İne bu günem her gün bolşy ýaly asuda garaňky gijeler, dymyşlyk, ýöne näme üçindir meniň ýüregimde harasatdyr tupan möwç alýar. Hemişe özüme berýän soragymy, islemesemde bu günem özüme gönükdirdim. Sorag näme diýýäňmi?!
Sorag şeýle: " Men her näçe erkin, asuda durmuşda ýaşasamam, bagtly däl. Näme üçin? "
Hudaýa şükür janym sag, maşgalam abat, ýaşaýşymyz gowy..
Men pikirimçe sebäbi, birnäçe adamlaryň bagt diýip atlandyrýan, durmuşlarynyň merkezinde saklaýan adamlary mende ýok.
Edil, ol bolmadygy üçin özümi bagtsyz hasaplamok diýmegem birhiliräkdir, düşünýän. Emma name üçindir, içimdäki sesi ýatyryp (goýdurup) bilemok. Göwnüm ýaly göwünli, pikirlerim ýaly pikirli adam isleýän durmuşymda. Kän däl, bary-ýogy ýekeje adam. Şol adam bilen gije diýmän, gündiz diýmän içimizi döksek biri-birimize, azuwlar äleminde bileje syýahat etsek...
Bir güýz gijesi üşän wagtym başymy goýar ýaly bir döş, ol döşüň içinde diňe meň adymyň sazy bilen atan ýürek isleýän. Söýen erkegimiň teniniň her santimetrinde diňe öz ysymyň höküm sürmegini isleýän. Gije sagat näçe bolsa bolsun, içimdäki derdimi aglaýa-aglaýa aýdyp biljegim, ses tonunda rahatlyk, şatlyk hemem özümden bir bölek bardygyny duýup biljegim bir erkek isleýän. Söýen erkegimiň dodagyndan çykan her bir söze, her sözleme iň az özüme ynanyşym ýaly ynanmak isleýän. Gijelerine onsuz başymy ýassyga goýup, gijesiniň rahat bolmagyny dileýän wagtym, mende oňa bolan şübhe bolmazlygyny isleýän. Gujaklamak, birnäçe sagat bile oturyp nurly didelerine bakyp söhbet etmek isleýän. Arkamda gala ýaly durup biljek erkek we men her gezek özümi ýalňyz duýamda, gorkularymda, agyrylarymda, gaharymda, aýralykda şol galada goranmak isleýän…
Bu islegler göräýmäge kän ýaly bolmagy mümkin, emma ýerine ýetirip bolmajak derejede kyn islegler däl.
Meň senden islegim beýle kän zat däl:
Söýgi,
Mähir,
Birazajyk merhemet…
Şularyň baryny bir ýere jemläp,
Gan öýen ýüregme özüň melhem et!
Baky Amanýazowyň goşgy setirlerinde-de belläp geçişi ýaly meniňem islegim "Söýgi, Mähir, Merhemet"
Men käwagt öz dünýämde ýitirim bolýaryn, käwagt bolsa bölejiklere bölünip we ol bölejiklerimden täze men döredýärin. Men henizem ýaşaýaryn.
Men özümi başgalara ýetirip bilemok. Şeýle bir kän zady, birnäçe duýgulary içimde saklaýan welin, hatda nähili kändigini hem aýdyp bilemok. Bu maňa agyr degýär. Özümden başga zada geçirip bilemok özümi. Men ýalan şaglawuklara meňzeýärin. Özüme akýaryn we özümi doldurýaryn. Özümden gidip, özüme dolanýaryn. Hiç kim bilen aragatnaşyk ýok, ýok...
Ýagny, bir suwda 2 gezek ýuwnup bolmaýan bolsa, men näme üçin bu aýlawda gabalan ýaly?!
Başga alajym ýok! Men gürläp ýa-da düşündirip bilemok. Synanşanlarym menden has köp gülmegimi, hezil etmegimi, ýalan ünse açyk bolmagyma garaşýarlar. Synap görmediklerim, näme-de bolsa olaryň aň-düşünjesine / ulgamyna kodlanan bolaýmasam, çünki olar radarymdanam uzak ýaly. Nähili we näme etjegimi bilemok. Ömrüm boýy radaryma düşjegi gözlemek, çäresiz bolmak we boýun bolmak islämok. Birine mätäçlik duýmakdan, indi birahat bolýaryn....ýadadym.
Ýeri bolýar-da, gowsy sözümi Sapa Hommadowyň aşakdaky goşgy setirleri bilen jemläýin.
Indi bolsa, „melegem“ ýok, söýgem ýok,
Meň henizem ýalňyzlygym, täkligim.
Bir ýerlere gitsem...
Hiç kim duýmasa...
Gidemsoňam duýulmasa ýoklugym...
•••
-
Nirvana
3 years ago
- Reklamaňyz üçin sag boluň! :)
-
AndroidHacker
3 years ago
- 😂😂😂 ok
-
Nirvana
3 years ago
- AndroidHacker
Aşakda Kerim agaň goşgusyny üýtgedip paýlaşypsyňyz. Şony pozaýyň. Gelşiksiz ýagdaý.
Dogry düşünersiňiz diýip umyt edýän.
-
AndroidHacker
3 years ago
- Pozaýarn ýöne buña satirika diýilýä goşgular degişme manysynda tazeden işlenilya (Aman Sary, Nuryşka ) we hic hili oñaýsyz ýagdaý emele gelenokmyka diýän awtor ùcinem okaýan üçinem
-
Nirvana
3 years ago
- Pozanyň üçin minnetdar!
-
Wonderfull
3 years ago
- Yureginde beslan yigidine yetirsin, Allahym seni Nirvana! Gowy yazypsyn tuweleme! 👍
-
BeýikÝazyjy
3 years ago
- Döwrümiz barada ýaz. Şonda ýüregiň ynjalar. Dost, söýgi barada aýdylanda bolsa, ýok zadyň arzuwyny etme. Dostlaryň kim pully bolsa, şol tarapa gider. Söýgüliň bolsa öler ýaly işleder.
-
Nirvana
3 years ago
- Wonderfull
Amin, minnetdar!
-
Nirvana
3 years ago
- BeýikÝazyjy
Bolýar ýazaýaryn. Dostluk, söýgi ýok zat däl-ä. Bolan we bolýan zat. Öz bähbidi üçin aragatnaşyk saklajak adamlar bar. Barybir ölmeli, işden gaçýan gyza
-a däl men. Maslahatyňyz üçin minnetdar!
Paýhasly
:) hawa. Aýtjak däl.
AndroidHacker 3 years ago- Wah meñki ýaly döş gerek eken saña😢😢😢