* * *
Eý, sen Aýsyz gije, ýeke-täk gije,
Bilýän indi gaýtalanmaz bu pursat.
Wah, neneň razylyk berdikä dilim,
Ýarym gaýtmak üçin soranda rugsat?!
Eý, sen Aýsyz gije, ýeke-täk gije,
Şaýat bolduň syrlarymyň baryna.
Indi ýatlamalam geçip dur ýazga,
Hyýalymda,ylham bilen garyla.
Eý, sen Aýsyz gije, ýeke-täk gije,
Gara şalyň halas etdi gözlerden.
Seret "gybatlaram" galypdyr uklap,
Surnugansoň netijesiz gözlegden.
Eý, sen Aýsyz gije, ýeke-täk gije,
Ýarymyň jemaly Aý bolar saňa.
"Aýsyz gije" ýalňyzlykdan zeýrenme,
Indiki duşuşyk taý bolar saňa!
Gülşirin HANOWA
16.09.2021 8:58
Gülşirin Hanowadan goşgy.
-
Xyivenia
3 years ago
- Bolya :)
16.09.2021 13:42
-
Xyivenia
3 years ago
- Bolya :)
16.09.2021 13:42
-
kwazimoda
3 years ago
- Su ayalyn gozi owadanay. Ginden dagy acya welin yylanyn gozi yaly bolya. Gozune asyk sun
Ahmedik_97 3 years ago- Xyivenia, jigim jan, gozleyan goshgymy tapyp goyupsynyz, kop minnetdar! Dogrusy, bashagaydym, download etdim, sagbolun! Hazirem bashagay, arkayynchylykda gurrundeshligim bar.