Görüp bolsa, bagta sebäp kän eken, 
Geldiň — gussalarym öňküden ýuka. 
Uzak hasrat çekip boljak däl eken 
Ynjyjak sözleriň siňýärkä ruha. 

Gökden ýer peýleýän, bolup uçmakçy, 
Ýere hiç sygamok (ýalňyş oýlama!). 
Bedenim — dowzahlyk, köňlüm — uçmahçy, 
Gülüp, mugthor hasratlary jaýlaýan. 

Sesiňi eşitsem, serim sämemiş, 
Her gülkiňde millionlarça şygyr bar. 
Öýkejikler, kinejikler nämemiş, 
Biz olary kowalarys owarra. 

Arzuwym, maksadym jem boldy sende, 
Ylham alýan gara gözleň odundan. 
Ykbala minnetdar bolýan her günde, 
Hem seniň adyňdan, 
hem öz adymdan. 


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir