Sen meniň guwanjymdyň. Ýeketäk sen bardyň arzuwly yşk dünýämde. Indi bolsa senem ýok...
Günleriň şo-o-ol zybrym geçip durşy. Ýel ugruna bir eýläk, bir beýläk yranyp duran baglaryň şahalary, tutuksy asman, çola köçeler, agraslaşan howa... Dünýä şeýle bir içgysgynç. Göýä jahanda menden başga adam galmadyk ýaly, juda ýalňyz duýýan özümi. Bu ýalňyzlyk şeýle bir ýüregedüşgünç...
Hiç zat bolmalysy ýaly däl. Has dogrusy, ýüregimde besleýşim ýaly bolmady. Sen maňa hemişe düşünersiň öýdýärdim. Ýöne senem meniň hyýalymdaky kämil gyz bolup bilmediň. Umman deý arzuwlarymyz, etsem-petsemlerimiz ujypsyz zatlar üçin kül boldy. Aslynda bu "ujypsyz" diýen zatlarym ujypsyz hem däldi. Bu "ujypsyz" zatlar biziň söýgi gatnaşygymyzy terezä goýan zatlardy.
Ýöne seni hiç unudyp bilemok. Mümkin, bu ejizlikdir, erkimiň gowuşgynsyzlygydyr. Emma seni şeýle aňsatjak unudyp bilsem, seni söýendigimem bolmazdy.
Mundan beýläkki durmuşymy sensiz göz öňüme getirmegem güzaply...
Şu gün saňa juda meňzeş gyz gördüm. Ýüzi, gözi, ýylgyrşy, seredişi, ýöreýşi, hatda, geýen köýnegi hem edil seniňkä meňzäp durdy. Bu gyz meni ýene-de senli pikirlere gark etdi...
Dogry, söýgüliňden jyda düşmek — agyr, agyryly duýgy. Ýöne onuň başga biri bilen durmuşyny birikdireninden soňam her gün saňa gabat gelmegi... Bufff, bu duýgynyň ejiri...
Men bir zatda utdum: Sen, hawa, seniň hut özüň maňa bu durmuş, ykballar barada çynlakaý oýlanmagy öwretdiň. Oýlanmaga mejbur etdiň diýsemem bolar. Diňe seni tanap, durmuşa çynlakaý garap ugradym. Diňe seniň üstüň bilen adamlar hakda has köp pikir edip başladym. Her pasyldan bir sapak aldym. Ýylgyranyňda burnuma baharyň ysy gelýärdi, ýüregime ýaz howasy dolýardy. Meni ejem kimin ezizläniňde dünýäme tomus paslynyň yssy howasy ýaýraýardy. Gaharyňy gyşa meňzedip, gyşy söýdüm. Çünki seniň gaharlanyşyň ýylgyrşyňdanam has owadandy... Indi bolsa, sen maňa güýz hakdaky pikirleri bagyş etdiň. Sebäbi sen hut güýzde özge kalbyň törüne gadam goýduň.
Bagtlysyň! Men muňa ynanýan. Howur alýan gursagymyň odunyň seniň durmuşyňdaky bagt sapagyny üzmejekdigine söz berýärin!
Goý, saňa meňzeş gyzlar kän bolsun! Sebäbi sen bagtyň hut özi ahyry! Beýle bagtlary gujagynda ýaşadyp ýören dünýä hemişe abat bolar, parahat dem alar...
Sapa HOMMADOW
Oýlanma
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Bagtyn ozi sizden ayrylyp ozge dunya gitmegine name sebap bolduka?!... Syr bolmagy mumkin. Syr bolsa hokman dal.
10:56.
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Emma seni şeýle aňsatjak unudyp bilsem, seni söýendigimem bolmazdy.
Täsirli soz ekeni. Unutmak....(kaýda
-
Bibish
3 years ago
- "Sôygiñ azabyndan halas et meni!" diyen goshgyñ yadyma dùshdi.
ôñki nigiñde okapdym ôytyàn.
Xyivenia 3 years ago- Gowy edip yazypsynyz Sapa aga tuweleme. Mañada kabir zatlary yatladyp goyberdi...
25.07.2021 0:06