Täze Volkswagen Golf GTI-niň bahasy 44,5 müň ýewro bolar

Volkswagen täze Golf GTI üçin sargyt açdy. 2024-nji ýylyň modeli 26 at güýji öndürýän 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisini aldy, bu öňküsinden 20 at güýji köpdür. 100 km/sag-a çenli tizligi artdyrmak 5,9 sekunt wagt alýar diýip auto.ru habar berýär.
Esasy GTI 17 dýuýmlyk tekerleri, sport oturgyçlaryny, 12,9 dýuýmlyk ekranly media ulgamyny...

Dowamy »

344 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Haýsysy köp? Samsung, Apple we Xiaomi-niň 10 ýylda näçe smartfon satandygy belli boldy

Altindex agentliginiň analitikleri International Data Corporation-yň (IDC) maglumatlaryna salgylanyp 10 ýylyň dowamynda satylan smartfonlaryň sany boýunça smartfon bazarynda öňdebaryjy bellendi.
10 ýylyň dowamynda, ýagny 2014-nji ýyldan bäri öňdebaryjy ýeri Samsung tutdy. Kompaniýa bütin dünýäde 2,937 milliard smartfon satdy. Ondan soňky ýer...

Dowamy »

392 0
Tehnologiýa, 1 year ago


«Mançester Siti» dördünji gezek Angliýanyň Premýer ligasynyň çempiony boldy

«Mançester Siti» Angliýanyň Premýer ligasynyň jemleýji tapgyrynda "West Hemi" 3:1 hasabynda utup, yzygider dördünji gezek çempionlyk titulyny eýeledi.
Bu duşuşykda gazanan ýeňşi bilen "Siti" 91 utuk toplady we ýaryşy ikinji ýerde barýan "Arsenaldan" iki utuk öňde tamamlady. Hosep Gwardiolanyň şägirtleri taryhynda onunjy we soňky ýedi ýylda a...

Dowamy »

388 0
Sport, 1 year ago


Türkmenistan Astrahanyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda logistika merkezini döredip biler

“Demirgazyk – Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Astrahan sebitiniň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda logistika toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada sebitiň gubernatory Igor Babuşkiniň “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” forumyndaky beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär.
“Örän möhüm taslama Türkmenistandan h...

Dowamy »

334 0
Täzelikler, 1 year ago


Fil Foden 2023/24 möwsümde APL-de möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

“Mançester Sitiniň” ýarym goragçysy Fil Foden 2023/24-möwsüminde Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
23 ýaşly angliýaly 35 oýunda 19 gol geçirip we 8 netijeli geçirim edip, toparyň çempion titulyny almagynda esasy şahsyýetleriň birine öwrüldi.
Foden baýrak üçin göreşde Erling Holand (Mançester Siti...

Dowamy »

334 0
Täzelikler, 1 year ago


Toyota Camry 2024 Honda Accord Hybrid we 3,5-lyk Camry bilen dreg-ýaryşda bäsleşdi

Throttle House YouTube ýaýlymynda gibrid kuwwatly täze Toyota Camry 2024-iň Honda Accord Hybrid we öňki nesil Camry TRD V6-nyň bäsleşýän dreg-ýaryşynyň wideosyny çap etdi diýip, IXBT ýazýar.
Ilkinji ýaryşda gibrid Camry 2024 (232 at güýji, 1655 kg) Honda Accord Gibrid-i (204 at güýji, 1606 kg) badalgada hem, hereket wagty hem öňe yzda galdy...

Dowamy »

337 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow El-Salwadoryň Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan El-Salwador Respublikasynyň Prezidenti Naýib Bukelä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen El-Salwador Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny...

Dowamy »

312 0
Täzelikler, 1 year ago


Müsürde faraonlaryň guburlarynyň aşagyndan syrly desga tapyldy

Arheologlar uzakdan zondirleme usulyny ulanyp, Müsürdäki Giza gonamçylygynyň golaýynda ýeriň astyndan L görnüşli syrly desgany tapdylar. Alymlar munuň nähili desgadygyny we nirä eltýändigini heniz bilenoklar diýip, Archaeological Prospection žurnalyna salgylanýan Hi-Tech ýazýar.
Bu täsinlik ýeriň astyndan, iki metr çuňlukdan tapyldy. Onuň uz...

Dowamy »

343 0
Täzelikler, 1 year ago


Bizden 55 ýagtylyk ýyly uzaklykda Ýeriň ölçegindäki bir planeta tapyldy: onda bir ýyl 17 sagat dowam edýär

Astronomlar Ýeriň ululygyndaky täze ekzoplanetany tapdylar. SPECULOOS-3 b diýlip atlandyrylan bu obýekt bizden bary-ýogy 55 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär we aşa sowuk gyzyl kindiwanja ýyldyzyň daşyndan aýlanýar diýip, Nature Astronomy žurnaly ýazýar.
SPECULOOS-3 b-de bir ýyl, takmynan, 17 sagat dowam edýär we dartyş güýçleriniň hereketsi...

Dowamy »

312 0
Täzelikler, 1 year ago


PlayStation 5-iň satuwy Xbox Series-den bäş esse ýokary: ara barha açylýar

Sony kompaniýasy oýun konsoly bazarynda PlayStation 5-iň ornuny berkitmegi dowam etdirýär. Geçen çärýekde PS5-iň satuwy Xbox Series X bilen S-iň bilelikdäki satuwyndan bäş esse ýokarydy. Ýagny, satylan her 1 sany Xbox konsolyna satylan 5 sany PlayStation 5 düşýär diýip, IXBT habar berýär.
Umuman alanyňda, Sony 2020-nji ýylyň noýabr aýynda PS...

Dowamy »

361 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Werstappen 0,7 sekuntlyk aratapawut bilen Italiýada Formula-1 Gran-Pri-sini gazanmagy başardy

Red Bull-yň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen Imolada (Emiliýa-Romanýa, Italiýa) “Formula 1” tapgyrynda ýeňiji boldy. Pellehana ikinji bolup gelen Lando Norris (McLaren) ondan 0,7 sekunt yza galdy.
Ilkinji üçlügi Şarl Lekler (Ferrari) ýapdy.
Werstappen bu möwsümdäki ýedi ýaryşyň bäşisinde ýeňiş gazandy.
Imoladaky ilkinji onl...

Dowamy »

350 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Düýbünden täze Hyundai Santa Fe-niň çykmagyna garaşylýar

Hyundai kompaniýasy Hytaý bazarynda peýda boljak täze Hyundai Santa Fe-niň ilkinji suratlaryny hödürledi. Krossoweriň ilkinji gezek resmi görkezilişi 30-njy awgustda Çendu awtoulag sergisinde geçer diýip, IXBT ýazýar.
Täze Santa Fe, esasan, ABŞ we Ýewropa wersiýalaryna meňzeş bolar, ýöne birnäçe üýtgeşik aýratynlyklary alar. Awtoulagyň goşa...

Dowamy »

340 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Alymlar: ýaňy-ýakynda bolan magnit tupanlary Ýerde bir topar harasatlaryň döremegine getirip biler

Florida döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) gözlegçileri ýaňy-ýakynda Ýere aralaşan uran geomagnit tupanlarynyň bir topar harasadyň döremegine getirip biljekdigini anykladylar. Bu barada Daily Mail neşiri habar berýär.
Gözlegçiler soňky 5500 ýyldaky tropiki siklonlaryň işjeňligini seljerenlerinden soň, olaryň ýygylygynyň 40% ýokarlanan 11 döwrüni ý...

Dowamy »

312 0
Täzelikler, 1 year ago


Norwegiýada elektrik toguny talap etmeýän assimmetrik gökdirän bina guruldy

Norwegiýada özboluşly belent binanyň gurluşygy tamamlandy, onuň içinde amatly temperaturany saklamak üçin elektrik togy ulanylmaýar diýip, New Atlas ýazýar.
Snøhetta binagärlik býurosy tarapyndan taslamalaşdyrylan, Vertikal Nydalen diýlip atlandyrylýan bina assimetrik görnüşe eýe we iki sany özara birleşdirilen diňden ybarat. Bu dizaýn goňşy...

Dowamy »

314 0
Täzelikler, 1 year ago


Iýun aýynda Toyota Crown Kluger 2024 çykar. Ol ady başga täze Highlander

1-nji iýunda açyljak Şençžen-Gonkong-Makao awtoulag sergisinde täzelenen Toyota Crown Kluger 2024 hödürlener. Krossower "Highlander-iň" ady üýtgedilen nusgasy diýseň hem bolar. Ol has uly ekranlary we kämilleşdirilen enjamlary aldy diýip, IXBT ýazýar.
Crown Kluger 2024-iň esasy wersiýasynyň media ulgamynyň ekranynyň diagonaly 8-den 10,25 dýu...

Dowamy »

320 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Körpeje Opal dünýäni eşidip başlady: Angliýada ilkinji gezek 18 aýlyk gyzjagazyň kerligini bejerdiler

Beýik britaniýaly 18 aýlyk Opal Sendi dünýäde gen terapiýasy arkaly eşidişi dikeldilen ilkinji çaga boldy. Kembrij uniwersitetiniň web sahypasynda bu gyz OTOF genindäki kemçilik sebäpli genetiki taýdan ker doguldy, ýöne indi 16 minutlyk operasiýadan soň ol gaty gowy eşidip başlady diýip habar berilýär.
Addenbruk keselhanasynda geçirilen bu o...

Dowamy »

271 0
Täzelikler, 1 year ago


Ýagyşly, üýtgäp durýan bulutly howa dowam edýär: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (20.05 - 26.05)

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada beren maglumatna görä, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hepdäniň dowamynda ýagyş ýagar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10...

Dowamy »

284 0
Täzelikler, 1 year ago


Meýwezeriň indiki garşydaşy yglan edildi

Bir gezek hem ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesindäki öňki dünýä çempiony Floýd Meýwezer-kiçi watandaşy Wiktor Ortiz bilen görkezme söweşinde ringe gaýdyp geler. Bu barada "Çempionat" Salwador Rodrigesiň synçysyna salgylanyp, habar berýär.
Sosial mediada, Rodriges: "Maňa Meýwezeriň 24-nji awgustda Ortize garşy görkezme söweşini...

Dowamy »

385 0
Sport, 1 year ago


Stambulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

15-nji maýda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Dabara Türkiýäniň ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, meşhur ýazyjy-şahyrlar, syýasy-jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we KHBS-i gatnaşd...

Dowamy »

318 0
Täzelikler, 1 year ago


Haly önümleriniň bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermeklik başlandy

Halyçy gelin-gyzlaryň arasynda yglan edilen “Türkmen halysy – milli buýsanjymyz” atly haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermeklik başlandy.
Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşýan halyçy gelin-gyzlaryň çykyşlaryny şu salgydan görüp bilersiňiz.
Çykyşlary bahalandyrmak we ýeňijileri kesg...

Dowamy »

314 0
Täzelikler, 1 year ago


Volkswagen Polo sedanynyň täze görnüşini hödürledi

IXBT-iň habar bermegine görä, Volkswagen Günorta Afrikada Polo sedanynyň turbo görnüşli hereketlendirijili we baý enjamly täze görnüşini çykardy.
Täze modifikasiýa 178 N•m aýlaw pursadyny berýän 116 at güýji bolan turbo hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Motor 6 tizlikli Tiptronic awtomatiki geçiriş bilen jübütlenendir.
Utgaşdyryl...

Dowamy »

365 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Güýçli kwant kompýuterlerini döretmek üçin ultra arassa kremniý işlenip düzüldi

Melburn we Mançester uniwersitetleriniň alymlary ultra arassa kremniýni öndürmek üçin täze tehnologiýany döretdiler. Bu tehnologiýa häzirki zaman superkompýuterleri üçin elýeterli bolmadyk meseleleri çözmäge ukyply kwant kompýuterleriniň döredilmegine ýol açýar diýip, Nature žurnalynda çap bolan makalada aýdylýar.
Häzirki zaman elektronikasy...

Dowamy »

370 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Dubaýdaky Al-Sinniýa adasyndaky dürçüler şäheriniň harabalyklary IV asyra degişli hasaplanylýar

Arheologlar Dubaýyň 42 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Al-Sinniýa adasyndan birnäçe gadymy oturymly ýerleriň galyndylaryny tapdylar. Tapyndylar sebitiň irki taryhyny açýar diýip, BAE-niň Syýahatçylyk we arheologiýa departamentine salgylanýan Miami Herald ýazýar.
2023-nji ýylyň mart aýynda tamamlanan gazuw-agtaryş işleriniň biri gadymy d...

Dowamy »

333 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmenistanyň Ženewadaky hemişelik wekili BSGG-niň baş sekretary bilen duşuşdy

13-nji maýda BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş sekretary Tedros Adhanom Gebreýesus bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini we geljegini maslahatlaşdylar. Şu ugurlara aýratyn üns berildi:
Jemgy...

Dowamy »

346 0
Täzelikler, 1 year ago


Maýk Taýson 2005-nji ýyldan bäri ilkinji resmi tutluşygyna çykar

21-nji iýulda Arlingtondaky AT&T stadionynda (Tehas ştaty, ABŞ) boks boýunça super agyr agram derejesinde dünýäniň öňki absolýut çempiony Maýk Taýson bilen belli amerikan wideoblogeri Jeýk Poluň arasynda boks duşuşygy geçiriler. Boksçylar tutluşykdan öňki bakyşlaryň duelini geçirdiler.
57 ýaşly Taýson üçin bu söweş 2005-nji ýyldan bäri ilkin...

Dowamy »

313 0
Täzelikler, 1 year ago