Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy TIF-2026 maýa goýum forumynda Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany hödürledi. Kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Min Man Çžun forumda eden çykyşynda taslamanyň çäklerinde Ahal we Balkan welaýatlaryny durnukly suw bilen üpjün etmek üçin täze, döwrebaplaşdyrylan kanaly gurmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bu taslama oba hojalygynda we senagatda ulanylýan suwuň ýitgilerini mümkin boldugyça azaltmaga hem-de könelişen kanal desgalaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda taýýarlyk tapgyrynda bolan bu taslamanyň Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geçýän böleginiň uzynlygy, takmynan, 250 kilometre barabar bolup, ol Köpetdag suw howdanyndan Bereket suw howdanyna çenli uzalyp gidýär. Min Man Çžun çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sentýabr aýynda Seula amala aşyran saparynyň dowamynda Daewoo E&C kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň arasynda «Garagum derýasynyň 850–1100 km aralygynda hereket edýän suw hojalyk desgalarynyň durkuny täzelemek we täze suw hojalyk desgalaryny gurmak» hakynda Ähtnama gol çekilendigini hem ýatlap geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→