Çinka sözi latynça ''genius'' (ruh), araplarda jyn ady berilen, göze kän görünmeýär eýmenç jyna berilen atdyr.
Fransuz professory Georges Dumezil Çinka hakynda şeýle setirleri galdyrypdyr: ''Günbatar Gruziýada ýaşaýan imeratýalylar Çinka diýip kiçijek gnoma diýýärler. Olar ýeriň astynda ýaşaýarlar, özem 27-nji Oktýabr bilen
5-nji Noýabr günlerinde orta çykýarlar. Bu gnomlara duş gelinen ýagdaýynda, olary birahat edeniň birnäçe günläp dili tutulýarmyş...''
Türkiýanyň gündogaryndaky Kamparnada şeýle aýdylýan gürrüňler bar: ''Çinka adama meňzeş gaty kiçijik barlykdyr. Edil adamlardaky ýaly sosial düzgünleri, maşynlary, hassahanalary, işleri-güýçleri bar. Kä wagtlar adamlara görünmezler, ýöne çinkalary görenler hem bar...
Adamlara musallat bolma gorkusy, bu barlyklar bilen gatnaşyk açylmazlyga çalşylýar. Çinka, adamlara garamazdan öz toplumynda ýaşaýan, kä pursatlarda göze görünýän urkaçy ýaradylan zatlardyr. Çinkanyň adamlardan tapawutly ýeri aýaklarynyň ujunyň arka tarapa öwrülen görnüşde bolmagydyr''...
Mundan başga-da Pazardaky (Afina) düşünjelere görä Çinka uzyn boýly, özem owadan, hordamsy we aýaklarynyň ujy yza bakyp duran şekilde görünýärler. Çinkalaryň ýaşaýan ýerleri derýalardaky uly daşlaryň arasyndaky gowaklardyr.
Agşam azanyndan soňra degirmenleriň (bugdaý üwelýän) töwereklerinde orta çykan çinkalar horozlar gygyranynda bolsa bukulýarlar. Laz atly obadakylar bolsa oňa Çika diýýärler.
Zgemi (Adagydurak) obasyndakylar bolsa çinka gowy ruhlar diýip düşünýärler. Uzyn saçly we owadan zenan görnüşinde görenler barmyş... Güneşli günlerde kölüň daş-töwereklerinde göze görünýän owadan ruh çagajygyň altyn sallançagyny kölüň üstünde sallaýarlar.
Arhawide çinkanyň saçyny goparan kişiniň baýlyga gowuşýandygyna ynanylýar. Pazarda bolsa agşamlaryna degirmenleriň ýanynda ýekelikde çykylmaýar.
Çinkalar adamlary derýanyň astyna alyp gidip hopukdyryp, demikdirýärler.
Eger çinkalar özleriniň tanalandyklaryna göz ýetirseler garşylaşan adamsyny öldürýärler.
Altyn magdanlaryny tapan kişilere çinkalaryň musallat bolup biljekdigi bolsa başga ynançlardyr.
Meniň pikirimçe çukazawr diýilýän eýmenç zatlar aslynda şular bolmaly... Onsoňam derýalarda adamlaryň ýitirim bolmagyna şular sebäp bolýan ýaly bolup dur...
Bu hakda siziň pikirleriňiz barmy!?
Çeşme:
Paris, Catherine (1992). Caucasologie Et Mythologie Comparee. Actes Du: COLLOQUE INTERNATIONAL DU CNRS-IVE COLLOQUE DE CA. Peeters Publishers. s. 115-119. ISBN 2877230422.
Çinkamy ýa çukazawr?
-
Jeksparro
3 years ago
- @Khanture hawo...
-
Khanture
3 years ago
- Turkceden terjime eden bolsan juyje diyenin cuce towuk juyjesi dalde gnom bolmaly, gnom, jinom....
-
Jeksparro
3 years ago
- Khanture hawa, kelläm bulam-bujarlykda ýazypdyryn, dogry şol, ýatdan çykypdyr...
-
Khanture
3 years ago
- Hmm
Khanture 3 years ago- Jeksparro bu terjimemi?