçek blok bolar.
Mundan başga-da, iPhone 17 Pro öňdäki kameranyň ýerleşýän ýerinde Dynamic Island-iň kese kesigi kiçeldilip alnyp biler.
2025-nji ýylyň sentýabr aýynda i...

Dowamy »

59 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

2025-nji ýylda Panama kanalynyň girdejisi 5 mlrd dollardan geçip biler

Şu ýyl Panama kanalynyň girdejisi dowamly gurakçylykdan soň hereket ýygjamlygynyň dikelmegi netijesinde 5 mlrd ABŞ dollaryndan geçip biler. Bu barada RIA Nowosti bilen söhbetdeşlikde kanalyň operasion wise-prezidenti Boris Moreno aýtdy.
“Geçen ýyl biz 5 mlrd dollardan birneme az gazandyk. Şu ýyl onuň birneme köp bolmagy meýilleşdirilýär, seb...

Dowamy »

57 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

120 dollar bahadan Samsung Galaxy A06 5G hödürlendi

Samsung resmi taýdan arzan Samsung Galaxy A06 5G smartfonyny hödürledi. Bu Galaxy A hatarynda iň elýeterli model boldy.
4 GB operatiw we 64 GB fleş-ýat bilen smartfonyň bahasy 120 dollara barabar. Şeýle-de, 4/128 we 6/128 GB ýatly wersiýalar hem elýeterli bolup, olaryň bahasy, degişlilikde, 135 we 150 dollara deň.
Samsung Galaxy A06 5...

Dowamy »

55 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

UFC-de uly söweşler: Wolkanowski – Lopes we Çendler – Pimblett tutluşygy yglan edildi

UFC promouşeni UFC 314 ýaryşynyň esasy söweşlerini yglan etdi. Söweş agşamy 14-nji aprelde Maýamide (Florida) geçiriler.
UFC-niň prezidenti Dana Uaýt ýarym ýeňil agram derejesinde häzirki çempion ispan-gruziýaly söweşiji Iliýa Topuriýanyň öz titulyny boşatmak we ýeňil agrama geçmek kararyna gelendigini habar berdi.
“Topuriýa bu diwizi...

Dowamy »

72 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Uill Smit “Men – rowaýat” filminiň dowamynyň önümçilikdedigini tassyklady

Amerikaly aktýor, “Oskar” baýragynyň eýesi Uill Smit “Men – rowaýat” (Я — легенда) filminiň ikinji bölümini düşürmek bilen baglanyşykly işleriň alnyp barylýandygy baradaky maglumaty tassyklady.
Smit xQc strimeri bilen söhbetdeşlikde Maýkl B.Jordan bilen bilelikde lentanyň personažlaryny tapmak we işlemek üçin bir hepde töweregi wagt sarp ede...

Dowamy »

55 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Mask fotorealistik grafikaly EA oýunlaryny döretmek üçin xAI Gaming studiýasyny işe girizýär

Ilon Mask fotorealistik grafikaly oýunlary işläp düzmek üçin emeli aňdan peýdalanjak xAI Gaming studiýasynyň işe girizilýändigini mälim etdi diýip, Tom’s Hardware habar berýär.
“Biz xAI-de oýun EA studiýasyny işe girizýäris. Eger siz EA oýunlaryny döretmekde hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän bolsaňyz, baş üstüne, xAI-e goşulyň” – diýip, Mas...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Altynyň bahasy ýylyň başyndan bäri 10-njy gezek rekord derejede gymmatlady

20-nji fewralda altyn üçin birža bahalary bir unsiýa üçin 2970 dollardan geçip, rekordy täzeledi. Bu Çikagonyň söwda biržasynyň maglumatlaryndan gelip çykýar. Iň ýokary derejesinde fýuçersleriň bahasy 2973,4 dollara ýetdi.
Altyn üçin bahalar ýylyň başyndan bäri eýýäm onunjy gezek rekordy täzeleýär diýip, Reuters belleýär. Öňki rekord 11-nji...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

“Real”, “PSŽ”, Dortmundyň “Borussiýasy” we “PSW” Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň esasy duşuşygynda Madridiň “Realy” “Mançester Sitiden” üstün çykdy. Madrid şäherindäki “Santýago Bernabeu” stadionynda geçirilen toparlaryň arasyndaky jogap oýny 3:1 hasabynda tamamlandy. Angliýadaky ilkinji duşuşyk hem madridlileriň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlanypdy.
Topar üçin üç goluň ä...

Dowamy »

70 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago