Dowamy
...gijesi
bilen ýatmadyk Röwşen daňa golaý namaz wagty başlamanka uka gitdi. Sebäbi onuň
gözlerine ýaňky näbelli, ezraýyl diýilýän zat kellesine gelip durdy. Ertesi
turanda öz gören düýşi barada kime aýtjagynam bilmedi. Agşamky görülen düýş
barada gün ýaşanda aýtmalydygyny welin bolsa bilyardi.
Gününiň kyn we manysyz geçenligi sebäpli bu gün Röwşen öýlerine ir gaýdyp
geldi. Onuň bu gün özüni alyp baryşy hiç kime ýaramady. Beýle ýagdaý adaty
däldi. Öýlerine gelip ejesine agşamky gören düýşi hakda gürrüň berdi. Gürrüň
berip durka onuň gözlerinde erem-erem ýaşlar gaýdýardy.
Muňa
Röwşeniň özi hem geň galdy... kakasy gişlik öýe gelende ejesi Röwşeniň aýdan
zatlaryny kakasyna ýetirdi. Kakasy dessine oglunyň otagyna ýöneldi. Gapydan
girip oglum diýende edil düýşindäki zat gapyny kakan ýaly gorkdy, seretse
kakasy.
Röwşeniň kakasy molla bolmasada namaz okaýardy, ýaşy ulalşan adam, köpi gören.
Oglundan agşamky gören düýşi barada sorady. Ejesiniň aýdan zatlarynyň
hakykatdygyna göz ýetirdi. Hamala bu adam näme üçin oglunyň gözlerinden ýaş
gelýändigini bilýän ýalydy. Gorkagyny tutdy, göwnüne rahatlyk berdi we
“Aýatul-Kürsini” ýat tutmagy hemem ýassygyň aşagynda goýmagy buýrdy.
Bu gije rahat ýatdy. Ertesi bolsa keýpi ýokdy. Hemme zat gowy ýaly, ýöne
nämedir bir zat yzyndan yzarlap ýören ýalydy. Bu zatara üns bermedi, ýaş ýürek
mert çykan ýaly boldy, çünki 2 günden bu hakda unutdy. Asla ýatlamadam,
ýadynada düşmedi. Ýöne Röwşeniň eşidýän habaralaram, görýän zatlaram edil ahyr
zaman gelýän ýaly daş töwereginde hiç-hili gowçulyk ýokdy. Bu zatlar hem
geçer diýen ýaly edip her gün durmuşyndan bir ätjek bolýardy, ýöne hiç başa
barmaýardy.
Gün-günden bolsa häsiýeti üýtgäp başlady, ýagny sada ýuwaş oglan gaharjaň we
adamlara gazap bilen garap başlady. Käbir ýerlerde serhetden hem geçdi. Bu
ýagdaý oňa hiç gelşmeýärdi. Kakasy bolsa her gün göwnini giňlendirjek gürrüňler
berýärdi, şähdini açjak bolýardy. Şol moment gülsede edil bir sekuntdan jaň eden
adama gygyryp bilýärdi.
Şeýdip günler geçip dur, gapyda bolsa jokrama yssy... Röwşen bolsa ne deňizi,
ne-de dostlaryny küýseýär... ýöne ýeke galmana bolsa garşylygy ýok. Her gün bir
alada bilen başagaý: birgün maşyny döwüldi, bir gün PÝGG bilen aladasy çykdy,
bir gün telefonyny döwdi, soňra täze telefon alsada ony ogurlatdy, ýene bir gün
bolsa Aýgözel bilen uruşdy. Wakalar kän sanasaň sanap oturmaly, gysgalap
aýdamda bolýan zatlara ynanar ýaly däl, tutuş dünýä Röwşeniň gözlerine tersine
öwrülen ýaly.
Ähli zatlar bilen bir näbelli baglanşyk bardy, ol baglanşygy bolsa hiç kim
aňmaýardy. Ýöne şol gören düýşi bolsa kawagt ýatlaýardy. Aýgözel bilen her gün
duşuşsada öňki ýaly gatnaşyk ýok. Bu hala Aýgözel hem çydamaýardy, ýöne
diýeninden çykmazdy. Hatda arasynda:
—Röwşen
saňa doga berilen ýalyla...özüňi alyp barşyň birhili görýän, hemme zat
gowlukmy?
—Gaýgy etme senden başga kişi neýlesin meni. Ýogsada sen beren bolaýma maňa
birden dogany?
Şular ýaly gürrüňler her gün diýilen ýaly gaýtalanyp durdy. Durmuşda öz ýoluny
ýitirýändigini bolsa oglan aňmaýardy. Ýöne ol özi däldi, düýbinden başga adam
ýaly özüni alyp barýardy. Oňa: “sen oglan azan” diýselerem üns bermeýärdi. Ýöne
ol dogrudanam azdy, gaty çenden geçdi.
Bularyň soňunyň erbet waka bilen gutarjagy bolsa hemmä bellidi.
2012-nji ýyl. Tomus. Awgust aýynyň başy.
Awgust aýynyň başyna Röwşeniň dostynyň toýydy. Bu gün toý sebäpli Aýgözel bilen
duşuşmady. Röwşen toýa gitdi, yzy süre hem Aýgözeliň ejesiniň ýürek agyrysy
tutup hassahana düşdi. Röwşen bolsa her gelýän jaňy goýýardy, almaýardy...
Toý gutardy hemmeler öýlerine gaýdyň başlady. Ol wagt sagat gije 2:45-dy. Gije
ýolda öýüne barýan oglan birden ýadyna Aýgözel düşdi. Sfetafora baryp Aýgözele
aýlady, ýaşyl yşk ýandy sagat 3:00 boldy... Aýgözeliň gürrüňini eşidip çep
gapdala öwrülip barýan ulag birden saklandy... Aýgözele sorag baryny berip
durka sagynda tizligi 160 km/sag tizlik bilen gelýän ulag Röwşeniň ulagyny
kakdy...
Kime...näme...nire...nädip...näme üçin? Edil sagat 3:00 bu nämäň alamaty?
Aýgözel gykylygy eşitdi we 03 gullygyny şol köçä tarap ugratdy. Gelip uran
ulagda bolsa gyz alynyp gaçylyp barýar eken. Gynansakda ol ulagdan diri galan
ýok.
Röwşeniň ulagy täzeräk bolansoň onda goraýyş ýassygy işledi we şu sebäp bilen
diri galdy. Ene-atasy eşidip dessine hassahana geldi. Gelenlerinde bolsa
operasiýa eýýäm başlapdy, sebäbi ýagdaýy gaty agyrdy, köp gan ýitirdi. Jemi 4
sagat 30 minut dowam etdi... lukmanlar çykyp başlady, olarda nähilidir bir
ýylgyryş bar, sebäbi operasiýa üstünlikli geçipdi.
Ulagdan zat galmady. Hatda näme ulagdygy hem zordan tanalýardy. Röwşeniň kakasy
günäkär oglanyň maşgalasyna agram salmady, sebäbi...
Röwşen bolsa 3 gün özüne gelip bilmän reanimasiýa bölüminde koma halynda ýatdy.
Elmydama düýşde-di. 3-nji gün bolsa düýşinde ulagynyň hassahana gelip onuň
bilen gürleşýändigini gördi. Ulag janawer öz ýanyna eýesini çagyrýardy, “men
diri Röwşen, gel maňa mün, aýlanmana gideli...Aýgözel hem garaşýandyr bize”
diýip gürleýärdi. Şu zatlar bilen bulaşyp özüne geldi...
Bu şatlyk habary uzaga çekmedi, Röwşeniň arkasynda ganjaryp duran ýer bar, şol
sebäpli hem eşiklerinede gan ýokýardy, şol zady aýyrmak üçin lukmanlar rugsat
sorady. Elbet aýrylmasa ol zat ulaljagyny aýtdylar. Rugsat berildi. 1 hepdeden
operasiýa wagty bellenildi. Emma Aýgözelden hat-habar ýokdy.
Göreniň görgi bolsun diýilen ýaly ýene bir synagy başyndan geçirmeli boldy.
Opersiýa jemi 45 minut dowam etdi. Soňra bolsa narkozdan açylmak hadysasy
başlady. Bu gezek lukmanlaryň özi hem gudrat gördi...
Operasiýadan soň.
Özüne gelip başlan adam daş töweregindakiler bilen gürleşip başlaýar, emma
hereket kän etmeýär, etsede adaty hereket. Bu ýerde görülen zat daşyndan
gelenleri hem gorkuzýardy. Otagyň gapysy açar bilen ýapyldy. Uly-gykylyk bilen
ýatan adamy saklap bilmeýärdiler, ol hatda ýerinden hem turmana synanyşýardy.
Ähli lukmanlar bolsa daşyna üýşdi. Gaty sesi bilen “Ezraýyl” hakda ýatladýan
sözler köp eşidilýärdi. Röwşen özini ele alyp bilmeýärdi. Ýatyrjak bolsalar:
“Ýok...ýok...ýok, ýat diýmäň, ýatsam ýene ezraýyl gelýär, ullakan gözlerini
görkeýär....waaaaý....gorkýan....ALLA” diýip gygyrýardy. Ahyry lukmanlaryň biri
bolýan zatlara düşünip: “bu ýerde medisinaň güýji ýetmez” diýdi. 1,5 sagat
dowamynda özüne gelen Röwşen, şonuň 45 minudyny gygylyk bilen geçirdi.
Şundan soň Ezraýyl azar bermesini goýdy. Aýdyşlaryna görä kakasy kömek eden
ýaly. Bärde doga-dilegsiz çykar ýaly däl.
Şu ýerde şeýle sorag ýüze çykýar käbir adamlarda: “Ezraýyl diýilýän zat
hakykatda barmy näme?” şu wakadan soň elbet bar diýsegem bolar. Sebäbi 2 dünýäň
arasynda gapjan ruhlar adamlary köseýän wagty hem bolýar. Ýöne biziň özümiz
täze dünýämizde olara ynanmamyzy goýduk. Meniň pikirimä
şeýle...bilmedim...galanyndanam özüňiz netije çykaryň...
2012-nji ýyl. Awgust aýy.
Ähli bolup geçen zatlardan soň 1 aýlap hassahanada Röwşen ýatmaly bolýar. 1 aý
ýatan wagtynda özüne kimleriň hakyky dostygy ýa-da däldigi belli bolýar. Çyn
dostlaryň kyn günüňde aýan bolýandygyna göz ýetirýär
Ýöne Aýgözelden bolsa jaň gelmeýärdem. Eline aýlasada öçük berýärdi. Öňa näme
bolanyny bolsa indiki bölümde okarsyňyz
(Dowamy
bar...)
Yazylan wagty: 1may 2013 yyl
Awtory:Polat
26.09.2021 9:12
Öwrüm. Ikinji bölüm
-
kwazimoda
3 years ago
- Menem şeýdip üç aý ýatdym wraçlar alyp çykdy ýaş bolanymdanmy nämemi. Yöne kimiñ kimdigini gaty gowy tanap bolýa. Olam ikinji udar adama. Ay bolyada gowy hekaya.
-
Black Wolf
3 years ago
- Xyivenia, hayys dowmny reski goyay ahyrny okayancan basy yatdan cykya:)
-
Xyivenia
3 years ago
- @Black wolf sabr edin az galdy. Yadyňyzdan cykarmaň :)
-
Black Wolf
3 years ago
- Bolya jigimjan
-
Black Wolf
3 years ago
- Yene nace bolumi gally
-
Xyivenia
3 years ago
- Agsam goyjak dowamyny nace bolumi galdy az galdy :)
-
kwazimoda
3 years ago
- Xveni gowy eken.......
Like
Like
Like
Like
@Talyban#
kwazimoda 3 years ago- gyzyklyja eken 👍
dowamyna garashyan
@Richi