☆LEBABYM☆
Jeýhun derýa joşup suwun akdyrar,
Mertden gaýdar aslyň seniň Lebabym,
Gözelligiň gaýta-gaýta bakdyrar,
Köp şahyrlar ýazdy waspyň Lebabym.
Sähralaryň baglaryň bar Erem baglardan kemsiz,
Tebigatyňa görk berýän çölleriň bar Lebabym.
Taýy ýok seň gözelligiň oldur älemde deňsiz,
Türkmen halysyn bezeýän gölleriň bar Lebabym.
Şahyrlaryň waspyň ýazýar sözleň gowusyn saýlap,
Waspyň soňy ýetmez häli gül Jennetim Lebabym.
Täze gözellikleň çykýar seretseň nazar aýlap,
Ýazsam waspy soňlanmajak waspy sözsüz Lebabym.
Gün-günden özgerdýär görküň Hormatly Arkadagym,
Aýlarada ýazdy waspyň Jennete taý Lebabym.
Başyn arşa göterip dur gaýrada Köýtendagyň,
Soňsuz waspy hiç gutarmaz näçe ýazsam Lebabym.
12.09.2021 12:09
Lebabym!!!
-
Jeksparro
3 years ago
- Depderiň ýokarsyndaky medeniýet psihologiýasy kitapmy!?
-
Jeksparro
3 years ago
- @Xyivenia, depdere Lebabyň kartasyny çekmeli-dä!
-
Xyivenia
3 years ago
- Jeksparro awtory men dala bilemok awtoryny.
Howa sol kitap.
Ol suratam men cekemok.
-
Xyivenia
3 years ago
- Jeksparro awtory men dala bilemok awtoryny.
Howa sol kitap.
Ol suratam men cekemok.
-
Jeksparro
3 years ago
- @Xyivenia, awtorynyň adyny ýazmaly-da onda! 😊
-
Xyivenia
3 years ago
- Bilemoga awtoryny @Jeksparro
-
Yalnyz_yigit
3 years ago
- Awtory ýalňyşmasam Aýlara Atajanowa bolmaly, ýöne anyk bilemokda
-
Black Wolf
3 years ago
- Xiyvenia, sen balkandan dalmi name
-
Xyivenia
3 years ago
- Yok balkan dal Lebapdan @Black Wolf
-
Xyivenia
3 years ago
- *Balkan
-
ETIKA
3 years ago
- Lebabyn niresinden
Jeksparro 3 years ago- Awtory özüňmi @Xyivenia, gowy ýazypsyň, haladym...