Bendäm bendäme sebäp...


Goňşy obada ýaşaýan Geldi agamyň ogul öýerip, toý tutýandygy üçin, biziňkileriň hemmesi eýýäm toýa gidipdi. Men iş ýerimde birazrak eglenip, toýa gijräk gitmeli boldum. Ýöne ýeke çykmaga çekindim-de, joram Gülnäzden özüme ýoldaş bolmagyny haýyş etdim. Onuň ene-atasyndan rugsat alyp,  ýola düşdük.

    Ýarym sagada golaý wagtdan soň biz daýymlaryň ýaşaýan köçesiniň çetinden girdik. Daýymlaryň howlusy toý tutumy bilen bezelipdi, ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy kalbyňy heýjana salýardy. Daýymdyr daýzamy tutýan toýlary bilen gutlap, ejem dagynyň ýanyna baryp, gelenimi bildirdim. Soňra Gülnäz ikimiz toý eýelerine kömek etmek üçin daş çykdyk. Toýuň başlanmagyna birki sagat çemesi bardy. Biz geljek myhmanlar üçin saçak ýazyp, dürli-dümen tagam taýýarlaýardyk. Birden meniň ýanyma Gülnäz gelip:

   -A gyz, ho-ol oglana seret, gözüni aýyrman seredip durşuny onuň, men-ä utanýanam. Ýa meni nätanyş görüp, toýa kim bilen, nireden gelip ýörkä diýip pikir edýärmikä – diýip aşak bakdy. Onuň baş atan tarapyna seredenimde, daýymyň ogly Merdan elini bulap, ýanyna çagyrdy.

   -Waý, Gülnäz, çekinme. Ol-a Merdan – daýymyň ikinji ogly. Häzir onuň ýanyna baraly, sizi tanyşdyraýyn

  - diýdim-de, joram bilen tirkeşip onuň ýanyna bardyk.

  -Salam  Merdan, tanyş bol, bu meniň joram Gülnäz. Ejam dagy menden öň gaýdansoň, Gülnäzi ýoldaş tutunyp, bile geläýdik – diýdim.  Merdan hoşamaý ýylgyrdy-da:

  -Owadan joraň bar eken. Häliden synlap durşuma “obamyzyň gyz-a däl” diýip pikirlendim welin, asyl, seň bilen gelipdir-ä ol,birden ol biziň obada galmaly bolaýmasyn?! – diýip,  maňa syrly seretdi.  Men oňa “Oýnuňy bes et, onsuzam işimiz kän” diýdim-de, joramyň  elinden  tutup,  gelin  getirilen otaga girdik.  Yzymyzdan bolsa Merdanyň“Häli görersiň, meniň diýşim ýalybolar”diýenini eşidip galdyk.

   Toý diýseň şowhunly geçdi. Bagşylaryň hoş owazy, ganatly aýdym-sazlar, tanslar göwnüňi göterýärdi. Merdanam biziň töweregimizde aýlananyny kem görmän, Gülnäzden gözüni aýyranokdy. Ahyry “bolup ýörşüň nähili, bar, bize azar berme” diýip utandyryp goýberemsoň, ýanymyzdan göwünli-göwünsizem bolsa gitdi.

  Toý gutaransoň, ejem daýymlarda galdy, jigilerimdir biz bolsa kakam bilen öýe dolandyk. Şonda ulagyň aýnasynda garaňkynyň içinda Merdanyň yzymyzdan elini bulap galanyny gördük. Gülnäzem gaňrylyp, ondan gözüni aýryp bilmän synlady. Men kakama eşidilmez ýaly pyşyrdap:

  - Merdan seniňem göwnüňe ýarady öýdýän. Eger göwneseň, oňa seniň telefon belgiňi beräýjek. Ýaňy gaýtmankak sorady welin, sendan bidin bermedim-diýip, onuň pikirini soradym. Ol “aý, näbileýin-dä?!” diýip, egnini gysdy.

  Toýdan soň, birki aý geçdi. Merdan zol-zol maňa jaň edip, harby gulluga gitmänkä Gülnäz bilen birje gezek duşuşdyrmagymy haýyş etdi. Men Gülnäze onuň haýyşyny ýetirdim. Joram garşy bolmady. Baýramçylyk günüdi. Etrabymyzyň merkezinde şowhunly dabara guralypdy. Biz Merdan bilen konsertde duşuşmaly diýen karara geldik. Şowhuna beslenen dabara göwnüňi galkyndyrýardy. Men çete çykdym-da, bulara ikiçäk gürleşmäge maý berdim. Olaryň ikisiniňem ýüzünden nur ýagýardy, edil, söýginiň jadyly dünýäsi bulara gujagyny giňden açan ýalydy.

  Gülnäz Merdan gullukdan gelýänçä garaşjakdygyna söz beripdir. Maňa bolsa: “Bendäm bendäme sebäp...” diýipdirler. Merdan gowy ýigit eken. Eger sen bolmadyk bolsaň, men söýgime sataşmazdym – diýip, hoşallyk sözlerini aýtdy...
26.09.2021 21:20

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir