Çaga wagtym ejem saýlap bererdi,
Meň üstüme geýjek ähli geýimimi.
Üýtgederdi rahat, täze eşikler,
Päk durmuşa bolan ähli meýlimi.
Çaga wagtym Kakam saýlap bererdi,
Aýagyma geýýän ähli köwşümi.
Ol bilen ýöremek juda aňsatdy,
Ýoluma düşerdi nurly öwşüni.
Ulalam soň galdy beýle heňňamlar,
Kejirlikden barha kesilýän indi.
Köwşi özüm saýlap başlanym bäri,
Ýolum saýlap bilmän kösenýän indi...
ÖZGERIŞ...
-
A93
3 years ago
- Awtory Kerim Hallyýew bolmaly, ýalňyşmasam
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- @A93 Salam. Giç ýagşy. Awtoryny bilemok.
-
Gözellik.
2 years ago
- Kerim Hallyyewa awtory bul gosgynam
-
Gözellik.
2 years ago
- *Hallyyew
kwazimoda 3 years ago- like