"Para almagyň" kodeks=madda, bölümi gerekdi. Google-lasam çykanok!
Täze eser döredýädimweli "Para almak" jenaýat kodeksinde näçinji maddaka, bilýän bolsaňyz aýdaýyň!!!
-
zumerchi
3 years ago
- 184-nji madda. Para almak
(1) Para berýäniň ýa-da oňa wekilçilik edýänleriň peýdasyna iş bitirendigi (bitirmänligi) sebäpli wezipeli adamyň hut özüniň ýa-da arada durýan adamyň üsti bilen pul, gymmatly kagyzlar, başga emläk görnüşinde para alandygy ýa-da emläk häsiýetli peýda görendigi üçin, eger şeýle işi bitirmek (bitirmezlik) wezipeli adamyň gulluk ygtyýarlyklaryna girýän bolsa ýa-da gulluk ýagdaýynyň mümkinçiligi şol işi bitirmäge (bitirmezlige) täsirini ýetirip bilýän derejede bolsa,
üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete belle bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Şonuň ýaly etmiş, eger:
a) gaýtadan edilse;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse;
ç) jogapkärli ýagdaýy eýeleýän wezipeli adam tarapyndan edilse;
d) gorkuzyp almak bilen para alynsa;
e) uly möçberde bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş, eger ol:
a) aýratyn uly möçberde;
b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, on ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik:
1. Uly möçberdäki para diýlip zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden geçýän, aýratyn uly möçberde para diýlip bolsa zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki ýüzüsinden geçýän puluň möçberi, gymmatly kagyzlaryň, gaýry emlägiň ýa-da emläk häsiýetli peýdanyň gymmaty hasap edilýär.
2. Şu Kodeksiň 184, 185 we 186 maddalarynda gaýtadan diýlip şu maddalarda göz öňünde tutulan jenaýatlardan birini ýa-da köpüsini öň eden bolsa hasap edilýär.
(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky we 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda; 2017 ý., № 2, 75-nji madda; № 3, 106-njy madda).
1841 madda. Korrupsiýa
(1) Korrupsiýa – häkimiýet ygtyýarlyklary bolan bir ýa-da birnäçe wezipeli adamlar tarapyndan aýry-aýry adamlar ýa-da adamlaryň topary bilen durnukly bikanun gatnaşyklary döretmek arkaly, döwlet gullukçylarynyň wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleri hyýanatly peýdalanmak bilen, özi ýa-da üçünji şahslar üçin pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almak maksady bilen jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine wehim salýan bilkastlaýyn hereketler edilenligi üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Şonuň ýaly etmiş guramaçylykly toparyň ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň bähbitleri üçin amala aşyrylsa ýa-da başga agyr netijelere getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, emlägini muzdsuz alyp, on iki ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik.
Korrupsiýa bilen bagly jenaýatlar diýlip pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almak maksady bilen edilen şu Kodeksiň 181-nji, 184–187-nji maddalarynda, 228-nji maddasynyň üçünji böleginiň «ç» bendinde, 229-njy maddasynyň ikinji böleginiň «ç» bendinde hem-de onuň bilen baglylykda şu maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde, 242-nji maddasynyň ikinji böleginiň «ç» bendinde we onuň bilen baglylykda şu maddanyň üçünji böleginde, 245-nji maddasynyň «ç» bendinde, 254-nji maddasynyň ikinji we dördünji bölekleriniň «ç» bentlerinde we 358-nji maddasynda görkezilen jenaýatlar hasap edilýär.
Kodekse 1841–nji maddany goşmaly 2019–njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizildi - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4,__-njy madda.
185-nji madda. Para bermek
(1) Özi ýa-da arada duran adamyň üsti bilen wezipeli adama para berene,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Şonuň ýaly etmişi gaýtadan edene,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik.
Eger para beren adam babatynda parany gorkuzyp almak bar bolsa ýa-da eger bu adam para bermek hakynda jenaýat işini gozgamaga hukugy bolan edara meýletin habar berse, para beren adam jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 75-nji madda).
186-njy madda. Para almak-bermekde arada durmak (dellalçylyk)
(1) Para almakda ýa-da bermekde arada durana,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Şonuň ýaly etmiş gaýtadan ýa-da wezipeli adam tarapyndan edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik.
Para almakda ýa-da bermekde dellalçylygy ýerine ýetirýän adam, eger para almak-bermekde arada durmak hakynda jenaýat işini gozgamaga hukugy bolan edara ýa-da wezipeli adama meýletin habar berse, ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 75-nji madda).
https://minjust.gov.tm/mcenter-single/5 ine bu ssylkasy
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- zumer! Sagbol. Taňry ýalkasyn. Hemişe şu nikde bolsaň, ýatladaý. Başardygymdan ýardam ederin👍
-
zumerchi
3 years ago
- Aha, sagbol!
yyldyz. 3 years ago- O.o batyr ýigit barmyñ senem. al o sorayanyña bilemok yone