Soltan Muhammet Gaznaly
Soltan Mahmyt Gaznaly dünýeden ötmänkä ülkeleri bäş sany ogullarynyň içinde, iň uly iki oglunyň arasynda bölüp berdi. Gazna, Horasan, Balh we Hindistanyň demirgazygy Muhammede, täze basylyp alynjak ýerleri, ýagny Reýi, Yspyhany we Jibaly bolsa uly ogly Mesuda berýär.
Mahmyt Gaznaly 1030-njy ýylyň 30-njy aprelinde öleninden soňra 33 ýaşan Muhammet Gaznalyny tagta geçirýärler. Şondan soň jigsine hat ýollan Mesut, onuň üstünden wekil bolup, hutbalarda öz adyna zikge kakdyrylmagy teklip edýär. Onuň islegleri bolsa kanagatlandyrylmaýar. Muhammet Gaznaly 4 aýdan soňra Reýe tarap Mesudyň üstüne goşun toplap barýar. Goşun serkerdeleri Reýe barmanka Mesuda äht edendiklerini Muhammede aýdýarlar we ýol ugrundaky galalaryň birinde zyndana atýarlar.
1041-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda galada öldürilen Mesudyň ýerine geçen Muhammet Gaznaly ikinji gezek tagta geçýär. Soňra ol paýtagt şäher bolan Gazna dolanyp barmaýar we gyşyny Peşawerde geçirýär. Kakasynyň ölendigini we agasynyň tagta çykandygyny eşiden Mewdud Gazna geldi we hökümdarlygyny yglan etdi. Bahar pasly gelende agasy Muhammet Gaznalynyň üstüne ýörüýş etdi. 1041-nji ýylyň 8-nji aprelinde Jelalabatda bolan söweşde Mewdud ýeňiş gazandy we Muhammet Gaznaly bilen onuň tarapdarlary öldürilýär.
Y. E. Bayur (1987). Hindistan Tarihi, Cilt I, TTK Basımevi, Ankara. (türkçe)
C. E. Bosworth (1977). The Later Ghaznavids: Splendour and Decay, The Dynasty in Afghanistan and Northern India 1040–1186 Columbia University Press, New York. ISBN 0-231-04428-3 (amerikança)
E. Merçil (1989). Gazneliler Devleti Tarihi, TTK Yayınevi, Ankara, ISBN 975-16-0189-4. (türkçe)
Gerdizi (1347/1928). Zeynul-ahbar, nşr. Abdulhayy Habibi, Tahran (parsça).
M. A. Köymen (1993). Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi. Cilt 1. Kuruluş Devri, Türk Tarih Kurumu Yayınları, Ankara. ISBN 975-16-0117-7. (türkçe)
Şebânkâreî, Muhammed b. Ali. Mecmau'l-Ensâb fi't-Tâ-rih, İstanbul Yeni Cami Kütüphanesi. no: 909. (türkçe)
Taýýarlan we terjime eden: @Jeksparro
Soltan Muhammet Gaznaly
-
Jeksparro
3 years ago
- Olar hakda-da bolar ''uyaniş büyük selçuklulardan'' soň...
-
soho
3 years ago
- belki...
soho 3 years ago- Gaznalylar hakynda hem "Tagt oyunlary" yaly teleserial dushurlayse... #arzuw