Gazagystanda öýken ragyny anyklamak üçin KT barlagyndan mugt geçirýärler
Gazagystanda 10-15-nji awgust aralygynda pes dozaly kompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen öýken rak keseliniň mugt skrining barlagy geçirilýär. Keseli irki tapgyrda аnyklаmak çäresi ýurduň ähli sebitleriniň saglyk öýlerinde guramaçylykly ýola goýuldy diýip, 24KZ habar berýär.
Barlag, ilkinji nobatda, 50 ýaşdan geçen, uzak wagtlap...
Parižden hem çalt: Amerikan ýüzüjileri suwuň ýüzünde taryhy täzeden ýazýarlar
ABŞ-nyň suwda ýüzmek boýunça ýygyndy topary Irwaýnda (Kaliforniýa ştaty) geçirilýän Pan-Ýuwaş umman çempionatynda 4х100 metr aralyga garyşyk kombinirlenen estafetada täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada amerikan ýygyndysynyň saýtynda habar berilýär.
Will Modglinden, Wan Matiasdan, Gretçen Wolşdan we Keýt Duglassdan ybarat topar 3 mi...
«Arkadagyň Ruhy metjidiniň» ýanyndaky medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesini alar
Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan 30 müň orunlyk täze metjit resmi taýdan «Arkadagyň Ruhy metjidi» diýlip atlandyryldy. Bu baradaky çözgüt raýatlaryň haýyşlary göz öňünde tutulyp kabul edildi we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alyndy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bu habary Arkadag ş...
Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» FK-nyň geljekki üstünliklerine ynam bildirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen iş maslahatynda ýerli futbol toparynyň gazanan üstünligi maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» futbol kluby saýlama tapgyrynda Hindistanyň «Goa»...
Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen täze mekdebiň taslamasy saýlandy
Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen täze mekdep gurlar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleş...
Türkmenistanyň ilçisi Ýewropanyň üç ýurdy bilen wiza meselesini maslahatlaşdy
Brýussel şäherinde Benilýuks Bileleşiginiň (Belgiýa, Niderlandlar, Lýuksemburg) Baş sekretariatynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow bilen Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretary hanym Ariadna Petridisiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.
Duşuşykda Türkmeni...
Aşgabatda 15 ýurtdan küştçüleriň gatnaşmagynda ilkinji gezek «Kids Expo-Chess Cup» geçer
19-20-nji awgustda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi toplumynda ilkinji gezek «Kids Expo-Chess Cup 2026» halkara küşt ýaryşy geçiriler. Ýaryş «KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde guralar diýip, «TurkmenExpo» habar berýär.
Rapid we blis görnüşlerinde FIDE-niň düzgü...
Milliarderleriň arasynda birnäçe raýatlyk edinmek ýoň boldy
Tehnologiýa pudagynyň iri telekeçileriniň arasynda soňky döwürde goşmaça raýatlyk almak we «pasport ýygnamak» ýoň boldy. Air Mail neşiriniň ýazmagyna görä, beýle çemeleşme tüçjar adamlara has arkaýyn hereket etmäge we syýasy ýa salgyt bilen bagly üýtgeşmeler ýüze çykanda ätiýaçly bolmaga mümkinçilik berýär.
Muňa aýdyň mysal hökmünd...
Gazagystan daşary ýurtlulara giriş üçin elektron rugsatnamany hökmany edýär
Gazagystana girmek üçin elektron rugsatnama ähli daşary ýurtly raýatlar, şol sanda aýratyn ýeňillikden peýdalanýan Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlaryndan gelýänler üçin hökmany bolar. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrligi habar berýär.
«Rugsatnamany girişden öň 72 sagatdan gijä galman «QazETA» goşundysy arkaly resmileşdirme...
Tähranda Hazaryň ekologiýa geljegi we Awazadaky duşuşyga taýýarlyk maslahatlaşyldy
11-nji awgustda Tähranda (Eýran) Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Çärä Eýranyň wise-prezidenti we Daşky gurşawy goramak guramasynyň ýolbaşçysy Şina Ansari, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, Tähranda akkreditirlenen Hazarýaka...
Traktor we ekskawator öndürýän JCB tizlik rekordyny goýdy
Ekskawator we traktor öndüriji hökmünde has gowy tanalýan JCB britan kompaniýasy wodorod bilen işleýän ulaglaryň arasynda tizlik boýunça täze dünýä rekordyny goýdy.
ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky Bonnewill duzly kölünde gurnalan synagda Hydromax awtoulagynyň tizligi sagatda 653,9 km ýetdi. Bu rekord eýýäm Halkara Awtoulag Federasiýasy (FIA)...
Türkmenistanyň Prezidenti Nikol Paşinýany gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany öz hatynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklara ýoka...
«Liwerpul» gymmatlajak: kluba iň baý adamlaryň biri eýe çykmaga çalyşýar
«Liwerpul» futbol klubunyň eýesi bolan Fenway Sports Group ýakyn günlerde klubuň paýnamalarynyň azyndan 30%-ini hindi milliarderi Lakşmi Mittalyň giýewsi Amit Bhatiýanyň ýolbaşçylygyndaky konsorsiuma satýandygyny yglan etmegi ähtimal. Bu barada «Sky News» neşiri habar berýär.
Konsorsiuma «Amazon-y» döreden Jeff Bezos we «Facebook-yň»...
Smartfondan aýralyk adam organizminde stress döretdi
Alymlar el ujunda smartfonyň ýoklugy bedeniň ölçäp bolýan fiziologiki reaksiýasy bilen utgaşýandygyny anykladylar. Bu reaksiýa, esasanam, nomofobiýasy güýçli, ýagny telefon ulanyp ýa-da aragatnaşykda galyp bolmaýanlygy sebäpli aljyraýan ýa-da güýçli howsala düşýän adamlarda has-da aýdyň ýüze çykdy.
Häzire çenli şeýle reaksiýalar, esa...
Serdar Berdimuhamedow Kolumbiýadaky weýrançylykly ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidenti Abelardo de la Esprielýa ýurduň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany betbagtçylykda heläk bolanlaryň maşgala...
«Harri Potter» serialynda Zerboş Burmanyň keşbini Nikolas Holt ýerine ýetirer
HBO tarapyndan düşürilýän «Harri Potter» serialynyň 2-nji möwsüminde rollaryň birini «Äpetleri boýun egdiren Jek» we «Supermen» ýaly filmleriň ýyldyzy Nikolas Holt ýerine ýetirer.
Aktýor gara güýçlerden goranmagy öwredýän, özünden juda göwnühoş mugallym Zerboş Burmanyň (Gilderoy Lockhart) keşbini janlandyrar.
Ikinji mö...
Belgiýada ot suwarýanlara we howuz doldurýanlara €350 jerime salnar
Belgiýanyň Şime kommunasynda güýçli guraklyk sebäpli suwuň aşa köp sarp edilmegine, şol sanda otluk ýerleriň suwarylmagyna we howuz doldurylmagyna 350 ýewro möçberinde jerime girizildi. Çäklendirmeler 31-nji awgusta çenli hereket eder diýip, RTL habar berýär.
Teleradioýaýlymyň berýän maglumatyna görä, şeýle çäreler eýýäm 10 kommunad...
Aşgabatda «Bilgir» emeli aň programmasy we «Hyzmatly Dostlaryň» beýleki önümleri tanyşdyrylar
Türkmenistanda «Hyzmatly Dostlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan işlenip düzülen «Bilgir» atly milli emeli aň platformasy tanyşdyrylar.
2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda sagat 17:00-da, paýtagtdaky «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň «Şamelek» restoranynda «Hyzmatly Dostlar» hojalyk jemgyýetiniň geňeşilýän «Bilgir» atly täze milli emel...
Hawi Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy
Niderlandlaryň Patyşalyk futbol birleşigi Hawini milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine belledi.
46 ýaşly ispaniýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2030-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna çenli niýetlenendir. Hawi bu wezipede 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyndan soň ýygyndyny terk eden Ronald Kumany çalyşdy.
Hawiniň...
Google täze smartfonlaryny we sagatlaryny tanyşdyrdy
Google uly Made by Google 2026 tanyşdyryş dabarasyny geçirip, birbada birnäçe täze önümlerini — Pixel 11, Pixel 11 Pro, Pixel 11 Pro XL we eplenýän Pixel 11 Pro Fold smartfonlaryny, Pixel Watch 5 akylly sagadyny we beýleki enjamlaryny tanyşdyrdy.
Pixel 11 ýady uly bolmagy sebäpli $100 gymmatlady
Esasy Pixel 11-iň bahas...