Bolan waka
Berdigulynyň maşgalasynda ähli zat ýerlikli dowam edip durdy. Garyplykda önüp ösen oglanyň inni özem, maşgalasam ýag iýip ýüpek geýýär. Kakasynyň erkek dogany Pälwan dädesiniň beren ujupsyzja pul kömegi bilen açan dükany, rysgally bolup, gün-günden essesine ulaldy. Inni bütin maşgalasy söwda bilen işleşýärdi. Berdigulynyň kömegi bilen inileri maşyn söwdasyny, özi bolsa bir hususy kärhanany ýöredip otyrdy. Goşa-goşa jaý salynyp, goşa-goşadan ulag aldylar.
Berdiguly öz mähriban aýaly Ejeş bilen halaşyp toý etdi. Ýedi ýylyň söýgüsi bilen iki oguljyklary boldy. Ýöne soňky döwür Berdiguly Ejeşden bir üýtgeşmeleriň bardygyny aňyp başlady. Öňler Berdiguly jaň edip "Giç barýandyryn alada etme" diýse, Ejeş gelineje sorag baryn ýagdyryp, soraglarynyň jogaplaryn alman telefony goýmazdy. Inni bolsa "Hää, bolýar" diýip, telefony arkaýyn goýup başlady. Iki üç gezek şu hereket gaýtalanansoň Berdiguly inkise gidip pikirlenmäne mejbur boldy. Bir gün öýe giç barjakdygyn aýdyp telefony goýdy. Soňam ýarym sagatdan işden çykyp, öýüne tarap ugrady. Garry öýlerine "Otyrsyňyzmy? diýip, jaň etse, ejesi: " Alada etme oglum, çagalaryň öýde oýnap otyrlar. Gidiberiň arkaýyn" diýen sözi Berdigulynyň üstünden gaýnan suw dökülene döndürdi. Derrew öýe tarap howlugyp, ulagyň tizligini artdyrdy. Barsa gapysynda nätanyş maşyn dur. (Aslynda bu nätanyş maşyn däldi. Aýalyna sowgat eden ulagy. Ýöne Ejeş gelineje soň "Halamak" diýip, satypdy.)
Berdiguly ýumrugun gysyp, gahardan çogdy. Howluň haýady ýapyk bolansoň, böküp girmeli boldy.Jaýyň daşky gapysynam sessiz açdy. Ümsüm bolup, öz otagyna golaýlaşdy. Ähli zady aç açan görenden soňda, burça duran wazany eline alyp, otaga köwläp girdi. Barybam göni diwara urdy. Döwülen uly bölegi bolsa, Ejeş gelinejäniň maňlaýyna zyňdy. Aýalynyň "Wa-aý gözüm" diýen sesi tutuş öýe ýaýrady. Sese hyjuwlanan Berdiguly baryp, aýalyna bir ýumrugy berdem welin, Ejeş gelineje ýere ýazyldy. Kökenekläbem ýanyndaky adamyň ýakasyna ýapyşyp, Ejeş gelinejäniň ýanyna zyňyp göýberdi. Jaýdan çykyp ulagyň uly tizligi bilen şäheriň sessiz uly köçelerinde sürdi.
... Iki günläp ne çagalaryndan habar tutdy, ne-de öýe köwlendi. Bir ýerlerde düşläp gününi şol ýerde geçirdi. Şol wakadan soň öýe gelende Ejeş gelinejäniň ýanynda ejesi Maral daýza bar eken. Aýalynyň gözi saralgy halyny görüp, "Näme bolduka?!" diýip, alada etse-de soňra "Azam bolupdyr" diýip, öz jaýyna sowuldy. Maral daýza yzyndan gelip:
-Oglum men-ä näme diýjegimem bilemak welin, geliniň ýagdaýa agyr. Lukman: "Sag gözüniň garasyn gidiripdir" diýýär. Linza dakmaly boljakmyş"
Berdiguly ejesiniň aýtýanyna kän bir ünsem bermedi. Ilkinji sözem:
+Öýüne ibermediňizmi?
-wah oglum, gelin: "Polisiýa seniň edenligiňi aýtjak, basdyrjak" diýýär. Ol şermende beýtse men nädip sensiz oňaýyn balam. Sesiň çykarmada bejert şonuň gözüni. Daşary ýurtda etýärmişler. Gaýrat et oglum, sen gitseň oguljyklaryň näder?! Ol aýala eje bolmaz olara. Iki tarapdan ýetim galmasynlar.
Berdiguly kellesin saga öwürdem welin ogullary bilen düşen suratyna gözi düşdi. Biraz pikirleneninden soňra, ejesiniň sözlerin razy boldy. Köp ýyllap tussagda ýatmana özi hem boýun alyp biljek däldi.
... On günden soňra Ejeş gelinejäni daşary ýurta alyp gidip, bejergi berdiler. Sag gözüne linza dakdylar.
Bu wakadan soň iki ýyl geçdi. Maşgala bagtsyzdy. Berdiguly kän gelnine ýüz berenokdy. Ömrüni tussaglarda geçirmejek bolup, bialaç ýaşaşýardy. Diýeniň ýere ýetmäke hasyl bolup duranlygyň haýry ýok, bagtyň bolmanyndan soň.
Soňy
16.09.2021
13:54
Awtory: Babaýewa Sofiýa (Xyivenia)
Baýlygyňdan ne peýda, gyzyl bagtyň bolmasa (Bolan waka)
-
kwazimoda
3 years ago
- Ustesine Berdişgede samsyk eken. Ustesinede bir hususy karhanany yoretuani beyle samsyk gorkezmeli dal ekeninda. Akylly telekeci bolan bolsa ayalyny tutan bolsa kanun boyunca yanyndaky erkege 1nji ya 2nji ayal edip aldyryp bolyar. Hemem ayrylysanda ayalyn hic bir hukugy bolmayar 2lik edeni un.
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Gep masynda dal. Diyjek bolyanym ayaly ona masyny sowgat berya satanok. Ozlerwm olar nirden bilsin yoldasynyn geljekdigini.
Ozem fontaziya dal hakyky sular yaly masgala suwagtam yasap yor. Gelnin bir gozi ak cal linzaly diyaler. Ozuma goremok yone gurrun berdiler sol ayal seyle dp
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Dogry welin Berdigulyda uly guna bar. Sol isin ustunden baranyndan sonra gepli dusunusse bolyara. El galdyryp mayyp etyar yagny guna yene berdigulyda bolyar
-
kwazimoda
3 years ago
- Men bir tanyslamyn birinin ayaly ikilik etdi. Hic zat diymedi ustunde tutanda. Kanun esasynda sol tutulan oglana 2 heley edip aldyrdylar. Oz 1 ogly 2 gyzjagazynam ozi aldy. Ayalyna hic wagt solary gormek gadagan edildi. Eger gorjek(almak barada gurrunem yok) bolup bir bokluk etsede azatlykdan mahrum ediljegi aydyldy. Oglan tarapdan hic zat cykdajy edilmedi. Ol haram ayalada dine egnindaki koynekden(hatda oyde duran ozune degisli gymmat baha zat, egin esikler) eldemeli dal edildi. Egnindaki koynegi bn tutulanyna nikalady hokumet. Tutulan oglanyn masgalasynada aydyldy islesen senem ayrylysyp bilyan bolmasa islesen yasaber dp.
-
kwazimoda
3 years ago
- Onda o gelen gezyani samsyk masynly gezyan heleyin oyune baraymarsyna ari barka. Ustesine telekeci berdiage samsyk akylly telejeci beyle edenok
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Ay sol berdiguly dayy tutanda gepsiz gurrunsiz cozup bilman oz basyny yakypdrda.
Siz sony ozunize basyp gorun. Gahardan nme edersiniz. Ol wagt hcizat yadyna dusenok
-
Xyivenia
3 years ago
- Beh.....
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Gowmy gulcesme
-
Xyivenia
3 years ago
- Gowy ozun nahili?
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Hudya sukur
-
Xyivenia
3 years ago
- Hmm bolya gowy bolsana :)
kwazimoda 3 years ago- Manysyzlay. O masyn alan oglan seyle samsykmay. Birinin gelni bilen gezip ustesinede masynyny on gapysyna ertip. Hehe nirede barow beyle hezillik. Bolyaram masynsyz baran bolsa onda bolup biler dp pikir etse bolar.
Su fantaziyana gaty birhililay Sofiýa