Meniň bir gelnim bar.
Şeýle bir gelin-
Beýle ajap gelin dünýäde ýokdur,
Şeýle bir naharlar bişirýär welin,
Kekre-de oň ýanda tagamlyrakdyr.

Aş bişirse-şerebedir şerebe.
Çapady bişirse-duran bir daşdyr.
Emma ӧzi weli şeýle gӧmegeý.
Özünem ýaş weli,
Gelnimem ýaşdyr.

Unaş bişirende-belkesi hamyr,
Palaw bişirende-deň-ýary kesek.
Çӧrek bişirende ýüzi gül-güldür,
Deň-ýarysy küldür,
Deň-ýary kesek.

Çişlik bişirende-deň ýary kӧmür,
Bӧrek bişirende-ӧt ýaly ajy.
Emma ýüregi bar duran bir gӧwher,
Dilleri bar weli,
baldanam süýji.

Mundan ӧňki ӧmrüm biderek eken.
Indi üç ýyl bäri tukat günüm ýok,
Gaýgy, gussa hasrat diýilýän zatlaň
Adyn eşitsem-de, ӧzün bilemok.
Şeýle bir bälçik ol,
Bir sӧz diýdigi

Adam bary burlup,
Şol güler ýatar.

Üç ýyl bäri garnym gyzyl aç weli,
Şonda-da gaharym gelenok beter.

Ýeri, nädip oňa gaharym gelsin,
Ýüzüne gyňralyp bakan mahalym,
Bir bälçigin aýdyp goýberýär welin,
Şo bada güm bolup gidýär gaharym.

Onsoňam, dine bir bälçikligi däl,
Dӧkülýär elinden şeýle bir dürler-
Çeken keşdesini gӧren adamlar
Başyn ýaýkap,
ýaýkap,
ýaýkap giderler.

Alçaklyk, bälçiklik, eli çeperlik
Gyzlar üçin juda gerekdir welin,
Jan eneler, käte gyzlaryňyza
Nahar bişirmänem ӧwredeweriň.

Kerim Gurbannepesow
Cheshme:nexttm
Paylashan agza:KOROL
Size yetiren men
26.09.2021 15:15

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir