Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryny milli baýram bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýol...

Dowamy »

68 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

«Eurovision 2027» bäsleşigi Burgasda geçer

Eurovision aýdym-saz bäsleşigi 2027-nji ýylda Bolgariýanyň Burgas şäherinde geçiriler. Bu barada Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU) hem-de Bolgariýanyň Milli teleradioýaýlymy mälim etdi.

Ýarym finallar 11-nji we 13-nji maýda, final tapgyry bolsa 15-nji maýda «Arena Burgas» sport-dynç alyş toplumynyň çäginde guralar.

Dowamy »

61 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Islam Mahaçew vs. Ien Gerri: UFC 330 ýaryşynyň kardy we başlanýan wagty

16-njy awgustda ir bilen Filadelfiýada (ABŞ) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 330 ýaryşy geçiriler. Onuň esasy wakasy ýarym orta agram (77 kg çenli) derejesindäki köpden bäri garaşylýan söweş bolar: russiýaly Islam Mahaçew irlandiýaly Ien Gerrä garşy uruşda çempionlyk guşagyny gorar.

Ýaryşy göni ýaýlymda «Матч ТВ» we «Матч Боец» te...

Dowamy »

75 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

20 ýyla çeken gözegçilik çaganyň geljegine çagalar bagynyň nähili täsir edýändigini görkezdi

Florida Halkara uniwersitetiniň we Jorj Meýson uniwersitetiniň alymlary Maýami-Deýd etrabynda tas 400 müň okuwçynyň ýetişigini 20 ýylyň dowamynda gözegçilikde saklady. Ahyrsoňy olaryň gelen netijesi şeýle: mekdepden öňki alýan biliminiň hili çaganyň soňraky tutuş okuw ýyllarynyň dowamynda näderejede gowy okajagyny kesgitleýär.

Barlag...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Alp daglarynyň astynda ägirt seýf gurulýar: içinde altynam, awtomobilem saklasa bolýar

Şweýsariýanyň Brünig daglygynda iňňän baý adamlara niýetlenen dagasty ammar gurulýar. Ol ýerde müşderiler iň gymmatly zatlaryny, şol sanda altyn-kümüşini, sungat eserlerini, gymmat bahaly çakyrlaryny, hatda del awtomobil kolleksiýalaryny-da saklap bilerler.

Taslama Brünig Mega Safe diýlip at berildi. Ol Lýusern şäherinden 40 kilometr...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Bir günde iki rekord: italiýaly türgen öz-özüni ozup geçdi

Parižde geçirilýän sportuň suw görnüşleri boýunça Ýewropa çempionatynda 19 ýaşly italiýaly Sara Kýortis arkanlygyna 50 metre ýüzmekde bir gije-gündiziň dowamynda iki gezek dünýä rekordyny täzeledi.

Ilki bilen ýarym final ýüzüşinde Kýortis aralygy 26,63 sekuntda geçip, awstraliýaly Keýli Makkiounyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda goýan...

Dowamy »

74 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Instagram indi «Instagzam» boldy: sosial toruň 10 ýylda ilkinji gezek logotipi täzelendi

Meta kompaniýasynyň Instagram sosial tory öz wordmarkyny — goşundynyň ýokarky böleginde görkezilýän adynyň tekst şekilini täzeledi. Soňky 10 ýylyň dowamynda ilkinji üýtgeşme barada hyzmatyň ýolbaşçysy Adam Mosseri habar berdi.

Ol tekstiň täze görnüşiniň öňki nusga çalymdaşlygy saklamak bilen, has «arassa we döwrebap» bolandygyny bell...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Gyzylarbatly halyçylar meýdany 276 inedördül metre ýetýän äpet haly dokaýarlar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň giňden toýlanylýan ýylynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat Çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary bu baýram mynasybetli äpet haly taýýarlaýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Kärhananyň önümhanasynyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Patma Amanjaýewanyň h...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Ginnesiň rekordlar kitabynda Holand peýda boldy. Ýok, saçynyň uzynlygy üçin däl...

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand Ginnesiň rekordlar kitabyndan birbada dört sany şahadatnama aldy. Olaryň ählisi norwegiýaly futbolçynyň meýdançadaky netijeliligi bilen baglanyşykly.

Holand Milletler ligasynyň taryhynda iň gowy bombardir hökmünde resmi taýdan ykrar edildi — onuň hasabynda 19 gol bar.

Ýene bi...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Dünýäniň täze «zawody»: Hytaý nädip 20 ýylda Ýewropa bilen ABŞ-nyň elinden senagat liderligini aldy

20 ýylyň içinde Hytaý dünýäniň gaýtadan işleýiş senagatyndaky önümçilik paýyny ep-esli artdyrdy — 2005-nji ýyldaky 9%-den 2025-nji ýylda 27%-e çenli ýetirdi. Netijede, bu ýurt dünýäniň iň uly önümçilik ykdysadyýetine öwrüldi hem-de ABŞ-dan we Ýewropa Bileleşiginden 10 göterim öňe geçmegi başardy.

Visual Capitalist seljeriş portalynyň...

Dowamy »

54 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Aşgabatda geçiriljek KIDS EXPO 2026 sergisinde mekdep ýarmarkasy açylar

Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynda ýörite mekdep ýarmarkasy açylar. Sergi 19-22-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi toplumynda geçiriler.

Mekdep ýarmarkasynda ata-eneler çagalary bilen bilelikde täze okuw ýyly üçin harytlary saýlap biler. Meýdançada mekd...

Dowamy »

56 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Yssy sebäpli Çehiýadaky kiçi gidroelektrostansiýalaryň tas 90%-i suwsuz galdy

Çehiýadaky kiçi gidroelektrostansiýalaryň takmynan 90%-i işini togtatdy. Muňa aşa yssy howa we onuň yzy bilen derýalarda hem-de beýleki suw howdanlarynda suwuň derejesiniň peselmegi sebäp boldy diýip, Idnes portaly habar berýär.

​Häzir esasan iri suw ambarlaryndaky stansiýalar işlemegini dowam etdirýär. Ol ýerde gidrotehniki ulgamlar...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

BMW X3 ýoldan çykdy, emma sandan çykmady: ulag agyr şertlerde özüni nähili görkezýär?

BMW South Africa kompaniýasy kompaniýasy X3 eýelerine krossoweriň asfaltdan ýollardan çykanynda nämelere ukyplydygyny görkezmek üçin, ýolsuz ýerlerde sürmegi öwredýän täze okuw kursuna başlady. Sapaklar Ýohannesburgyň golaýyndaky Midrand şäherçesinde ýerleşýän xDrive Park poligonynda geçirilýär.

Bu başlangyç BMW M Driving Experience...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

«Real», «Barselona» we ýene 2 topar Ispaniýanyň Superkubogy ugrunda Türkiýede bäsleşer

2027-nji ýylda futbol boýunça Ispaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunlar Stambulda geçiriler. Bu barada Patyşalyk ispan futbol federasiýasynyň (RFEF) metbugat gullugy habar berdi.

Kubok ugrunda «Barselona», Madridiň «Realy» we «Atletiko» klublary, şeýle hem «Real Sosýedad» bäsleşer. Ýaryşyň duşuşyklary 2-nji we 7-nji fewral aralygynda...

Dowamy »

63 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

«Bu şanly baý...

Dowamy »

57 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Gyzylyň 55 öwüşgini: Pet Makgrat bilen Nikolýa Žeskýer LV üçin kosmetika döretdi

Meşhur wizažist Pet Makgrat bilen Louis Vuitton-yň zenanlar kolleksiýalarynyň döredijilik müdiri Nikolýa Žeskýer bilelikde döreden bezeg kosmetikasynyň ilkinji toplumyny hödürlär. Oňa 55 öwüşgindäki pomadalar, dodak üçin 10 sany reňk beriji balzam we göz üçin boýag paletkasynyň 8 toplumy girer.

Pomadanyň öwüşgin sany tötänden saýlanm...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Hytaý Aýa robot-itleri ibermek isleýär. Olara nähili ýumuşlar tabşyrylar?

Hytaýly alymlar kosmosy özleşdirmegiň giň göwrümli meýilnamasyny hödürlediler: olar geljekki Halkara Aý barlag stansiýasyna dört aýakly robotlary ibermegi meýilleşdirýärler. Bu başlangyjyň jikme-jik beýany Chinese Space Science and Technology ylmy žurnalynda çap edildi.

Robot-itleriň Aýda ýöreýän adaty tigirli tehnikalardan esasy art...

Dowamy »

69 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Ford dört gapyly Mustang modelini gizlinlikde diňe dilerlere görkezdi

Ford Las-Wegasdaky dilerler üçin ýapyk duşuşyk geçirip, ilkinji gezek Mustang modeliniň täze dört gapyly prototipini görkezdi. Deslapky maglumatlara görä, tapgyrlaýyn çykjak model «Mach 4» adyny alar, onuň önümçiligine 2028-nji ýylyň ahyryna çenli başlamak meýilleşdirilýär.

Tanyşdyrylyşa gatnaşanlar täze modeli Porsche Panamera bilen...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Lukman «horlan» diýeninden soň bu ýigit başaşaklygyna 33 halka aýlap, rekordlary döwüp başlady

Hytaýyň Guýlin şäheriniň ýaşaýjysy Ýan Ýanzýa başaşak asylgy halda birwagtda 33 sany halkany aýlap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň bu geň hokgasy barada UPI habar berýär

​Ýigidi sport gurluşynda başaşak berkitdiler, soňra iki sany kömekçisi oňa 33 halkany geýdirdi. Ýan bellenen wagtyň dowamynda olaryň baryny birlikde aýlamag...

Dowamy »

53 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago

Hytaýyň magnit otlusy bary-ýogy 5 sekuntda uçaryň tizligine ýetdi

Hytaýda magnit otlusynyň prototipi bary-ýogy 5,3 sekundyň içinde sagatda 800 km tizlige ýetdi. Synaglar Hubeý welaýatyndaky bir kilometrlik ýörite ýolda geçirildi diýip, CGTN habar berýär.

​Agramy 1110 kg bolan synag enjamy soňky alty aýyň içinde gysga aralykda magnit otlusynyň tizlenmegi boýunça eýýäm üçünji dünýä rekordyny goýdy. N...

Dowamy »

67 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago