* * *
...Otly gelýä çyraly,
Içi doly ýaraly.
Serdarymyz Ysdalin,
Paşistleri gyraly.
9.
...Howwa, uruş gidip durdy. Ol hernäçe alysda bolsa-da, ýalnynyň howry Garagumuň iň bir çetki obalaryna çenli gelip ýetýärdi. Tyldakylaryň ýüzlerine çabraýardy. Halk onsuzam hor, açdy. Hususanda ekleýjileri fronta giden köp çagaly eneler horlanýardylar. Açlyklaryndan ölmezleri ýaly okuwçylara her gün günortan mekdepde ýarma bişirip berýärdiler. Halk welin, ruhdan düşmeýärdi. Gaýtam, gzyndan artdyryp, egnindäkini çykaryp, şaý--seplerini sypyryp fronta iberýärdi.
Haýatlaryň, diwarlaryň ýüzüne goýy, gyzyl reňk bilen ýazylan: «Gitlere ölüm!», «Ýok bolsun uruş!», «Faşizme nälet!», «Biz ýeňeris!», «Ýaşasyn Stalin!» diýen ýaly şygarlary görmek bolýardy.
Ýöne, hemişe-de bolşy ýaly, iliň şeýle aglak wagty doňuz dek depä çykmagy gowy görýänlärem tapylýardy.
...Bir wagtky gulluk edip ýören esgeriň durmuşyny tas, bulaşdyran «garaçomagam» şolaryň hilinden bolup çykdy.
Dogry, o-da urşa Gökböri dagy bilen edil bir günde bolmasa--da, deňeçerräg-ä gitdi. Ýöne, gidişi ýalam elini boýnundan asyp, dolanyp geldi.
Şondan biraz soňrak, bir aýagyny aldyryp gelen başga bir frontçynyň aýtmagyna görä, urşuň ilki döwürlerinde öýüne gaýtmak üçin, elinden atyp, öz-özüni ýaradar edýänler bolýan ekeni. Ýöne, olaryň bu emelini harby wraçlar basym aňypdyrlar. Şondan soň «dezertirler» elleriniň daşyna öl-myžžyk edilen keçe we letde böleklerini orap atypdyrlar. Ýöne, onuňam üsti açylypdyr. Çünki, her zat etseňem, ýakyndan atylan bilen daşdan gelýän onuň bedene edýän täsiri deň bolmaýan ekeni.
«Dezertirlerem» gaýtmyşym etmändirler. Iki bolup dilleşip, biri-birlerini bellibir aralykdan atyp başlapdyrlar.
Uzaga çekmän, onuňam üsti açylypdyr.
Şondan soň front ýolbaşçylary bu hadysa bilen çuňňur gyzyklanyp ugrapdyrlar.
Habar baryp hut Staliniň özüne ýetipdir. Ol: «Uruş başlanaly bäri kim elinden ýaralanyp öýüne goýberilen bolsa, täzeden barlamaly, eger-de ýara hakykatdanam «galp» bolup çyksa, gözümiz bilen-ä göremzok welin, «dezertir» halk duşmany hökmünde, süýtsiz-gatyksyz duran ýerinde tama söýäp atmaly, ony halk içinde «bigaýrat», «namart», «Watan dönügi» diýip yglan etmeli, masgaralamaly» diýen ýaly buýruk çykaranmyşyn» diýip, hopugyp-hopugyp gürrüň beripdi.
Hak ady Gandym bolan garaçomagyň uruşdan gaýdyp geleniniň yz ýanlary raýon harby komissarlygyndan gelen üç adamyň ony ilki kolhozyň kontoryna çagyryp, soň raýondaky otrýada äkidip telim günläp, näme üçin sorag edendiklerine, köne ýarasyny «rentgenden» we başga-da birnäçe medisina barlaglaryndan geçirendiklerine oba adamlary diňe şondan soň düşünip galdylar.
Ýöne, ol hakykatdanam «dezertir» ekenimi ýa däl, ýöne uruş başlandan tä soňuna çenli «bron» boýunça kolhozyň baş hasapçysy bolup oturan, hatda kolhozyň başlygy sylagly ýaşuly Begli aganyň ýanynda-da gepi ýöreýän agasy Çerkeziň arkasyndan «aklandymy», garaz hiç hili gep-gürrüň-ä bolmady.
Hiç kime hiç zat äşgär edilmedi.
Syr syrlygyna galdy.
Namys ýesiri-8 (powest)
-
Korolewa
3 years ago
- 11.
1945-nji ýylda asmandan nem dammady diýen ýaly.
Netijede galla bitmedi. Kyrk üçünji ýylyň açlygyndanam has agyr açlyk düşdi. Şol ikisini deňeşdirmek bilen, halk olaryň birinjisini «kiçi açlyk», ikinjisini «uly açlyk» diýip atlandyrdy. Halk halys egbarlady. Olaryň ikisem «urşuň üstüne urna» boldy.
Şeýle-de bolsa, halk ýeňdi. Urşuň ýeňilmegi bilen açlygam, urşuň ýetiren beýleki kynçylyklaram ýeňildi. Faşizm öz süreninde ýok edildi. Gahrymanlar gaýdyp gelmäge başladylar. Gökbörem edil ilkinjileriň hatarynda bolmasa-da, tomsuň ahyrlarynda, güýzüň başlarynda edil gidişi ýaly, baş esen, bagry bitin gaýdyp geldi.
Ony görüp, Peleň awçy däbe görä Aždar üçin ses etdi. Gökböri özüni onuň gujagyna oklady. Agasynyň hatyrasyna atasy bilen söýenişip aglady. Bir gapdaldan gelip Towşanam olara ýapyşdy. Uzak saklanybilmänem syrylyp aşak çökdi. Kä adamsynyň der siňen, kä oglunyň entegem däriniň ysy gelip duran dyzlaryna ýüzüni oýkap aglady. O ýagdaýda-da oturara rowgaty ýetmän, guýlunyp keçäniň üstüne ilki ýüzin, soň arkan düşdi. Horja kiçijik ýumrujaklary bilen, «pat-pat» etdirip, bir wagtlar gurap giden kükregine urdy.
― Wah-wah, guzym-eý. Nirelerde galdyň balam-e-eý... Waý, bagrym-aý...
Peleň awçy ony dik oturtdy. Goltugyna gysdy.
Bir zatlar diýişdirdi. Gökböri kynlyk bilenem bolsa onuň:
― Goý, aglama. Gözýaş bilen bolar ýaly bolsa bolarça boldy. Bäş, on ogluny ýitirenler, hiç bir daýançsyz galanlaram ba, biz dagy şükür edeli. Uruş gurbansyz bolmaz. Biziňem uly ýeňşe goşant goşdugymyzdyr bü...
...Hemmelerden öň gözaýdyňa ylgaşlaşyp Aksoltan bilen Zerkäkil geldi. Gökböri olar bilenem edil ata-enesi bilen bolşy ýaly gujaklaşyb-a görüşmedi. Bir wagtkylary ýaly baş atyşybam oňaýmady. Däbe görä sag goluny uzadyp, ýeňi bilen görüşdi.
— Aksoltan daýza gurgunmysyňyz? Ejeş gurgunmysyň?.. ― diýdi.
― Sag-aman gelipsiň Böri, gözüň aýdyň... Aždar görgüliniňem näme, takdyry şol ýerlere çekendir-dä... ― Şondan soň ol garrylara ýüzlendi. ― Gözüňiz aýdyň...
Zerkäkilem ejesiniň aýdan zatlaryny, eden hereketlerini birin-birin gaýtalady.
Gökböri ony şol ikarada-da synlamaga ýetişdi. Oglanlykdan bireýýämler saýlanan gyzyň mesaňa mälim bolup duran göwüsleri, syrdam boýy, hemişe meýdanda agyr zähmet çekip ýörendigine, kynçylyk, açlyk-horlukdygyna garamazdan tep-terje, ap-akja ýüzi, her gezek uýalyp aşak bakanda al öwsüp gidýän ýaňaklary, geplese--geplemese ara-çola çommalyp-çommalyp gidýän dodajyklary onuň hoşuna geldi. Özüne öňden bäri tanyş bolan ýylymsy duýgy ýüregine aralaşdy. Mähri joşdy. Yşky gaýnady. Edil şol wagtyň özünde, ýaşulularynyň gözleriniň öňünde ony garbap alaga-da gujaklasy, «şapladyp-şapladyp» ogşasy, «Biz häziriň özünde toýa başlaýas...» diýip, ulili bilen gygyrasy, hut şol pursatyň özünde tutuş obany toýa çagyrasy geldi.
Onuň bu halyny, içki ahwalatyny aňan ýaly, Zerkäkil çym-gyzyl boldy-da, ur-tut ejesiniň arkasyna bukuldy.
Oňa çenlem ondan-mundan gözaýdyňçylar gelşip başladylar.
Edil şol wagtam biri bir at goşulan arabasyny «şakyrdadyp» geldi-de, «Begli başlyk iberdi» diýip, bir janly bilen bir halta un düşürip gitdi. Başga biri ony soýdy. Ýene biri ojak gazdy, ot ýakdy. Oňa çenlem iki sany jahyl goýnuň etini pudalady-da, gazan atardy.
Aksoltan bilen Zerkäkil ikisi öýdäkije urbalyklarynam getirip, Towşanyňkynyň üstüne goşgular-da, hamyr ýugurdylar. Tamdyr otladylar. Petir ýapdylar.
Peleň awçynyň gapysyndaky bu üýşmeleň elbetde, toýdy. Çünki, Aždaryň aşy-suwy bireýýämler sowulypdy. Hatda bagşy aýtdyryberseňem boljakdy. Emma, hemmeler üçin, göýä diýersiň, Aždar golaýda bir ýerde durup, bu bolýan işlere, gaýda-gaýmalaşyklara syn edip duran ýalydy.
Gökbörini iňkise goýýan zat welin heniz bolup ýeňňesiniň gara bermeýänligidi.
Ilki bilen-ä onuň kellesine: «Aý, uzagrak bir ýere işe ugradandyrlar-da, habar baryp ýetişen däldir» diýen pikir geldi. Ýöne, şeýle bolsa onda: «Eşitse-hä Hallygözelem ylgap gaýdar» diýen ýaly sözler eşidiläýmeli ýalydy. Emma, o hakda hiç kim, hatda Towşanam, dil ýarmady. Şondan soň Gökböri: «Ýa, Aždaryň «öldi» haty gelensoň, turdy ötägitdimikä» diýen ýaly sowuk, ýakymsyz duýgy peýda boldy.
Her niçik hem bolsa ol myhmanlar dargaşýançalar garaşmaly boldy.
Ertir gelip gap-gaçlary ýygnaşdyrjakdygyny aýdyp, hemmelerden soň Aksoltan gyzy bilen öýlerine gitdi.
-
Korolewa
3 years ago
- (dowamy bar)
Juma Hudaýguly
-
Korolewa
3 years ago
- (dowamy köp) )
-
Xyivenia
3 years ago
- Garasyan dowamyna. Doly gornusini nirden alyp bolarka?
-
soho
3 years ago
- shu Hallygôzeli Gôkbôrâ alyp bererler:ow...
dowamyna garashyas...
-
Xyivenia
3 years ago
- Hakyky menem sony oyladym @soho :) beyle bir bolmawersin
-
Bibish
3 years ago
- bàà dowana garasyan
-
Korolewa
3 years ago
- Minnetdar ahlinize! Dowamynam shu gun agsham goyaryn. Indi tiz-tizden goyjak nesip bolsa
-
soho
3 years ago
- @Xyivenia, yalñyshmasam Atajan Taganyñ "Urush haçan gutarya" kitabynda shular yaly waka gabat gelipdim...
urushdan oldi haty gelen uly oglynyñ gelnini kiçi ogluna alyp beryaler (hakykatynda welin uly ogly hem olmedik eken)...
-
Pegas
3 years ago
- Gökböri alanok gelnejesini. Gelnejesi azýar. Gökböri hem oň gezýänini öldürýär... Yzyny aýtjal däl))
-
Pegas
3 years ago
- *aýtjak
-
Korolewa
3 years ago
- Pegass
-
Xyivenia
3 years ago
- Pegas azajyk galdy yzyny hem aydyp goyberin:D
-
IMMKN
3 years ago
- Minnetdar ahlinize! Dowamynam shu gun agsham goyaryn. Indi tiz-tizden goyjak nesip bolsa
Омуржигин болайсын! Гарашян довамына ийман-ичман
-
Korolewa
3 years ago
- IMMKN, minnetdar jora
Korolewa 3 years ago- 10.
...Uruşdan maýyp bolup, «kantuziýa» alyp gelýänler bilen bir hatarda, özüne derek «öldi», «dereksiz ýitdi» diýen ýaly ajy habary gelýänlerem bardy.
«Dereksiz ýitdi-de» her näme bolsa-da, umyt bardy. «Bir ýalňyşlyk bolupdyr» diýip, «dereksiz ýiteniň» azyndan başga bir hatyň ýa özüniň geläýdigem bolýardy.
Emma «öldi» hatyny alan adamlar welin, öz söýerlerinden umytlaryny üzýärdiler. Sakytlaryny sowýardylar, aýat okadýardylar. Şeýdibem Allahyň edenine kaýyllar bolubam geziberýärdiler.
1943-nji ýylyň gyşynda, Peleň awçynyň öýüne-de şeýle mazmunly hat geldi. «Siziň ogluňyz, Wefroýtor Aždar Peleňow Stalingrad ugrundaky aldym-berdimli söweşleriň birinde gahrymanlarça wepat boldy».
Peleň awçyny obadaşlary öňem-ä ýöne-möne adam hasap edenokdylar welin, olar onuň şol gezekki mertligine haýran galdylar.
Ol asyl sarsmadam. Peleň hatyň mazmunyny aýdyp berenlerinde ol hamala adaty bir zadyň habaryny alýan ýaly, haty getireniň ýüzüne seredip durşuna çalarak başyny atyp oňaýypdy. Esli wagtdan soňam kagyzy öz eline aldy-da, eýýämhaçan ondan-mundan töweregine toplanyşyp ugran obadaşlaryna bir zatlar-a diýdi. Emma, «onuň» terjimeçisi bu wagt bir wagtlary aýrylandyr öýdülýän köne kakyny tutup, soýulýan horaz ýaly kä wagt bir «gy-yk...» edip ýatyrdy.
Ýöne obadaşlary Peleň awçyny aýdanlaryna onsuzam düşündiler.
Oňa çenlem bir ýerden at derledip Begli başlyk ýetip geldi.
Ol haýal etmäň duran adamlaryň birine-hä derhal arabaly çekenä gidip bir mal getirmekligi, galanlaryna-da ol gelýänçä, ojak gazyp gazan, gap-gaç, odun taýýarlamaklygy, Towşanyň halyna seretmekligi buýurdy.
Ol-a her niçik hem bolsa agşama çenli aýak üstüne galdy welin, baryndan beter Aždaryň saýlaplar alan gelni Hallygözel heläk boldy. Aždaryň ölümini ol juda ýokuş gördi. Bolmajak, asla bolmaly däl zat hasap etdi.
Ýan ýoldaşynyň aşy-suwy sowlandan soňam ol galybilmän kän ýatdy. Öňem-ä bir geplemsek maşgala däldi welin, ölüm ony halys egbarlatdy. Hiç kim bilen gepleşmedi. Şo-ol, gözüni bir nokada dikip içini «hümletdi» oturdy. Işe-de, ahyrsoňunda Begli başlygyň gelip ýalbar-ýakar etmegi bilen zordan çykdy.
Ýöne, barsa-da iş bilen seri bolmady. Şo-ol, çiliň üstüne çykyp, kimdir birine garaşýan ýaly, gözüni alyslara dikdi oturdy.
Oňa kim: «Içinde berç galypdyr» diýse, başga biri: «Beýnisi üýtgäpdir, dogtora görkezmeli» diýdi. «Wah, muňky belli-le, ýüreginde dert galandyr» diýenlerem boldy.
Her niçik hem bolsa, köpçülige çykmagy, işe güýmenmegi, açyk meýdan oňa peýda etdi. Kem-kemden açylyşdy. Onuň-munuň bilen, hususan-da Zerkäkil bilen gürleşip başlady.
Bir günem günortanaralar çaý içip otyrkalar Zerkäkile ýüzlenip:
― Ejeş jan, eliňden gelýä, Aždar ikimiz barada bir dessan ýazsana, bizdenem at galsyn-la ― diýdi. Azajyk böwrüni diňläp oturandan soňam: ― Ýa gowuşanlar hak aşyk bolanoklarmy ― diýip, tisgine-tisgine dem aldy.
Beýle dessan ýazyp bilmejegine Zerkäkiliň akylam çatýardy, gözem ýetýärdi. Ýöne, ol özüniň häzirki hoş sözüniň Hallygözele dermandygynam bilýärdi.
― Bolýa, gelneje, bolýa, näme üçin bolmyýamyşyn... ― diýip, ol onuň göwnüni götermek üçin göwünjeň gürledi. ― Men özümem pikir edip ýördüm şo hakda.
― Ejeş jan, gör, sen nähili gowy gyz ― diýip, Hallygözel oturan ýerinde Zerkäkili gujaklady. ― Adyna-da: «Aždar we Gözel» diýip goý, bomy?..
― Bor, gelneje bor, hökman şeý diýip goýaryn.
Zerkäkiliň ýagdaýyny aňdymy ýa dertli göwnüň törüne başga bir hyýal gondumy, her niçik hem bolsa, şondan soň Hallygözel «dessan» barada dil ýarmady.
...Bir günem ol iş meýdanyndakalar Zerkäkili çete çekdi-de, ýüzüni ak-tam edip:
― Ejeş jan, birdenkä Aždar ölmedik bolaýmasyn? ― diýdi.
Zerkäkil ör-gökden geldi.
― Wah, käşgä... Ýöne nädip, nähilelik bilen?
― Meniň göwnüme: Aždaryň «öldi» hatynam bir wagtkysy ýaly garaçomak ýazyp bir ýerlerden poçta oklan bolaýmasyn diýen pikir gelýä. Gün-gündenem güýjerleýä.
Zerkäkil bir zatlar diýjek bolup telim gezek dagy dodaklaryny çommaldyp, her gezegem hiç zat diýibilmän yzyna ýygnady. Ahyram «gult-gult» edip, yzly-yzyna, gurak-gurak ýuwdundy-da:
― Aý, ýok, beýdip bilmez. Birinjiden-ä o hat biziň ýazýan ýönekeý hatlarymyza meňzeş däl. Özüňem gördüň-ä, hatda kagyzam üýtgeşik. Onsoňam çagaňam akyly ýeter, hatyň yz ýany Zamanyň gelşi ýaly Aždaram geläýmeginiň ahmaldygyna. Eger şeýle bolsa onda muny o-ol öňki gezekkisi ýaly iki sany ýygnak ýa berk käýinç bilen sypdyrmazlar. Göni atarlar. ― Zerkäkil başyny ýaýkady. — Ýok, ýok, o pikiriň nädogry hernäçe ýaramaz adam bolsa-da, beýdip bilmez.
Hallygözel boz-ýaz bolup aşak bakdy.
― Haram keýpiň etdirmejek zada bolmaz, Ejeş jan. Bir şeýtan ara düşensoň, onuň gözüne zat görünmeýä...
Zerkäkil gözjagazlaryny «jokgardyp» Hallygözeliň çat maňlaýyna dikdi.
― Hi-iýh, gelneje?.. O näme... nememi? Nemetjek bolýamy? Lak atjak bolýamy? Ýa atýarammy?
― Şol şum habar geleli bäri şol diýýänleriň hemmesinem edýä. Bir elini urubilenok. Maýyny tapsa, ol şondanam gaýtjak däl. Men ondan gorkýan.
― Onda näme şu çaka çenli hiç kime aýtman ýörsüň?
― Men Ejeş jan, şol haty ibereniň hakykatdanam şol bolup, şum habaryňam ýalan bolup çykmagyny isleýän.
― Näme, hiç kime aýtmanyň bilen şol şeýle bolup çykar öýdýäňmi? Göwnüme jaýlaýyn diýseňem onda, uzak eglenmäli-de, ertiriň özünde Begli aga duýduraly. «Barlap ber» diýip, haýyş edeli...
Begli aga beýle zadyň bolup bilmejekdigini, o zatlaryň hasabyny hökümediň iňňän takyk ýöredýändigini aýdyp, Hallygözeli köşeşdirjek boldy. onda-da bolmansoň, «Bäş-üç gün garaşyň» diýdi-de, raýonyň harby komissarlygyna gidip, Aždaryň «öldi» habaryny tassykladyp geldi.
Hallygözel üçin adamsy ikinji gezek ýogalan ýaly boldy.
Bir gowy zat ol bu eden işini gaýynlaryndan gizledi. Asla hiç kime-de aýtmady. Begli başlykdanam şony haýyş etdi. Birdenkä «gaýa-gopuz ýok ýerden masgara bolaýmaýyn» diýendir-dä, Begli başlyga ol «garaçomak» barada hem hiç zat aýtmady.